HABARLAR

Gowaçalarda hatarara bejergi işleri

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda azyk bolçulygyny döretmek üçin esasy oba hojalyk ekinleri bolan bugdaýyň, gowaçanyň, gök we bakja ekinleriniň, miweli baglaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge hem-de maldarçylyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Gowaçadan ýokary pagta hasylyny almak üçin esasy agrotehniki çäreler, ýagny gämikler gögerip çykandan soň, hatarara bejergi işleri geçirilýär. Gowaçadan doly gögeriş alnandan soň ilkinji hatarara bejergi işleri geçirilýär, toprak ýumşadylýar.

Taýýarlyklar ýokary derejede

Boldumsaz etrabynyň gallaçylary geçen ýylyň güýzünde 22 müň 500 gektar ýerde bugdaý ekip, ýetişdirilen hasyldan şu ýyl 41 müň 550 tonna däne almagy maksat edinýärler. Etrabyň oba zähmetkeşleri şu asylly maksada ýetmek üçin möwsüme ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň we galla oragyna guramaçylykly girişmelidigine oňat düşünýärler. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda Boldumsaz etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda däne orujy kombaýnlaryň 49-sy irgözinden taýýar edilip, olar tejribeli mehanizatorlara berkidildi. Elewatorlardyr kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi, galla hasylyny daşamaga gatnaşdyryljak awtoulaglaryň sany hem kesgitlenildi. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň işgärleri gallaçy kärendeçileriň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirip, höweslendiriş çärelerini geçirmäge meýilleşdirýärler. Jogapkärli möwsümiň dowamynda geçiriljek şeýle çäreleriň däne oragynyň depginine oňyn täsirini ýetirip, kärendeçileri zähmet üstünligine ruhlandyrjakdygyna ynanýarys.

Çäjiňe bereket, gallaçy!

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 31-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 7-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 14-nji iýunynda galla oragyna hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlamaga ak pata berdi. Şonuň bilen baglylykda, geçen hepdäniň anna güni welaýatymyzda galla oragyna dili senaly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý ruhunda girişildi. Welaýatymyzda galla oragyna oňat taýýarlyklar bilen gelindi. Däne orujy tehnikalar, ammarlardyr elewatorlar, bassyrmalar, hasyly bökdençsiz daşamaga gatnaşjak awtoulaglar öňünden doly taýýarlyk ýagdaýynda goýuldy. Möwsüme gatnaşyjy degişli hünärmenler bilen hasyly ýangyndan goramak, tehniki howpsuzlygynyň düzgün-kadalaryna berk eýermek boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Galla oragyna badalga bermek bilen baglanyşykly dabaranyň öňüsyrasynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde bolan maslahatda hem şular dogrusyndaky gürrüňe aýratyn üns gönükdirildi.

Ýeralmaçylaryň zähmet üstünligi

Tomsuň ilkinji günlerinde welaýatymyzyň oba hojalykçylary ýeralma ýetişdirmek boýunça ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar ýeralmaly meýdanlardan 19 müň 778 tonna hasyl alyp, meýilnamany 100,9 göterim berjaý etdiler. Gazanylan zähmet üstünliginde welaýatymyzyň ähli etraplaryndaky edermen daýhanlaryň goşandy bar. Şunda iň uly paý Çärjew etrabynyň oba hojalykçylaryna degişlidir. Olar 6 müň 735 tonna hasyl alyp, kemala gelen harmanyň agramly bölegini amal etdiler. Göterim babatynda alnanda, iň ýokary netijäni Hojambaz etrabynyň daýhanlary gazandylar. Olar 10-njy iýuna çenli 420 tonna hasylyň ornuna 434 tonna hasyl alyp, meýilnamany 103 göterimden hem geçirip amal etdiler.

Galla oragy gyzyşýar

Şu ýylyň bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin 690 müň gektar ýer bölünip berildi. Şonça ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýlup, oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi. Galla oragy möwsüminde tutuş ýurdumyz boýunça bugdaý ýygyjy kombaýnlar, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olar gije-gündiz işlemek bilen, ekerançylaryň ýetişdiren bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam eder. Şeýle hem göçme mehaniki-abatlaýyş toparlarynyň ýüzlerçesi hyzmat edip, galla oragy möwsümine gatnaşýanlaryň ählisi üçin zerur bolan durmuş şertleri üpjün ediler, ýerlerde sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda nokatlary guralar. Oba hojalyk möwsümi üçin ulag serişdeleri, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleriniň gelip gowuşýan galla hasylynyň hilini anyklamaklary üçin barlaghanalar taýýarlanyldy.

Galla oragy — bereket bulagy

Türkmenistan döwletimizde möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler. Hususan-da, şu ýyl türkmen gallaçylaryna bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýuldy. Oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Galla hasylynyň gyzgalaňly möwsümi

Toprak daýhanyň yhlasyndan gülleýär. Yhlas siňen ýere bereket bulagy açylýar. «Herekete – bereket» diýen pähime eýerýän halkymyzyň edermen oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň işgärleri, hususyýetçiler oba hojalyk önümlerini öndürmekde, bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde, şeýle-de özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmakda egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Olar bereketli topragymyzdan öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny ýyl-ýyldan artdyrmagy maksat edinýärler. Şeýle asylly maksat bilen çekilen zähmet bolsa öz miwesini bolluk bilen eçilýär. Ak bugdaýyň Watany hasaplanýan Diýarymyzda şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gyzgalaňly möwsüm – galla oragy dowam edýär. Gallaçy daýhanlar arly ýyl yhlasly çeken zähmetiniň netijesine guwanyp ýetişdirilen bol hasyly ýygnaýarlar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň welaýatlarynda babadaýhanlaryň yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaýly meýdanlar bereket bulagy bolup, görenleriň gözlerini dokundyrýar. Olar daýhanyň göwün guşuny al-asmanda galgadyp, ýeneki üstünliklere galkyndyrýar. Bu bolsa döwletimizde ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýetilen belent sepgitler döredilen ýer gaznasyndan bölünip berlen ýer parçasynyň topragyň «diline» düşün

Ýurdumyzda galla oragyna girişildi

7-nji iýunda Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy ösdürmek, dowarlaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Oba hojalyk ministrliginiň düzüminiň täzeden guralmagy we «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň döredilmegi bellenilmäge mynasypdyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişd

Gazagystanda dünýädäki iň uly ýyladyşhana gurulýar

Gazagystanyň Türküstan sebitinde dünýädäki iň uly ýyladyşhana gurulýar. Taslamanyň birinji tapgyrynda 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýyllyk 30 müň tonna pomidor öndürmäge ukyply 50 gektardan gowrak bölegi gurlup ulanylmaga berler. Soňra bu taslamanyň ýyllyk önümçiligini 240 müň tonna, umumy meýdanyny bolsa 500 gektara çenli artdyrmak maksat edinilýär. Şeýlelikde, ol dünýädäki iň uly ýyladyşhana öwrüler. Bu taslama Russiýa Federasiýasynyň «Eko-Kultura» agroholdingi tarapyndan maýa goýuldy. Ýeri gelende bellesek, dünýä ýüzündäki ýyladyşhanalaryň umumy meýdany soňky 40 ýylda 43 esse artyp, häzirki wagtda 13,2 müň inedördül kilometre ýetdi.

Täjigistan oba hojalyk önümleriniň eksportuny 45 göterim artdyrdy

Täjigistan 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 18 ýurda oba hojalyk önümlerini eksport etdi. Bu barada ýurduň Oba hojalyk ministrligi habar berdi. Hasabat döwründe Täjigistanyň daşarky bazarlara iberen oba hojalyk önümleriniň mukdary 84,3 müň tonna deň boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 26,2 müň tonna ýa-da 45 göterim ýokarydyr.