HABARLAR

Daýhan bazary (Goşgular toplumy)

Ýaşuly çopanlaryň biri ogullaryna her gezek bazara baranlarynda säher bilen goýun bazaryna aýlanyp görmegi, alsalar-almasalar, satsalar-satmasalar hem mal bahalatmagy sargapdyr. Ol: «Goýun bazar pirli bazardyr, ondan döwlet ýokar» diýer eken. Goýun bazarynda

Gelin kömeleginiň ösdürilip ýetişdirilişi

Tebigatyň datly tagamlarynyň biri bolan gelin kömelegini ýylyň islendik paslynda ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmek mümkin. Gelin kömelegi köplenç, kömelekhanalarda üsti örtülgi çukurlarda, garaňkyladylan ýyladyşhanalarda we garaňky jaýlaryň tekjelerinde ýylyň dowamynda ösdürilip ýetişdirilýär. Gelin kömeleginiň tohumy 1 gezek ekilenden soň, topragyň ýüzünden ýokarda gaýçy bilen kesilip ýygylsa, 2 – 3 gezek täzeden gögerip, hasyl bermek mümkinçilikleri bolýar. Gelin kömelegi ekilenden soň, garaňky ýerde +12, +14 gradus ýylylykda, howanyň 80 – 85 göterim we topragyň 74 – 76 göterim çyglylygynda 3 – 5 günden gögerip çykýar. Gögerip çykandan soň, 1 – 2 günden ýygyma taýýar bolýar. Gelin kömelekleri 8 santimetr galyňlykdaky çüýrüntgili toprakly tekjelerde ösdürilip ýetişdirilýär. Tekjeleriň beýikligi 6 – 8 santimetrde bir-biriniň üstünde çekip almak usulynda ýerleşdirilýär. Umumy tekjeleriň sany 15 – 20 sany bolup, kömelekhananyň ortasynda inli ýol goýulýar. Ýoluň iki gapdalynda tekjeler bir-biriniň üstüne örtülen görnüşde ýerleşdirilýär.

250 gektarlyk tokaý döretdi

Şahyr Gara Seýitliýew bir agaç eken adamyň adynyň dünýä kitabyna ýazylýandygyny şygyr bilen nygtapdy. Onda 11 müň düýp nahaly ösdürip-ýetişdirip, 250 gektar ýeri tokaýa öwren adamyň ady has-da uly hormata eýe bolsa gerek. Biz bolsa, häzirlikçe onuň adyny öz habarymyzda buýsanç bilen dile getirýäris. Indoneziýaly Alasan Sadiman atly adam 11 müň düýp nahal oturdyp, takyr depeleri tokaýa öwürdi. Şeýlelikde, Ýawa şäheriniň 69 ýaşly ýaşaýjysy 250 gektar meýdany agaçdan doldurdy. Elbetde, ol bu işe ömrüniň 24 ýylyny bagyş etdi.

Bir özi 100 işi eder

Öz işlerini Kanadada alyp barýan tehnologiýa kompaniýalarynyň biri tarapyndan işlenip düzülen täze oba hojalyk roboty şeýle bir ukyply welin, onuň başarmaýan işi ýok. Hawa, ol ekini ekibem, tohumlandyrybam, dökünläbem, hatda hasyl ýygybam başarýar. Mehanizatorsyz oba hojalyk tehnikalary — traktorlardyr kombaýnlar indi juda bir uly täsinlik hem däl. Ýöne, ynha, DOT Power Platform diýlip atlandyrylýan robot tehnologiýasynyň bir özi ençeme işiň hötdesinden gelip bilýär. Adam däl diýäýmeseň, ol işine berlen «daýhan».

Äpet pomidorlar ýetişdiriler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Jorjiýa we Gresiýanyň Afina uniwersitetiniň alymlary görnüşi boýunça has uly we suwly pomidor ýetişdirmegiň usulyny tapdylar. Munuň üçin olar degişli geni işläp taýýarladylar. Ösümlikler dünýäsinde ýa-da gündelik durmuşymyzda bolsun, parhy ýok, pomidor gök-bakja önümleriniň arasynda iň zerurlarynyň biri hasaplanylýar. Ýöne gök önümleriň beýleki görnüşleri ýaly, pomidor hem taryhyň dowamynda köp sanly özgerişlere sezewar bolupdyr. Gerek bolsa, pomidoryň «ata-babalary» hasaplanylýan ösümlikler oňa asla çalymdaş hem däl. Üstesine-de, bu özgerişlik henizem dowam edýär.

Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hususyýetçiligiň eýeleýän ornunyň yzygiderli giňelmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň maldarçylyk pudagynda hususy işewürleriň gazanýan üstünlikleri hem munuň aýdyň subutnamalarydyr. Bu üstünlige welaýatymyzyň Serdar etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Kämilligiň gözbaşy» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy hem saldamly goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň pudaklarynda hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak, ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli azyk, şol sanda maldarçylyk önümleri bilen halkymyzyň bereketli saçaklarynyň bolçulygyny üpjün etmek babatda öňde goýýan anyk tabşyryklary, munuň üçin döredýän şert-mümkinçilikleri gara mallary idetmäge, olaryň baş sanyny artdyrmaga ýöriteleşdirilen bu maldarçylyk toplumynyň işiniň ýola goýulmagynyň gözbaşyna öwrüldi. Döwlet derejesinde edilýän aladalara mynasyp zähmet netijeleri bilen jogap bermegi hemişelik baş maksadyna öwren hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy süýt berijiligi ýokary bolan sygyrlaryň köpeldilmegini gazanmakda guwandyryjy tejribelere eýe bolýar. Toplumda häzirki wag

Kömelek barada täsin maglumatlar

Kömelegiň beýleki ösümliklerden tapawutlylykda tohumy bolmaýar. Aslynda, olar ösümlik hem hasaplanmaýar. Kömelekleriň köki, baldagy, ýapragy, güli, miwesi hem bolmaýar. Şol sebäpli janly organizmiň bu görnüşi haýwanlardan we ösümliklerden tapawutly bolup, kömelekleri öwrenýän ylma mikologiýa diýilýär. Kömelekler sporalar arkaly köpelýär. Kömelegiň sporasy onuň telpejiginde bolýar. Şeýle-de bolsa kömelekleriň köp görnüşi ýeriň aşagyndan bir-birleri bilen baglanyşykly bolýar.

Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň!

Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Rana Ýuldaşowa her ýyl ýüpek gurçugyny idetmekde, ondan bol pile öndürmekde oňat netijeleri gazanýar. Elbetde, bereketli pile hasylyny öndürmekde ýüpek gurçugyny tut ýapraklary bilen doly üpjün etmek esasy şertleriň biri bolup durýar. Kärendeçi zenan bu işe aýratyn ähmiýet berip, mundan üç ýyl ozal daýhan birleşigine degişli 1,5 gektar ýere tut nahallaryny oturdyp, oňa ýyllaryň dowamynda göreldeli ideg etdi. Bu günki gün kärendeçi zenanyň maşgala agzalary bilen çeken göreldeli zähmeti netijesinde şonça ýerde tut agaçlarynyň iri ýaprakly görnüşleriniň 1800 düýbi ösüp ýetişdi. — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem maşgala agzalarymyz bilen ýüpek gurçugyndan ýokary hilli pile öndürmegi göz öňünde tutýarys. Köp zähmet siňdirip ýetişdiren tut agaçlarymyz şu ýyl ýüpek gurçuklaryny tut ýapraklary bilen doly üpjün eder. Hut şunuň üçin ata-babalarymyz: «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň!» diýip, aýdan bolsalar gerek. Ýakynda ýüpek gurçuklaryny idetmäge girişdik. Olaryň iýmitiniň ýeterlik bolmagyna, saklanylýan jaýlarynyň arassaçylygyna uly ähmiýet berýäris, howasynyň kadaly ýagdaýy

Ýüpekçileriň iş-aladalary

Ýüpek gurçuklaryny idetmek işine gadymy Ahal ýaýlasynda örän jogapkärli çemeleşilýär. Welaýatyň ýüpekçi kärendeçileri şu günler özlerine paýlanan 3941 guty gurçugy talabalaýyk idetmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ideg etmek işine irgözinden taýýarlykly girişilmegi häzirki wagtda möwsümiň talabalaýyk alnyp barylmagyna şert döredýär. Möwsümiň öňüsyrasynda ýörite hünärmenleriň ýerlerde bolup, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşmagy, kärendeçiler bilen iş üstünde duşuşyp, özara pikir alyşmagy we degerli maslahatlaryny bermegi bu jogapkärli işde uly ähmiýete eýe boldy. Şoňa görä-de, häzirki günlerde kärendeçiler ýüpek gurçugynyň kadaly iýmitlendirilmegini gazanýarlar.

Maýsalar bol hasyl toplaýar

Kaka etrabynda güýzlük däne ekilen meýdanlara ideg etmek işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Etrabyň daýhan birleşikleri boýunça üstümizdäki şanly ýylyň hasyly üçin 41 müň gektarda däne ýetişdirilýär. Barha boý alýan we bol hasyla durýan maýsaly meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ýaly çäreler agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ýerine ýetirilýär. Munuň özi ekiniň bol hasyl toplamagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Häzirki agrotehniki çäreleri alyp barmakda etrabyň «Parahat», A.Tahyrow adyndaky daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri has yhlasly işleýärler. Maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ýaly möhüm işde oba hojalyk tehnikalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlar işjeňlik görkezýärler. Etrapda tehnikalary galla oragyna taýýarlamak işleri hem utgaşykly alnyp barylýar. Bu babatda etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bejeriji ussalary tarapyndan ýerine ýetirilýän işler bellenilmäge mynasypdyr.