Geçen hepde baglaşylan şernama laýyklykda, Amerikanyň simsiz aragatnaşyk ulgamynyň operatory «American Tower» kompaniýasy gozgalmaýan emlägiň maýa goýujysy «CoreSite Realty» kompaniýasyny ABŞ-nyň 10,1 milliard dollaryna satyn alar. «American Tower» «CoreSite»-niň her paýnamasy üçin ABŞ-nyň 170 dollaryny nagt tölär. Ylalaşygyň resminama işleriniň şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda kompaniýa ABŞ-da, Meksikada, Braziliýada we Hindistanda, takmynan, 30 000 öýjükli diňlere we beýleki tehniki desgalara eýeçilik edýär.