HABARLAR

Wagyz-nesihat çäresi

Maşgala ojagynda çaga terbiýesi Ýakynda etrabyň Mülkamaşa geňeşliginde TMÝG-niň etrap geňeşi TDP-niň etrap komiteti, TAP-nyň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi bilen bilelikde oba ýaşaýjylarynyň arasynda “Nesil terbiýesi — maşgalanyň baş galasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. “Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz” diýlişi ýaly, nesilme-nesil geçip gelýän pähimler terbiýeçilik mekdebiniň özboluşly ýollaryny goýupdyr. Edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Çaga asylly terbiýe bermekde esasy şertleriň biri-de maşgaladaky agzybirlikdir. Eneler bizi geljege ruhlandyrýan, güýç-kuwwat berýän beýiklikdir. Şonuň üçin halkymyzyň maşgala ojagynyň geljekki eýeleri boljak gyz çaganyň terbiýesine uly üns berýändigi bellenilip geçildi.

Dünýe malyna berimsiz baýlyk

Maşgala bagtyýarlygy, maşgala asudalygy dünýe malyna berimsiz baýlykdyr. Maşgala — bu uly bir institut diýsek-de bolar. Döwlet özüniň raýatlaryny jemläp, bir bitewi ýurdy emele getirýän bolsa, maşgala hem öz agzalaryny jemlemek bilen, şonuň kiçijik şahasyny emele getirýär. Döwletde akylly-başly, ylymly adamlaryň köp bolmagyna bolsa, ilki bilen, maşgala mekdebinde berlen terbiýäniň täsiri uludyr.  Bir wagtlar bir adam: «Men özümi maşgalamda rahat we şadyýan duýýandygym üçin, işimde we beýleki gatnaşyklarda bolýan kynçylyklary ýeňil kabul edýärin» diýipdir. Abram Linkoln bolsa bu barada: «Eger adam özüni öz öýünde rahat duýýan bolsa, şol adam bagtlydyr» diýip belleýär. Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalada är-aýalyň hem-de olaryň çaga terbiýesi babatdaky hukuk gatnaşyklary kesgitlenen hem bolsa, är-aýalyň birek-birege hormat goýmaklarynda, özara düşünişip ýaşamaklarynda jemgyýet tarapyndan kabul edilen — ýazylmadyk kadalaryň bardygy hukuk gatnaşyklaryň milli binýadydyr.

Ne­sil ter­bi­ýe­si

Ýaş nes­le bi­lim ber­mek bi­len bir ha­tar­da ola­ra baý ede­bi mi­ra­sy­my­zy, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi öw­ret­mek mu­gal­lym­la­ryň esa­sy bor­ju­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len, gel­je­gi­miz bo­lan ýaş­la­ryň mer­da­na pe­der­le­ri­mi­ziň ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ne we­pa­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin giň möç­ber­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şun­da ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim we ter­bi­ýe al­ma­gy, ola­ryň işi­ne ök­de hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin bi­lim ul­ga­my­nyň işi yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bil­şi­miz ýa­ly, ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şon­da ça­ga­lar­da ýag­şy häsiýetleri ke­ma­la ge­tir­mek­de türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­niň äh­li gör­nüş­le­rin­den peý­da­lan­mak bol­ýar. Halk dö­re­di­ji­li­gin­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­lar­dan asyr­la­ra ge­çip gel­ýän gym­mat­ly dur­muş tej­ri­be­si be­ýan edil­ýär. Ro­wa­ýat­lar, tym­sal­lar, na­kyl­lar ter­bi­ýe­çi­lik işin­de deň­siz-taý­syz öwüt-ne­si­hat gu­ra­ly­dyr. Adam­zat dur­mu­şyn­da ga­bat gel­ý

Enäniň dünýäsi bagta deňelýär

Enäniň dünýäsi bagta meňzeşdir. Hawa, hawa, bagt düşünjesi öz gözbaşyny eneleriň kalbyndan alandyr. Şonuň üçinem eneler mähri hem dünýäsi bilen biziň ýüreklerimiziň törüne aýratyn sypaýyçylygy, mähremligi bagyş edýändirler. Men ejemi kalbyma iň ýakyn ynsan saýýaryn. Onuň gursagyndan dömüp duran mähir çeşmesi hakykatdanam, keremli güýje eýe ýaly. Käteler alňasasam ýa-da aljyrasam, has takygy, «Kelebiň ujuny tapman» çykgynsyz ýagdaýa düşsem, ejeme jaň edýärin ýa-da dessine onuň ýanyna rowana bolýaryn. Ol maňa şeýle bir mähribanlyk bilen öwüt berýär welin, ähli zat gülala-güllük bolýar duruberýär. Ozalam bir danadan: «Dünýäde seniň üçin iň eziz ynsan kim?» — diýip sorapdyrlar. Ol dessine: «Ejem» — diýip jogap berenmiş. «Doganlaryň, kakaň näme?» diýseler: «Olar meň başymyň galasy, ejem bolsa ýüregimiň galasy, ýüregiň galaly bolmasa, başyň galasynyň goragy ygtybarly bolmaz» diýip, jogap berenmiş. Görýäňizmi, şu tymsalyň özeninde neneňsi hakykat, neneňsi many basyrylgy?! Eneleriň muhabbeti ýürekleriň dogasy, dertleriň melhemi. Şonuň üçinem eneleriň dünýäsi bagta deňelýär.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi hem terbiýe

2-nji iýunda paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen dabarasy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden taýdan sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, çagalaryň boş wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ata Watanymyzda ähli tagallalar edilýär. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň sany barha artýar. Döwletimiz ýaş türkmenistanlylaryň tomusky dynç alyş möwsümini oňat geçirmegi, Köpetdagyň ajaýyp jülgelerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin alada edýär.

Jaýdar aýdylýan söze gulak sal!

Mähriban çagalar! Multfilm gahrymanlarynyň aýdan bu jümleleri size köp zady ýatladyp biler. Bulara tomaşa edeniňizde üns bermedik bolmagyňyz ahmal. Ýöne multfilm gahrymanlary käte çylşyrymly durmuş sowallaryna sadaja dilde jogap beräýýärler. Indiki gezek siz hem şeýle jümleleri ýazyp almagy unutmaň! — Bolmanda synanyşyp görmeli.

Zenanlar guramasynda

MAŞGALA BAGTYÝARLYGYNYŇ WASPY Hormatly Arkadagymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ajaýyp günlerinde elimize gowşan «Ömrümiň manysy» atly kitaby tutuş halkymyzda guwanç, buýsanç duýgularyny döretdi. Kitapda beýan edilýän wakalar her bir ynsana ömür menzilleri hakynda içgin oýlanyp, şu gününe, geljegine bolan garaýyşlary, pikirleri barada çynlakaý oýlanmaga ýardam berýär. Çünki ynsan ömrüniň manysy ýaşalan günler bilen däl-de, bitirilen işler bilen kesgitlenilýär. Gymmatly eserde beýan edilýän durmuşy wakalary ýaşlara, halkymyza giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda birnäçe bäsleşikler geçirilýär.

Ýurduň röwşen geljegi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalar aýratyn goldaw bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ata Watanymyzda çagalary diňe bir milli ruhy gymmatlyklar bilen däl-de, eýsem, umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge gönükdirilýändigi aýdyň duýulýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara çaga festiwallaryna, intellektual bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna dünýäniň köp ýurtlarynyň çagalarynyň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaş nesil babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýandygyny tassyklaýar. Ösüşiň häzirki tapgyrynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli, işjeň ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy barha giňeýär. Eneleriň we çagalaryň hukugyny, saglygyny goramak, ýaş nesillere belent ahlak, demokratik ýörelgeler esasynda terbiýe hem-de bilim bermek maksady bilen, halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola go

Çaga hakynda

Söýülýän çagalar wagty gelip söýmegi başarýan ynsanlara öwrülýärler. Konfusiý.

Agzybir maşgala — jebis jemgyýet

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmekde, adamyň ömrüni hem-de saglygyny goramak babatda döwlet syýasatymyzy has-da ilerletmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde täze wezipeleri kesgitledi. Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ýokary tutupdyrlar. Häzirki günlerimizde hem ogul öýerip, gyz çykarjak bolnanda, guda tarapyň maşgala agzybirligine, abadançylygyna, şol maşgalanyň il arasyndaky abraýyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem türkmenlerde «Maşgalam — baş galam» diýen söz hemişe ýörgünli. Jemgyýetiň başlangyç topary bolan maşgala mukaddes ojak hasaplanylýar. Halk arasynda «Maşgalalar näçe agzybir bolsa, jemgyýet hem şonça jebisdir» diýilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.