HABARLAR

Sanly ulgam

«7/24.tm», №47 (78), 22.11.2021. Sanly ulgam we bilim

«Qualcomm» -yň paý­na­ma­la­ry ýo­kar­lan­ýar

«Qualcomm» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň söw­da­la­ry ge­çen hep­de 7,89 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, oňyn gör­ke­zi­ji­le­re eýe bol­dy. Söw­da­la­ryň ýo­kar­lan­ma­gy­na «Qualcomm»-yň baş di­rek­to­ry Kris­tia­no Ei­mon ma­ýa go­ýum iş­le­rin­de kom­pa­ni­ýa­nyň aw­tou­lag biz­ne­si­niň gel­jek 10 ýyl­da ABŞ-nyň 1 mil­liard dol­la­ryn­dan ABŞ-nyň 10 mil­liard dol­la­ry­na çen­li art­jak­dy­gy hak­da­ky çak­la­ma­sy iter­gi ber­di. Şeý­le-de ol IoT biz­ne­si­niň 2025-nji ýy­la çen­li 75% ös­jek­di­gi­ni öňe sür­di. Mag­lu­mat üçin, ýol­baş­çy­lar in­di­ki ýyl «App­le»-iň «iP­ho­ne»-la­ry üçin mo­dem­le­re bo­lan is­le­giň di­ňe 20%-niň bu kom­pa­ni­ýa ta­ra­pyn­dan üp­jün edil­jek­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Tä­ze ki­ber­howp­suz­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny hödürleýär

Ki­ber­howp­suz­lyk hyz­mat­la­ry­ny üp­jün edi­ji «Pa­lo Al­to» kom­pa­ni­ýa­sy uzak möh­let­li ösü­şe gö­nük­di­ri­len tä­ze çöz­güt­le­ri­ni işe gi­riz­di. Iň çalt ös­ýän mag­lu­mat üp­jün­çi­li­gi hyz­mat­la­ry­nyň ulgamynda iler­le­ýän kom­pa­ni­ýa te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa hem-de web hyz­mat­la­ry ba­za­ry­ny na­zar­la­ýar. Hut şu se­bäp­li-de, «Pa­lo Al­to» gel­jek­de gir­de­ji­si­niň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün edip bil­jek uly pu­dak­lar­da öň­de­ba­ry­jy bol­ma­ga ym­tyl­ýar. Bu ba­bat­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 47,76% ýo­kar­lanandygyny bellemek gerek. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Pa­lo Al­to»-nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 525,14 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

«Sier­ra Wi­re­less»-iň IoT çöz­güt­le­ri ýo­kar­lan­dy

Soň­ky aý­lar­da «Sier­ra Wi­re­less» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gym­ma­ty­nyň ozal­ky­la­ryn­dan ep-es­li ýo­kar­lan­ýan­dy­gy bi­ler­men­le­riň ün­sü­ni çek­ýär. Ge­çen hep­de kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­dan alan gir­de­ji­si ABŞ-nyň 18,9 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 30% ýo­kar­lan­dy. «Sier­ra Wi­re­less» do­wam ed­ýän 5G, yk­jam IoT we ýer­li hu­su­sy sim­siz ul­gam­la­ryň kö­me­gi bi­len, has uly sep­git­le­re ýet­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

XDR to­ru­nyň dö­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di

Ki­ber­howp­suz­lyk çöz­güt­le­ri­ni üp­jün edi­ji «CrowdSt­ri­ke» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ösüş gör­ke­zi­ji­si or­ta­ça ýag­daý­da ha­sa­ba alyn­dy. «CrowdSt­ri­ke» kom­pa­ni­ýa­sy in­ter­net saýt­la­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­ny go­ra­mak hyz­mat­la­ry­ny we beý­le­ki IT önüm­le­ri­ni üp­jün edi­ji­le­ri bi­rik­di­rip bol­jak XDR to­ru­nyň dö­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy 3% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 262,51 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

«Blink Char­ging»-iň kuw­wat­lan­dy­ry­jy­la­ry­nyň ösü­şi 20% art­dy

Elekt­rik ulag­la­ry üçin kuw­wat­lan­dy­ry­jy stan­si­ýa­la­ry ön­dü­ri­ji «Blink Char­ging» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry ge­çen hep­de 20% ýo­kar­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da ulag-ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­na bo­lan is­le­giň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de, kuw­wat­lan­dy­ry­jy stan­si­ýa­lar­dan peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny git­di­gi­çe art­ýar. «Blink Char­ging» ABŞ-da we bü­tin dün­ýä­de ener­gi­ýa aky­my­ny, nyrh­la­ry we baş­ga­la­ry do­lan­dyr­mak üçin müş­de­ri­le­re bu­lut­dan bi­ri­gip bolýan kuw­wat­lan­dy­ry­jy stan­si­ýa­la­ry­nyň ul­ga­my­ny hö­dür­le­ýär. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 44,66 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

Howp­suz­lyk en­jam­la­ry­nyň sar­gyt­la­ry­ny ha­sa­ba al­ýar

Hu­kuk go­raý­jy en­jam­lar we prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi ön­dü­ri­ji «Axon En­terp­ri­se» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­niň ne­ti­je­le­ri­ni çap et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «Axon»-yň gir­de­ji­si 39% ar­typ, ABŞ-nyň 232 mil­li­on dol­la­ry­na ýet­di. Mag­lu­mat üçin, kom­pa­ni­ýa­nyň ABŞ-nyň 500 mil­lion dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lan re­kord sar­gyt­la­ry ha­sa­ba alyn­dy. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 70% ýo­ka­ry­dyr.

«Rivian Au­to­mo­tive» köp­çü­lik­le­ýin ba­za­ra çyk­dy

Dün­ýä bel­li elekt­rik ulag kom­pa­ni­ýa­sy «Rivian Au­to­mo­tive» ge­çen hep­de köp­çü­lik­le­ýin ba­za­ra çyk­dy. «Rivian» ulag­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň mö­hüm ba­zar pa­ýy­na bil bag­la­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­li­gi bar. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň ma­ýa go­ýu­my ABŞ-nyň 120 mil­liard dol­la­ryn­dan geç­ýär. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, «Rivian» «Ama­zon»-dan sar­gyt alyp, hat­da aý­ra­tyn üp­jün edi­ji bo­lup hem bi­ler.

«For­ti­net»-iň ki­ber­howp­suz­lyk hyz­mat­la­ry iş­jeň­leş­ýär

Ki­ber­howp­suz­lyk çöz­güt­le­ri­ni üp­jün edi­ji «For­ti­net» kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen hep­de şu ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­niň ne­ti­je­le­ri­niň ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «For­ti­net»-iň üçün­ji çär­ýek­dä­ki gir­de­ji­si 33% ar­typ, ABŞ-nyň 867 mil­lion dol­la­ry­na ýet­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ös­me­gi­ne mag­lu­mat mer­ke­zi­niň dolanyşygy iter­gi ber­di. Bu önüm­ler ge­çen çär­ýek­de kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si­niň, tak­my­nan, 40%-ini eme­le ge­tir­di. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 335,13 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

«Walt Dis­ney» se­ýil­gäh­le­ri ýe­ne gir­de­ji­li

Güý­men­je mer­kez­le­ri­niň hyz­mat­la­ra gaý­dyp gel­me­gi ne­ti­je­sin­de, «Walt Dis­neý» üç aý bä­ri müş­de­ri­le­ri­ne hyz­mat edip, bu ul­gam­da tu­ruw­baş­dan gir­de­ji­si­ni art­dyr­dy. «Walt Dis­ney»-iň hü­när­men­le­ri ýa­kyn­da mow­zuk se­ýil­gäh­le­ri bö­lüm­le­rin­den ABŞ-nyň 22 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­za­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di­ler. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 158,43 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.