HABARLAR

Miwe galyndysy – teletin torba

Teletin torbalaryň ösümliklerden öndürilip başlanandygy barada eşidipmidiňiz? Bu torbalar ysy we durky boýunça haýwan derisinden ýasalan «kowumdaşlaryna» juda meňzeş. Bir aýratynlygy hem olaryň miwelerden we gök önümlerden ýasalanlygydyr. Bu açyş Niderland Patyşalygyndaky bezegçi-dizaýnerlere degişlidir. Täze torba «Rotterdam Fruitlizer» diýlip atlandyrylýar. Adyndan belli bolşy ýaly, dizaýnerler torbanyň bu görnüşini Rotterdam şäherindäki bazarlardan ýygnalan miwe galyndylaryndan taýýarladylar.

Gülem ösýär, güldanam

Indi ekin ekmek üçin ýeri ekstensiw ulanmagyň zerurlygy ýok. Oýlanyp tapylan täsin güldanlar ösümlik bilen bile «ösýär». Londondaky «Aýaskan» studiýasy tarapyndan döredilen güldanlaryň esasy aýratynlygy olaryň ösümlik bilen deň ösüp, ulalyp bilýänligidir. Güldanyň ösüşini onuň ýüzündäki nagyşdan bilip bolýar. Has takygy, yzygiderli ösüş netijesinde ösümlik görnüşini üýtgedýär. Onuň görnüşiniň üýtgeýşine görä, güldandaky nagyşlar hem özgerýär. Organiki we organiki däl gurluşlary birleşdirýän innowasiýa arkaly ösýän güldana isleg barha artýar. Güldanda ösümligiň köküniň hem endigan ösmegi üçin ähli şertler bar.

Iň gadymy gül tapyldy

Amerikan alymy Dewid Dilçeriň pikirine görä, Ispaniýanyň kölleriniň düýbünde ösýän gül dünýäniň iň gadymy güli bolup biler diýlip hasaplanylýar. Beýle diýmäge «Monteschia Vidalii» diýlip atlandyrylýan gülüň müňden gowrak görnüşinde geçirilen barlaglar mümkinçilik berýär. Ösümlik, aslynda, suwotuna meňzeýär, ýöne ol ýeke tohumly miwe-de berýär. Üstesine-de gülleýär.

Öýde «ýaşyl» sütün

Montreal şäheriniň ýaşaýjysy Bris Negelsiň ilkibaşdaky maksady öýüň bir böleginde miwedir gök önüm ýetişdirmekdi. Şu maksat bilen öýüň içinde giden bir gözellik emele geldi. Şeýlelikde, ol öýünde «Iýmit sütünini» döretdi. Şäherdäki ýaşaýyş ekerançylyk baradaky hyýallary çäklendirýär. Öýde ekin ýetişdirmek üçin azda-kände mümkinçilik bar hem bolsa, ondaky howa we tebigy şertler ösümligiň ýetişmegi üçin oňaýly mümkinçiligi çäklendirýär.

«Gawun kimin gollasyn...»

(Oçerk) Bu, ýaş çatynjalaryň durmuş toýunda aýdylýan arzuwlaryň içinden iň ýakymlysymyka diýýärin. Ýaşlaryň durmuşynyň gollary biri-biriniň içinden geçip, eriş-argaç bolup ýatan gawun biýarasyna meňzedilmegi, nesil daragtynyň şaha ýaýmagyndan, dowamat-dowamdan nyşan dälmidir, eýsem?! Arly ýyllap zähmet çekip, maňlaý deri bilen ösdürip ýetişdiren gawunlarynyň içinden iň ullakanyny saýlap alyp, elinde saklap duran zenany görenimde, ynha, şu oýlara berildim. Şirin-şeker gawunlar baradaky gürrüň meniň talyp ýyllarymy-da ýatlatdy.

Oba hojalygy

Bagy baryň bagty bar Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bagçylygy ösdürmäge uly üns berilýär. Edilýän aladalaryň, döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, bagçylyk bilen meşgullanýanlaryň sany barha köpelýär. Etrabymyzda tejribeli bagban adamlaryň hatarynda «Azatlyk» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Saparbaý Seýtimmetowyň adyny hormat bilen agzaýarlar. Bu bagban özüniň 1 gektar kärende ýerinde alma, armyt, garaly, erik, beýi ýaly miweli baglary ösdürip, ýetişdirip, olardan her ýyl bol hasyl alýar. Mundan başga-da bagban öz bagyndan ýerlikli peýdalanmagy hem başarýar. Ol bu ýerde kelem, badamjan, ýeralma, käşir we pomidor ýaly gök ekinleri-de ekýär. Saparbaý aga ýaş nahallary ýetişdirmek bilen hem meşgullanýar. Häzirki wagtda baglaryň töwereklerini arassalamak, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri ýerine ýetirilýär.

Bugdaýym bol — çöregim bol

Ýurdumyzda her ýyl bugdaýyň bol hasyly ýygnalýar. Azyklyk bugdaýyň bolçulygyny döretmekde, bu önümiň daşary ýurtlara hem eksport edilmegini gazanmakda Amyderýa jülgesiniň edermen gallaçylary-da ýylyň-ýylyna gowy netijeleri gazanýarlar. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hem welaýat boýunça 310 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnaldy. Däneli ekinleriň iň esasy görnüşi bugdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda alymlarymyz bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşlerini önümçilige girizmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Bugdaý esasy azyk önümlerini berýän ekinleriň hataryna girýär. Onuň azyk gymmatlylygy düzüminde ýaşaýyş üçin esasy orny tutýan örän möhüm beloklary, şeýle-de suwda eremeýän sozulgyç, çişme häsiýetli özlülik belogyny — kleýkowinany saklaýanlygy bilen uly ähmiýete eýedir. Umumy belogyň saklanylyşy bugdaý dänesinde 16—24 göterime çenli ýetýär. Özlülik belogy hamyryň çişmegi, içiniň öýjük-öýjükli bolmagy üçin ähmiýetlidir. Şeýle-de ol çöregiň tagamyny, ýokumlylygyny artdyrýar.

Üstünlige beslenýän zähmet

Bahry-Hazar bilen Jeýhunyň aralygynda, ummasyz giňişlige ýaýylyp ýatan Garagum çöli edermen maldarlarymyzyň ikinji öýi. Olaryň ýaşaýşy, durmuşy çöl meýdany, howasy, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Çöl durmuşy, maldarçylyk kesp--käri, çarwadarçylyk däp- -düzgünleri adam saýlaýar, onda-da merdi-merdanalary aýyl-saýyl edýär. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni. Kyrk çilläniň başynda ýagan gar özüniň aýazly howasy bilen geldi. Galyň düşen gar meýdany ak dona büräp, esli wagt eremän ýatdy. Öz bereket-bolçulygy bilen ýagan ýagyn welaýatymyzyň edermen, merdana, zähmetsöýer maldarlaryny has-da tijenip işlemäge, gyş aladalarynyň artmagyna getirdi. «Malym — janym» diýip işleýän maldarlarymyz gyşyň gamyny ýaz iýensoňlar dowarlary dok we ýyly gyşlatmak işlerinde bökdençlik döremedi.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Şu günler ýerleri sürmek, tekizlemek, ýapdyr-salmalary arassalamak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bol hasyl almak üçin her bir işiň wagtynda ýerine ýetirilmegi gerek. Muňa oňat düşünýän kärendeçi daýhanlar wagtyň her bir minudyny işe sarp edýärler. Işine ökde, ezber kärendeçileriň biri hem Türkmengala etrabynyň «Ruhnama» daýhan birleşiginden Patma Ballyýewadyr. Onuň bir gektar kärende ýeri bolup, bol hasyl almagy başarýar. Ol şu günki herekediň ertirki bereketdigine örän oňat düşünýär. Patma Ballyýewa şu günler gelni Gymmat bilen kärende ýerinde gowaça ekişine taýýarlyk işlerini alyp barýar.

Eşretli ýaşaýşyň özeni

Agzybirlik, jebislik, bitewülik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran bu mukaddes ýol-ýörelgäniň has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak örän ýakymlydyr. Şonuň netijesinde döwlet durmuşynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler, eýelenýän sepgitler Watanymyzyň kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen obasenagat toplumyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna uly orun berilýär.