HABARLAR

Ojagyň öçmejek nury

Maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyz hem enelere hormat goýmak bilen halkymyza sowgat eden «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda her bir ojakda enäniň mukaddesligini aýdyp geçýär. Enäniň söýgüsi hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmajak ýakymly duýgudyr, ony ýönekeý söz bilen düşündirip bolmaýar. Ynsandaky asylly häsiýetler enäniň söýgüsinden döreýär. Enelerimiz bize elmydama görelde bolup durýar. Ene hakynda pikir ýüwürdenimizde şahyr Mämmet Seýidowyň şu goşgy setirleri ýadyma düşýär:

Baş döwletim — maşgalam

Öý her bir maşgalanyň ýaşaýan mukaddes ojagydyr. Öý-ojak, maşgala mukaddesligi hakynda söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasyndan syzylyp çykan, akyl dürüne, paýhas goruna ýugrulan ajaýyp eserlerindäki manyly setirler kalbyňy gaplap alýar. Alym Arkadagymyzyň: «... öý-ojak ynsanyň örküniň baglanan mukaddesligidir... Öý gurmak mukaddeslik ojagyny bina etmekdir. Türkmen öýi — türkmen paýhasynyň dünýä inýän giňişligidir» diýen paýhasly setirleri, öý-ojagyň türkmen maşgalasy üçin beýik mukaddeslikdigini aýdyň ýüze çykarýar. Halkymyzyň arasynda: «Öý — öwlüýä» diýlip ýöne ýere aýdylanok. Öýüň öwlüýä deňelmegi, onuň mukaddeslik saýylmagydyr. Ýurduň, jemgyýetiň tertip-düzgüni, abadançylygy, sagdynlygy, agzybirligi maşgalanyň sagdynlygyna, abadançylygyna, tertip-düzgünine, agzybirligine baglydyr. Maşgala berk bolanda jemgyýet hem berk bolýar, jemgyýet berk bolsa ýurt sarsmazdyr. Bu babatda alym Arkadagymyz: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär» diýip, örän jaýdar belleýär.

Ýatkeşligi ösdürmegiň ýollary

Ýatkeşlik ýaşaýyş-durmuşymyzda esasy zerurlyklaryň biri. Okan zadyňy, eseri we başdan geçirmeleri ýatdan çykarmazlyk gymmatly hazynadyr. Käbir zatlary ýatda saklamakda kynçylyk çekip bilersiňiz. Esasanam, soňky döwürde bu diňe bir uzak ýaşlylaryň arasynda däl, eýsem, ýaşlaryň arasynda-da ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Ýatkeşligi ösdürmegiň ýörite bejergisi ýok, onuň üçin psihologiki goldaw, özüňize bolan ynam we isleg gerek. Şeýle ýagdaýda iň möhüm zat ýatkeşligi ösdürmegiň ýollaryny gözlemekdir. Olaryň käbirleri dogrusynda aýdyp geçeliň.

Binagärligiň ussady

Ak mermere beslenip oturan gözel paýtagtymyzyň köçelerinden ýöräp barşyňa, daş-töweregiňdäki kaşaň-kaşaň, biri-birine meňzemeýän, milli öwüşginli binalary synlap, ynsanyň döredýän gözelliklerine haýran galýarsyň. Mukaddeslikleriň sanawyna girýän bina gurmak ýaly asylly iş nesillere ýadygär bolýar. Şu zatlar barada pikirlenenimde, zenan synçylygy, duýgurlygy bilen täsinlikler dünýäsini döredýän zenanlar ýadyňa düşýär. Eýsem, ajaýyp sungat eserleri bilen özüni dünýä meşhur eden bu zenan kimkä? Kazuýo Sejima 1956-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Ýaponiýanyň Ibaraki ülkesinde dünýä inýär. Agaç ussaçylygyny edýän atasynyň binagärlik we dizaýn işlerini synlamak ýaşajyk Kazuýo uly täsir edýär. Ol Ýaponiýanyň Zenanlar uniwersitetinde okaýar. Binagärçilik hünärini has içgin öwrenmegi, onuň daş-töwerek bilen yzygiderli garyşýan giňişlikleri döretmäge bolan höwesini artdyrýar.

Bölek matalardan düşekçe

Gerekmejek mata bölekleri, geýilmeýän köýnekler her bir gyz-gelinde bar bolsa gerek. Şeýle goşlardan, könelişip ulanylmaýan käbir mata böleklerinden öýleriňize ýaramly zatlary tikip bolýar. Oturgyçlaryň üsti, girelgeleriň öňi ýa-da hammamlar üçin oňaýly, ýeňil hem-de ýuwmasy aňsat düşekçeleri ýönekeýje we amatly usulda taýýarlanylýar. Düşekçeleri öz islegiňiz boýunça dürli ölçegde taýýarlap bilersiňiz.

Öý bikesi öwrense...

Gaplanan pomidor Gerekli önümler: 3 kg iri we suwly pomidor, 2 kg ownuk pomidor, 1 kg bulgar burçy, 2 tokga sarymsak, duz, şeker, ajy burç we döwülmedik gara burç..

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Sentýabr 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Hamallar hem sentýabr aýynda öz häsiýetlerindäki käbir kem-käs ýerleri düzetseler, üstünlige barýan ýoluň ep-esli bölegini geçdikleri bolar. Ilki anyk maksat goýup, soňra hereket ediň. Bu aý siziň iş ýagdaýyňyzyň birsydyrgyn bolmagyna garaşylýar. Eger bilimiňizi artdyrjak ýa-da tejribe babatda goşmaça sapaklara ýazyljak bolsaňyz aýyň başy amatly bolar. Aýyň ikinji ýarymynda ýeňil-ýelpaý isleglere aldanyp, ähmiýetsiz zatlaryň söwdasy zerarly çykdajy etmegiňiz ahmal. Sentýabrda hamallar özlerini örän oňat duýarlar. Şeýle-de bolsa aýyň ahyrynda agyr-artyk hereket etmän, köpräk dynç aljak boluň.

Mukaddeslikleriň mertebesi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş tejribelerinden susulyp alnan, döwleti dolandyrmagyň we halky söýmegiň, ukyp-zehiniň bilen il-güne hyzmat etmegiň nusgasyna öwrülen, döwrebap we uzak geljege niýetlenen syýasy pähimleri açyp görkezýän milli ýörelgelerimizden, medeni mirasymyzdan, halkyň ruhy genji-hazynasyndan söz açýan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaşlaryň durmuşyna dahylly we örän peýdaly manylary özünde jemleýän akyl-paýhas hazynasydyr. Watanymyzyň beýik taryhy — ýurdumyzyň belent tarypydyr. Ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny kämilleşdirmek we onuň gymmatyny düşündirmek mukaddes borçdur. Durmuşa düşünmegiň ýollaryny, usullaryny ata-eneler ogul-gyzlaryna kitabyň üsti bilen, şeýle-de edim-gylym, edep-terbiýe arkaly öwredýär. Olar Watany söýmegi belent borç hökmünde görüpdirler. Ýaşulularyň aýtmagyna görä, dünýäniň derdi-mähneti şu zatlardadyr. Olaryň birinjisi, ýurduňdan aýralyk, hatda ol bir sagat bolsa-da; ikinjisi bergidarlyk, ol bir teňňe bolsa-da; üçünjisi, dilegçilik ol bir däne bolsa-da. Türkmen dessanlarynda, kyssalarynda wakalar esasynda aýdylýan «Müsürde şa bolanyňdan, öz iliňde geda bol» diýen parasatly jümle hem «Watan» atly gymmatlygyň ynsan üçin nähili ezizdigini kemsiz subut edýär. Watana bolan söýgi —

KIŞMIŞLI KEKS

Süýjilikleriň arasynda ýönekeýligi we özboluşly tagamy bilen tapawutlanýan keksleriň birnäçe görnüşleri bar. Olaryň arasynda çagalyk ýyllarymyzy ýatladýan kişmişli keksiň tagamy has-da üýtgeşik bolýar. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda kişmişli keksiň taýýarlanylyşyny Siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. Gerekli önümler:

Dünýäniň ýaraşygy, manysy — ene

Mähriban ynsan Ene! Bu söz gör nähili mähriban, ajaýyp. Eneler dünýämiziň ýaraşygy, gelşigi. Dünýämiziň diregi bolan eneler janyndan jan berip, ýagty dünýä getiren perzendine mähir gujagyny gerip, ak süýdi bilen gandyryp, şirin mukama ýugrulan ajaýyp hüwdüsi bilen ony süýji uka batyrýar. Çaga ene mähri bilen dünýä inip, onuň söýgüsi, terbiýesi bilen ulalyp kemala gelýär. Çagasynyň ulalyp, kemala gelmeginde enäniň oňa siňdirýän mähir aladasyny, zähmetini ölçäp bolmaýar. Biziň gaýgymyza özümizden beter gynanyp bilýän, şatlygymyza şatlanyp bilýän ýeke-täk ynsan enedir. Ene özi iýmän iýdirýär, özi geýmän geýdirýär. Çagasyny durmuş ýoluna atarsa-da ene üçin ol elmydama çagadyr. Enelerimiz mydama çagalary üçin jan-serekdirler. Enelerimiziň «Kelläm agyrýar” diýenimizde daşymyzda kökenek bolşuny, gulpajygymyzy tasadyp bökjekläp oýnanymyzda bize guwanyşyny ýatlap söz bilen beýan eder ýaly däl. Ene mähri ýaly mähir, enäniň perzendine bolan söýgüsi ýaly arassa söýgi, ene ýüregi ýaly duýgur ýürek ýok bolsa gerek.