HABARLAR

«Jaguar» logotipini üýtgetdi

«Jaguar Land Rover» kompaniýasy özüniň 90 ýyllyk logotipine üýtgeşmeler girizdi. Has dogrusy, logotipiň üç elementi üýtgedildi. Birinjiden, täze şrift, ikinjiden, haýwanyň sudurynyň üstünden geçirilen 16 sany keseligine çyzyk, üçünjiden, täze reňk palitrasy.  Şeýle-de kompaniýa J we R harplaryndan ybarat täze logotipem hödürledi.

Üç ölçegli çap ediş tehnologiýasy

Biz häzirki wagtda täze tehnologiýalaryň haýran galdyryjy tizlikdäki ösüşine öwrenişdik. Emma birnäçe ýyl mundan ozal durmuşymyzda üç ölçegli çap edijilerde gurluşyk materiallarynyň, tehniki enjamlaryň, dürli şekilleriň, hatda tutuş jaýlaryň taýýarlanylyp bilinjekdigini göz öňüne getirmeýärdik. Üç ölçegli çap edijiler gysga wagtda durmuşymyza ornaşyp, olary ulanýanlaryň sany gün-günden artýar. Şeýle tehnologiýanyň kömegi bilen çylşyrymly maketleri, ýönekeý bezeg çyralardan başlap, maşyngurluşygynda peýdalanylýan mehanizmlere, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryna çenli çap etmek mümkin. Üç ölçegli çap ediji ýöriteleşdirilen kompýuterlerde üç ölçegli nusgasy taýýarlanylan dürli görnüşdäki fiziki jisimleri öndürýän gurluşdyr. Onda önümçilik işini amala aşyrmak üçin kompýutere ýörite programma üpjünçiliginiň kömegi bilen, jisimiň üç ölçegli gurluşynyň maglumatlaryny girizmek ýeterlikdir.

Kämil bilim — kuwwatly döwlet

Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar we wezipeler öňde goýuldy hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler döredildi. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglerine laýyk kämilleşdirmäge badalga berildi. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ha

Durnukly ösüşiň innowasion ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbidini nazarlap, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen eziz Watanymyzda ýetilýän belent sepgitlere we gazanylýan uly üstünliklere tüýs ýürekden buýsanýarys. Munuň özi röwşen geljegimiziň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere bolan buýsanjymyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sanly ykdysadyýet düşünjesi tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan döwrebap hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetiň mundan beý

Hytaýyň 10 sany şäherinde 5G+ senagat Internetiň synag maksatnamasy işläp başlaýar

Hytaýyň 10 sany şäherinde 5G+ senagat Internetiň toplumlaýyn ulanylyşyny ösdürmek boýunça synag maksatnamasy işläp başlady. Nankin, Uhan, Sindao we beýleki 7 sany şäher 5G+ senagat Interneti üçin ilkinji synag şäherleri hökmünde saýlanyp alyndy. Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň (MIIT) maglumatlaryna görä, bu şäherler hem sebit, hem milli derejede täsir etjek innowasion ekoulgamlaryny hem-de 5G esasynda senagat klasterleriň ösdürilmegine gönükdiriler.

Sanly ulgam durmuşymyzda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulýar. Bu gün Bitarap döwletimiz dünýä döwletleriniň işewürlerini özüne çekýän mekana öwrüldi. Munuň aýdyň netijelerini ýakynda paýtagtymyzda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň mysalynda hem görmek bolýar. Biz hem Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli sergä gatnaşyp, «Belli Asman» hojalyk jemgyýetinde milli hünärmenlerimiz tarapyndan taýýarlanan, dünýä tejribesinde giňden ýaýran durmuş ulgamlarynyň we bazar ýerleriniň taslamasy bolan «Alaja» atly programma üpjünçiligini hödürledik. Bilşimiz ýaly, durmuş ulgamlary we bazar ýerleri ykdysadyýetde, jemgyýetçilik ulgamynda möhüm orun eýeleýär. «Alaja» programma üpjünçiligi hem maglumatlary paýlaşmaga, platformalary, habarlary we okuw materiallaryny ýaýratmaga mümkinçilik berip, maglumatyň dürli çeşmelerine elýeterliligi üpjün edýär. Ulanyjylaryň köpüsi bu çeşmeleri bilim almak, başarnyklaryny ýokarlandyrmak we peýdaly maglumatlary almak üçin ulanýarlar.

Innowasion ösüşler

Golaýda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi. Giň gerimli sergide aragatnaşyk, telekommunikasiýa pudagynda uzak möhletleýin geljege gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny hem-de taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň aragatnaşyk düzümleri we olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Bu kompaniýalar sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary, hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, bu ugurda gazanylanlar bilen tanyşdyrdylar. «Sanly geçiş: halkara dialoga we hyzmatdaşlyga ýardam etmek» atly umumy mejlisde pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri häzirki zaman telekommunikasiýalar ulgamlarynyň, maglumat üpjünçiliginiň ýagdaýyna syn, olaryň geljekki ösüşine we mümkinçiliklerine baha berdiler. Ylmy maslahat «Kommunikasiýalaryň geljekki çäkleri», «Hemra tehnologiýalary, gollanmalary we hyzmatlary: durnukly ykdysadyýetiň goldawydyr», «Etiki, inklýuziw sanly jemgyýetleri döretmek: durnukly sanlylaşmagyň strategiýasy» atly bölümçelerde hem geçirildi. Halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligin

Aragatnaşyk pudagynyň döwrebap ösüşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny ilata hödürlemek boýunça dowamly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge, döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Şol esasda hem aragatnaşyk pudagynyň gurluşy, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzda telekommunikasiýa we ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda goýýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem ösdürilýär. Şonuň bilen birlikde sanly ykdysadyýete geçmek boýunça maksatnamalaýyn wezipeler talabalaýyk alnyp barylýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin türkmen hünärmenleri öz işläp taýýarlaýan tehnologiýalarynyň binýadynda ösüşiň milli nusgasyny kemala getirmegi maksat edinip zähmet çekýärler. Şol esasda-da öňdebaryjy tejribäni içgin

Banking awtomatizasiýasy üçin çözgüt we QR Pay tehnologiýasy tanyşdyryldy

14-16-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda "Türkmentel-2024" Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. IT-senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň arasynda Colvir Software Solutions kompaniýasynyň stendi hem bardy. IT-tehnologiýa, kommunikasiýa enjamlary we aragatnaşyk pudagynda işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmagyň çäklerinde kompaniýa banking, poçta işiniň, elektron hökümetiniň awtomatizasiýasy üçin çözgütleri we QR Pay tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak meseleleri “Türkmentel-2024” sergisiniň esasy üns merkezindedi. Maliýe pudagy üçin IT-çözgütleriniň halkara üpjün edijisi bolan Colvir kompaniýasy ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň sanly transformasiýasy üçin birnäçe häzirki zaman mümkinçiliklerini hödürledi.

Innowasion ösüşiň kepili

Geçen hepdede paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu halkara forum ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça iri çäreleriň biri bolmak bilen, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýetilen sepgitleri tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik döretdi. Şu gezekki foruma halkara guramalaryň, dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýadan, Azerbaýjandan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Eýrandan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Gazagystandan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Owganystandan, Russiýadan, Türkiýeden, Şweýsariýadan, Ukrainadan önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan, IT hyzmatlaryny amala aşyrýan kompaniýalaryň, aragatnaşyk operatorlarynyň 200-den gowragynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdy. Şolaryň hatarynda «Thales», «Nokia», «Huawei», «Amazon Project Kuiper», «DELL Technologies», «Delta Telecom Ltd», «Eastwind», «Eutelsat», «Honeywell», «Juniper Networks», «Samsung», «KT Corporation», «SpaceX» we beýlekiler bar.