HABARLAR

Süýji ýatlamalarym — çagalyk ýyllarym

Çagalygy bagtyýarlykda geçen ynsanyň durmuşyň islendik pursatlarynda hem aljyraman, dogry hem mynasyp baş alyp çykyp bilýändigi subut edilen hakykat. Aslynda-ha, adam durmuşda hemişe diýen ýaly, bagtly bolmagyň açaryny gözläp gezýär. Emma ol açaryň birwagtlar geçip giden çagalygynda gizlengi ýatandygyna welin, känbir düşünmeýär. Böwrümizi diňläp, üns bilen mazaly pikirlenip görsek, hakykatdan hem bize şatlyk berýän duýgularyň ýaşalmaly däl-de, ýaşalan günlerden gözbaş alyp gaýdýandygyna düşünmek kyn däl. Ýöne ynsanyň köňli hergiz görmedik ýerlerine, eşitmedik sözlerine, ýöremedik ýollaryna höwesgär. Şeýle-de bolsa, biz entek duýup görmedik ýagdaýlarymyzyň nätanyş lezzetinden bagtly bolup bilemzok. Durmuş bu, käteler seniň çagalykda ürç edip diňlän ýa hiňlenen aýdymyň tötänleýin gulaga kaklyşyp gidýär. Ýa-da çagakaň hezil edip okan söýgüli kitabyňa gabat gelýärsiň. Çaga wagtyň halap iýen tagamlaryň, okan kitaplaryň, gören filmleriň göz öňüňde janlanan wagty, şol pursat seni bagtyýar çagalygyňa tarap «uçuryp» goýberýär. Görsene, şat geçen çagalyk seni orta ýaşdan soňam bagtyýar edip biljek ekeni.

Ene bagty

Ene bilen perzendiň arasyndaky baglanyşyk göze görünmeýän duýgy tarlary bilen dartylyp duransoň, perzendi nirä gitse, ene ýüregi hem şol tarapadyr. * * *

Çaga niýetlenen öňlük

Öňlük çaga üçin möhüm zatlaryň biridir. Ol çaganyň eşigini arassa saklamak maksady bilen, şeýle-de döşüniň öllenmezligi üçin ulanylýar. Häzirki wagtda şeýle öňlükleriň dürli matalardan hem-de silikondan taýýarlanylýan görnüşlerine gabat gelýäris. Elbetde, körpelere taýýar önümleri satyn alyp geýdirmek has aňsat, emma olar ejeleriň elleri bilen tikilse, başgaça bolýar. Geliň, şeýle naşyja öňlükleriň tikilişiniň aňsat usulyny öwreneliň. Gerekli esbaplar:

Reňkli eşikleriň reňkini nähili goramaly?

Egin-eşikleriň reňkleriniň solmazlygy üçin olary mümkin boldugyça, dogry ýuwmaly we guratmaly. Ýuwmazdan ozal, önümiň (matanyň ýa-da egin-eşikleriň) kärhana tarapyndan bellenilýän belliklerine üns bermeli. * * *

Öý bikesi öwrense...

Ýeralmaly işdäaçar Gerekli önümler: 300 g ýeralma, 3 sany ýumurtga, 50 g gaýmak, ýarym desse gök sogan we şibit, islege görä, duz, burç.

Ýyldyzlar näme diýýär? Dekabr 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Dekabr hamallara ýakymly özgerişligi wada berýär. Esasy ýatda saklamaly zat: işde täze pikirdeşleri gözläň, söýgi bilen dostlukda bolsa öňki gatnaşyklaryňyza wepaly boluň. Bu aý diplomat häsiýetiňiz sizi diňe bir düşünişmezlikden goraman, eýsem, öz maksadyňyza tiz ýetmegiňize hem kömek eder. Döredijilik ukybyňyza çäk goýmaň. Ol size işiňizde kämilleşmäge ýardam eder. Garaz, sabyrly bolup garaşmagy başarsaňyz, dekabryň size taýýarlan sowgady az däl. Girdeji babatda hem bu aý hamallaryňky şowuna. Olar ýa-ha goşmaça aýlyk ýa-da sowgat görnüşli pul baýragyna eýe bolarlar.

Döwletli maşgala

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan:— Türkmen hemişe köp çagalylygy gowy gören milletdir. Şuňa görä, köp çagaly maşgala «döwletli maşgala» diýlipdir. Arkadag şäherine «Baky bagtyýarlygyň şäheri» diýilmegi ýöne ýerden däl. Täze, owadan jaýlardan nesibesi bolanlar, edara-kärhanalarda zähmet çekýänler aňrybaş mümkinçiligiň hözirini görýärler. Iň ýokary amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa, elbetde, höziri aýry. Ir bilen öýüňden işe diýip çykanyňda, dag eteginiň arassa howasyndan dem alaýyn hem biraz gezelenç bolar diýip pyýadalaýanyňda hem işiňden gijä galar aladaň ýok. Tas işiň üstünden örýäň diýen ýaly.

Agzybir maşgala — kuwwatly Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli dünýä nusgalyk beýik işleriniň netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet hakyndaky arzuwy hasyl boldy. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar raýatlary halal zähmetiň hözirini görüp, asuda, abadan durmuşda agzybir ýaşaýarlar. Asyrlarboýy başyndan geçiren gowgalary, çylşyrymly taryhy wakalary türkmen halkynda durnukly milli häsiýetleri kemala getiripdir. Türkmen hut öz bedewini seýisleýşi ýaly, halysyny sünnäleýşi ýaly, öz nesline edep-terbiýe bermegi we şonuň netijesinde özünde asylly milli häsiýetleridir endikleri hem kämilligiň ýokary derejesine çykarmagy başarypdyr.

Lotos güli

Gerekli esbaplar: • Gaty kagyz,

«Güljagaz» tagamy

Gerekli önümler: • 400 gram hamyr,