HABARLAR

Oba hojalygyny ösdürmegiň ýokary depgini saklanmalydyr

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe söz berdi. Ministr pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bir etrapdan iki habar

ÖŇDEBARYJY KÄRENDEÇINIŇ BUÝSANJY Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň kärendeçi daýhanlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerinden bol hasyl almakda her ýyl guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Şeýle kärendeçileriň hatarynda N.Gylyjow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Oguljemal Babaýewany hem görkezmek bolar.

Tehnikalar ekişe taýýar

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda üstümizdäki ýylyň pagta hasyly baradaky Karara gol çekmegi bilen, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda işleriň depgini has-da güýçlendirildi. Welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Döwletli etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda hem ekiji tehnikalaryňdyr enjamlaryň abatlygy doly gözden geçirildi. Etrapdaky merkezi ussahanada we Dostlukdaky, Daşrabatdaky bölümlerde tehnikalardyr enjamlar täze möwsüme doly taýýar edildi. Şu ýyl gowaça ekişinde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli tehnikalaryň onlarçasy işlediler. Olaryň ählisi milli Liderimiziň tagallasy bilen soňky ýyllarda satyn alnan tehnikalardyr.

Öňde jogapkärli möwsüm

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýaz ekişine ählitaraplaýyn taýýarlykly barmagyň möhümdigi barada aýdanlaryndan we beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Ak bugdaý etrabynda möwsüme taýýarlyk işlerine has-da giň gerim berildi. Etrapda gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleriniň hiline we onuň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine aýratyn üns gönükdirilýär. Bu işde ýokary iş öndürijiligi bolan traktorlaryň 56-synyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Şonuň bilen bir hatarda tekizleýiş işleri hem barha gyzyşýar. Gowaça ekişinde tehnikalara we gurallara uly orun degişli bolup durýar. Muňa oňat düşünýän etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bejeriji ussalarydyr hünärmenleri tehnikalardyr gurallaryň abatlygyna aýratyn ähmiýet berýärler. Olar häzirki günlerde tehnikalary we gurallary doly gözden geçirýärler, zerurlyk bolan ýagdaýynda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirýärler. Munuň üçin kärhanada ähli şertler üpjün edilendir.

Meýdan işleriniň depgini artýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzyň häzirki günlerinde durmuşyň dürli ugurlarynda üstünlikli işler alnyp barylýar. Senagat, gurluşyk, medeniýet, bilim we beýleki ulgamlarda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly döwrümiziň ösüşdir özgertmelere beslenen ajaýyp günlerimizde türkmen daýhanlarynyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatdaky alyp barýan işleri hem öwgä mynasypdyr. Şu günler gallaçylar ýaşajyk maýsalaryň idegini birkemsiz ýetirýärler, pagtaçylar ýaz ekişine ykjam taýýarlyk görýärler, gök ekerançylar bolsa, saçagymyza bereket goşjak ter gök önümleriň ýetişdirmegiň aladasy bilen gümradyr. Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri hem häzirki meýdan işleriniň her birine jogapkärli çemeleşýärler. Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, etrabyň pagtaçy kärendeçileri sürüm geçirilmegi meýilleşdirilen 23 müň 400 gektar meýdanda bu işi tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar, gallaçylar bolsa, däne ekilen 41 müň gektar meýdandaky maýsalara agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edýärler.

Geljekki bol hasyly ýetişdirmegiň ýollary

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini öndürmäge uly üns berilýär. Oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň ýokarlanmagy, oba ilatynyň topraga bolan yhlasynyň artmagy, ýylyň ähli paslynda bazarlarymyzda azyk önümleriniň bol we elýeterli bolmagy bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň iş ýüzünde amala aşýandygyny subut edýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň medeniýetini gowulandyrmak, ekin dolanyşygyny ylmy esasda ýola goýmak, gowaça ekininden ýokary hilli bol hasyl almak üçin geçirilýän agrotehniki çäreleriň has kämil usullaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Gowaçany ösdürip ýetişdirmekde geçirilýän agrotehniki çäreleriň içinde tekizleýiş işleri wajyp bolup durýar. Ekin meýdanlarynyň gowy tekizlenmegi gowaçadan ýokary hasyl almagyň möhüm şertleriniň biridir. Gowaça ekiljek ýerleri oňat tekizlenende ýuwuş, tagt we ösüş suwlarynyň talabalaýyk tutulmagyny, topragyň gowy bejerilmegini, gowaçadan endigan gögeriş alynmagyny üpjün edýär. Sebäbi, meýdanyň beýikli-pesli bolmagy belli bir ýerlerde duzlaryň toplanmagyna şert döredýär. Pes ýerleri suw basmagy bilen gögeriş ýaramaz bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.

Pomidoryň bereketli hasyly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen gök önümler bilen ýylyň ähli döwründe üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, dürli gök önümler ösdürip ýetişdirmeklige ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumlary yzygider gurlup, ulanylmaga berilýär. Ter gök önümleriň köp öndürilmeginde welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Bu ýyladyşhanada iki ýyldan bäri pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, onda 4 bölüm hereket edýär. Ýyladyşhanada işler awtomatik usulda ýerine ýetirilýär. Ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, çyglylygy, howany kadaly ýagdaýda saklamak kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Bu ýerde ýaşlaryň 100-den gowragy zähmet çekip, özlerine berkidilen işleri ýokary hilli berjaý edýärler. Munuň özi bol pomidor hasylyny ösdürip ýetişdirmäge uly mümkinçilik berýär. Göreldeli işgärlerden Mekan Atamedow, Myrat Hanjykow, Baýram Aşyrow, Sapa Durdyýew dagyny görkezmek bolar.

Obasenagat toplumy: maksatlar aýdyň, wezipeler anyk

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelerine geçip, degişli yzygiderlilikde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Häkimler alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigi habar berildi.

Toprak berekede beslener

Ene ýere eýelik edýän janypkeş daýhanlarymyz üçin gyzgalaňly günler başlandy. Olar kemsiz ideg edilip, ekişe taýýar edilen topraga ilimiziň desterhanlaryna naz-nygmat, rysgal bolup doljak bereket tohumlaryny ekmäge girişýärler. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, lebaply babadaýhanlar hem häzirki pursatda aýratyn ruhubelentlik ýagdaýyny başdan geçirýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanylan welaýatlar boýunça üstümizdäki ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasynda bellenilenleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ýaly il-ýurt bähbitli wajyp işe saldamly goşant goşmak hyjuwy bilen joşýarlar. Hormatly Prezidentimiz döwlet berkararlygynyň, ýurt abadançylygynyň sarsmaz sütünleriniň biri bolan azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmek meselesine ilkinji derejeli ähmiýet bermek bilen, oba hojalyk işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy. Şunuň bilen birlikde öňden bellenilenleri abraý bilen berjaý etmek üçin önüm öndürijilere giň goldawyň berilýändigini, olaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilýändigini bellemek ýakymlydyr. Şeýle goldaw-hemaýaty e