HABARLAR

Tehnikalar özleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen zähmetkeş daýhanlarymyza ýetirilýän häzirki zaman «CLAAS» kysymly oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň tebigy şertlerinde gowy netijeler bilen işlemäge ukyplydyklaryny görkezýärler. Ýurdumyza getirilen «CLAAS» kompaniýasynyň aýratyn berk polatdan ýasalan «Lemken», «Europal» kysymly azallary bilen üpjün edilen traktorlary, «Tucano - 430» kysymly däne we şaly orujy kombaýnlary ekin meýdanlarymyzda öndürijilikli işledilýär. Bu tehnikalara erk ediji hünärmenleri taýýarlamakda biziň ýokary okuw mekdebimizde 2012-nji ýylyň noýabr aýynda açylan «CLAAS» kompaniýasynyň okuw merkeziniň ähmiýeti uludyr. Okuw merkezinde talyplara kämil tehnologiýalar we «CLAAS» tehnikalarynyň gurluşy hem-de işleýiş esaslary öwredilýär. Şeýle hem talyplarymyz ABŞ-nyň «API-agro» kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde «Case», «John Deere» kysymly traktorlaryň, däne we pagta ýygýan kombaýnlaryň gurluşyny we işleýiş aýratynlyklaryny, olara gözegçilik edilişiniň kadalaryny, sazlanyşynyň we ulanylyşynyň ýola goýluşyny, ýurdumyzyň toprak we howa şertlerimizde olardan peýdalanmagyň aýratynlyklaryny we olardan netijeli peýdalanmagyň ýollaryny, olar bilen howpsuz işlemegiň düzgünlerini öwrenýärler.

Bol pile ugrunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýüpekçilik pudagy döwrebap ösdürilýär. Piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak üçin edermen pileçilerimiz arman-ýadaman zähmet çekýärler. Biz hem golaýda Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginiň Gyzylaýak obasynda ussat pileçileriň biri Akmuhammet Karlyýew bilen söhbetdeş bolup, onuň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdyk:

Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar

Ekerançylygyň asyl mekany bolan gadymy Ahal ýaýlasynyň daýhanlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan belleniljek ýylyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Bu belent maksat ýer eýelerine häzirki jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişini depginli alyp barmaga we irki möhletde tamamlamaga ruhubelentlik berýär. Şanly ýylda 145 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, bu gymmatly ekinden 280 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýän welaýatyň pagtaçy kärendeçileri ekişi guramaçylykly dowam edýärler. Topraga taşlanýan her bir tohumyň hili we arassalygy, ekişiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilişi degişli hünärmenleriň gözegçiliginde saklanýar. Tehnikalara hyzmat ediş toparlarynyň işiniň dogry ýola goýulmagy ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagyna şert döredýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň ekiji tehnikalara erk edýän mehanizatorlary özlerine ynanylan kuwwatly «polat atlary» saz işletmekde we wagtyň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanmakda tutanýerlilik görkezýärler. Bilelikdäki tagallalar ekiş geçirilen meýdanlaryň sagatsaýyn artmagyna getirýär.

Oba hojalyk habarlary

EKIŞ GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄRGurbansoltan eje adyndaky etrabyň R.Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri hem gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Daýhan birleşigi boýunça şu ýyl 1590 gektar meýdanda gowaça ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Pagtaçy kärendeçileriň 1003 sanysy bar. Olaryň agramly bölegi uzak ýyllardan bäri pagtaçylykda netijeli işläp gelýän, tejribeli daýhanlar bolup durýar. Daýhan birleşigi boýunça gowaça ekiljek ýerleriň agramly bölegi ekiş möwsümine öz wagtynda taýýarlanyldy. Şonuň üçin hem pagtaçy kärendeçiler gowaçalaryň agramly bölegini irki möhletde ekmegi maksat edinýärler. Daýhan birleşiginde traktorlaryň 19 sanysy bolup, olar gowaça ekişi möwsüminde öndürijilikli işledilýär. Musa Garaýew, Ýazberdi Ýazmyradow ýaly mehanizatorlar öz erk edýän traktorlaryny hemişe gurat saklap, ýerine ýetirýän işleriniň hiline aýratyn ähmiýet berýärler. Bu ýerde ussat pagtaçy hökmünde tanalýan Meret Babaýew, Begenç Gurbangeldiýew dagy öz kärende ýerlerinde gowaça ekişini irki möhletde geçirmegiň hötdesinden geldiler.Maýsa ÖWEZOWA,TAP-niň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Zähmet bagta ýetirýär Daýhanlar üçin ýene bir jogapkärli möwsüm başlandy. Gowaça ekilen meýdanlarda iki gulak bolup çykan ekini otamak, ýekelemek, hatar aralaryny ýumşatmak işleri ýerine ýetirilýär.

Piläniň bol hasyly öndüriler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda halkymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda zähmet üstünliklerini, belent sepgitlerini amala aşyrmak üçin giň gerimli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamy bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan daýhanlaryň ýadawsyz aladalary özüniň oňyn netijesini berýär. Şu günler ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ýüpek gurçugyny idedýän kärendeçiler bol pile hasylyny öndürmek ugrunda aladalanýarlar. Bu ugurda tejribe toplan kärendeçileriň biri hem Baýramaly etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginden Gurbanjemal Durdyýewadyr. Ol indi birnäçe ýyl bäri gurçuk idetmek bilen meşgullanyp gelýär. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda agzybir maşgalasy bilen 30 gram gurçuk tohumyny alypdyr. Ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi bir aý töweregi dowam edýän hem bolsa hysyrdyly, jogapkärli iş bolup durýar. Muňa oňat düşünýän Gurbanjemal gelneje gurçuk saklanýan otagyň ýylylyk derejesine, arassalygyna üns berýär. Esasan hem olaryň iýmiti bolan tut ýapraklarynyň arassa hem-de ter bolmagy ugrunda aladalanýar.

Maldarçylyk hojalygynyň üstünligi

Maldarçylyk pudagyny ösdürmek we onuň gerimini has-da giňeltmek, dowarlardan sagdyn owlak-guzulary alyp, täze dowar sürülerini döretmek döwrüň möhüm talabydyr. Tagtabazar etrabynyň janypkeş maldarlary hem dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini guramaçylykly geçirdiler. Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Tagtabazar etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň başlygynyň orunbasary Penjaly Jumaýewiň gürrüň bermegine görä, etrapdaky maldarçylyk hojalyklarynyň kärende toparlarynyň yhlasly zähmeti bilen, şu möwsümde 79 müň 681 baş dowardan 73 müň 869 sany sagdyn guzy alnypdyr. Şunlukda, öňünden baglaşylan şertnamalaýyn tabşyryk 100,8 göterim amal edilipdir. Şeýle üstünligiň gazanylmagyna aýratyn saldamly goşant goşan kärende toparlarynyň çopanlary, tüweleme, az däl. Olardan bu hojalygyň 1-nji bölüminden Agageldi Gellenow, Baýram Jumagulyýew, 2-nji bölüminden Maksat Rozyýew, Begendik Oşanow, 3-nji bölüminden Jumaberdi Suhanow, Babajan Saparow, 4-nji bölüminden Rejep Aşadow, Gaýgysyz Rozyýew, Agamyrat Aganazarow, 5-nji bölüminden Akynýaz Hakberdiýew, Babageldi Babaýew, 6-njy bölüminden Baýram Hanmämmedow, Taňryberdi Gurbanow, 7-nji bölüminden Rasul Taşow, Agajuma Maksudow ýaly öz kärine ussat çopanlary görkezmek bolar.

Sagdyn köşekler

Bäherden etrabynda maldarçylyga uly üns berlip, dowarlaryň we düýeleriň baş sanyny artdyrmakda oňat görkezijilere eýe bolunýar. Häzirki günlerde etrabyň hojalyklarynda düýelerden sagdyn köşekleri almak boýunça alnyp barylýan işler has-da guwandyrýar. Öz işine yhlasly ýapyşýan maldarlar düýelerden köşek almak işini meýilnamalaýyn esasda alyp barýarlar. Aýry-aýry hojalyklaryň sarwanlary sagdyn köşekleri almakda aýratyn tapawutlanýarlar. Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginden Ýolaman Annaorazow, Garýagdy Popaýew, «Garaşsyzlyk» adyndaky daýhan birleşiginden Şageldi Saparow, Meretgeldi Saparow, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Sähet Gurbanow, dagy düýelerden sagdyn köşekleri almakda beýlekilere görelde bolýarlar. Garagum sährasynyň «Mydar», «Goşakak», «Gyzyltakyr», «Boýurganly», «Aňkar» oýlarynyň töwereklerinde düýe bakýan bu sarwanlar ýaz otunyň oňat gögeren ýaýlalarynda mallaryň ine-gana ýazlamagyny gazanmak üçin olara yhlas bilen seredýärler. Olar yhlasly işiň hemişe üstünlikleri getirýändigine pugta ynanýarlar.

Oba hojalygy we ýeňil senagat

Aklyga ýugrulan bereket «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň «Dostluk» galla önümleri kärhanasynda Lebap welaýatynyň Döwletli we Köýtendag etraplarynda ösdürilip ýetişdirilýän bugdaýdan her günde 100 tonna golaý un öndürilýär. Kärhanada öndürilen un ýokarda agzalan etraplardan başga-da, welaýatymyzyň Kerki we Hojambaz etraplarynyň ýaşaýjylaryna hem hödürlenilýär.

Mal­dar­çy­lyk — gir­de­ji­li pu­dak

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len oba ho­ja­ly­gy­nyň mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­ny yl­my esas­da döw­re­bap ös­dür­mä­ge, mal­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­lar­dan ýo­ka­ry önüm­li to­hum­la­ry ge­ti­rip, top­rak-ho­wa şert­le­ri­mi­ze uý­gun­laş­dyr­ma­ga döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň et­rap­la­ry­dyr oba­la­ryn­da döw­re­bap mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry yzy­gi­der­li gur­lup, ula­n­ma­ga be­ril­ýär. Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de, oba ho­ja­ly­gy­ny kä­mil­leş­di­rip ös­dür­mek ba­ba­tyn­da hor­mat­ly Prezidentimiziň öňe sü­ren tek­lip­le­rin­den ugur al­nyp, mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­ny hu­su­sy­laş­dyr­mak iş­le­ri tap­gyr­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mal­lar­dan alyn­ýan et, süýt hem-de ola­ryň gaý­ta­dan iş­le­nen şöh­lat, süýt önüm­le­ri her bir maş­ga­la­nyň gün­de­lik dur­mu­şyn­da mu­kad­des sa­çak­la­ryň rys­gal­dyr, be­ze­gi. Ýur­du­myz­da şeý­le ýo­ka­ry gym­mat­ly azyk önüm­le­ri­niň ba­zar bol­çu­ly­gy­ny döretmekde we dür­