HABARLAR

Harmanyňyza bereket, Edermen babadaýhanlar!

Welaýatymyzda galla oragyna guramaçylykly girişildi Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 2-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň uludan toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň galla oragyna girişmäge ak pata berdi. Gahryman Arkadagymyzyň zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba zähmetkeşlerine berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş hem-de täze zähmet ýeňişlerini arzuw edip, daýhanlaryň sahawatly toprakdan bol hasyl aljakdyklaryna ynam bildirmegi welaýatymyzyň gallaçylarynda hem ýokary zähmet galkynyşyny döretdi. Balkanly ýer eýeleriniň orak möwsümine ählitaraplaýyn taýýarlykly gelmekleri muny aýdyň görkezdi.

Galla — 2021

Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar! Halkymyzyň arasynda: «Ekin ekseň bugdaý ek... » diýlip aýdylýan ajaýyp söz bar. Munuň özi ak ekine — bugdaýa uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Muňa oňat düşünýän welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileri bugdaý ekilen ýerlerine eýegözin garap, bu günki günde bereketli hasyly ýetişdirdiler. Saçaklarymyza mele-myssyk çörek bolup doljak bugdaý däneleri daýhan buýsanjyny artdyrýar.

Welaýatymyzyň ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi

Rysgal çeşmesi Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny öz mynasyp sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýän welaýatymyzyň merdana ýüpekçileri her güni zähmet üstünliklerine besläp, oňat netijeleri gazanýarlar. Olar 410 tonnadan gowrak pile hasylyny taýýarlap, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Düýe maly — dünýe maly

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda kerwenler uzak ýola rowana bolanda, şol döwürleriň ulag serişdesi hökmünde ulanylan mallaryň içinde Hydyr gören hasaplanylýan düýe maly buýsanç bilen wasp edilýär. Düýe dürli işlerde ulanylmaga bolan ukyby, adamyň erkine ýeňil tabyn bolmagy, ýolsuz-ýodasyz, suwsuz, gazaply ýollara çydamlylygy, aýratyn idegi talap etmeýän, mallaryň iň güýçlüsi we az iýýän, oňňut etmäge ukyply ulag we iş maly hökmünde türkmeniň ykrar eden malydyr. Magtymguly Pyragynyň «Jan içinde» atly goşgusynda düýe şeýle taryp edilýär:

Pileçileriň zähmet ýeňşi

Türkmen ýüpekçileriniň bu günki gazanan zähmet ýeňşi halkymyzy diýseň begendirdi. Aklygy ýüzüne sylýan halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji hasylynyň aklykdan başlamagyny bereketden nyşan hasaplaýar. Ýurdumyzda örän irki döwürlerden bäri ýöredilip, ösdürilip gelinýän ýüpekçilik pudagy täze, belent derejelere göterildi. Şu ýylky öndürilen 2 müň 100 tonnadan gowrak çig pile hereket edýän we çig piläni işläp önüm öndürýän kärhanalaryň esasy çig mal gory bolup durýar. Olaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýüpek önümçilik birleşigi iň ulusy hasaplanýar. Bu kärhananyň durkuny täzelemek işleri geçirilenden soňra onuň önümçilik kuwwaty has-da artdy. Netijede, Lebap welaýaty tutuş ýurt boýunça öndürilýän piläniň ýarysyna golaýyny öndürmegi-de öz üstüne aldy. Bu ýyl hem lebaply ýüpekçiler özüniň asylly däbine wepaly bolmak bilen, 1 müň 10 tonnadan gowrak ýokary hilli piläni Watanyň uly çäjine goşdy. Ýeri gelende bellesek, welaýatyň gündogar etraplary ýüpekçilik pudagynda has-da ýokary netijelere eýe bolýar. Şu ýyl hem Kerki etrabynyň ýüpekçileri ýurdumyzda ilkinji bolup, Watana pile tabşyryp başlady. Olaryň göreldesine eýerýän Köýtendag, Halaç, Hojambaz we Döwletli etraplarynyň ýüp

Depginli ösüş — guwandyryjy netijeler

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 4-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi. Obasenagat, söwda we dokma toplumlarynda, gurluşyk, senagat, nebitgaz we energetika pudaklarynda, telekeçilikde şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işler, gazanylan netijeler ýurdumyzyň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär. Munuň özi ýurdumyzyň zähmet toparlarynyň taryhy ýylda bellenilýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp sowgatly garşylaýandygynyň alamaty. Döwlet Baştutanymyz: «Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýşi ýaly, paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülmegi, şäher bilen bäsleşýän obalarymyzyň döremegi babatda giň möçberli işleri alyp barýar. Bu babatda kabul edilen milli maksatnamalaryň ählisi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň gurluşyk-binagärlik syýasaty netijesinde, ýurdumyzda köpasyrlyk milli binagärlik däpleri häzirki zaman, döwrebap keşpler bilen sazlaşykly ösdürilýär. Paýtagt şäherimiziň we ýurdumyzyň we

Çäjiňe bereket, gallaçy!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan ýyly bagtyýar halkymyz belent zähmet ýeňişlerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen häzirki günlerde ýurdumyzda galla oragy guramaçylykly hem-de gyzgalaňly alnyp barylýar. Garaşsyz Diýarymyzyň azyk bolçulygyny döredýän edermen gallaçylar, size belent zähmet ýeňişleri ýar bolsun! Çäjiňize, harmanyňyza, ömrüňize bereket! Arkadag kalbyndan çogan zer däne

Eşretli durmuşyň höziri

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bol hasylyny almagyň özenidir.

Meýdan düşelgesindäki ruhubelentlik

Galla oragy möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde oňa gatnaşyjy zähmetkeşleriň armasyny ýetirmek maksady bilen welaýatymyzda netijeli işler alnyp barylýar. Daýhan birleşikleriniň çägindäki meýdan düşelgelerinde guralýan aýdym-sazly medeni dynç alyş dabaralary babatda hem şeýle diýmek bolar. Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde, galla meýdanynyň golaýyndaky meýdan düşelgesinde bolan dabara ýakymly duýgulara beslenen çäreleriň biri hökmünde ýatda galdy. Welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary we Medeniýet müdirligi tarapyndan bilelikde guralan dabara etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň däne orujy kombaýnlarynyň mehanizatorlary, hasyly ammarlara daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileri, gallaçy kärendeçiler gatnaşdy.

Öňdebaryjylara baýraklar garaşýar

Galla — mukaddes baýlyk, her bir maşgala ojagynyň berekedi, sahawatly topragymyzyň egsilmejek rysgal çeşmesi. Şoňa görä-de, bagtyýarlyga beslenen döwrümizde oba hojalygynyň gallaçylyk pudagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle ünsüň netijesinde güneşli Diýarymyzyň janypkeş gallaçy kärendeçileri üstümizdäki şanly ýylda hem guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdiler hem-de häzirki günlerde däne oragyny gyzgalaňly alyp barýarlar. Galla oragy jogapkärli möwsümdir. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gallany ýokary hilli, çalt we ýitgisiz ýygnamak möwsümde esasy şertleriň biridir. Şeýle bolansoň, galla oragy möwsüminiň ýokary talaplara laýyklykda alnyp barylmagy ugrundaky asylly işe jemgyýetçilik guramalary hem saldamly goşant goşýarlar. Bu ugurda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan yglan edilen zähmet bäsleşiginiň ähmiýeti uludyr. Ongünlük zähmet bäsleşiginiň welaýatymyzda galla oragyna dabaraly ýagdaýda badalga berlen gününden yglan edilmegi möwsüme gatnaşýanlarda zähmet joşgunyny döretdi.