HABARLAR

Edep-terbiýäniň gözbaşy

Adamzat durmuşynyň bezegi mähriban ene. Çaga dil bitende ilki sözlän sözi hem enedir. Enäniň hem her bir sözi alkyşy, päk arzuwy, her jümlesi perzendiniň sag-salamat gezmegi hakynda. Ene hakynda gürrüň edilende Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly çuň parasata ýugrulan kitaby hakydaňa gelýär. Kitap her bir adam üçin gymmatly ruhy çeşme. Kitapda nygtalyşy ýaly, enäniň hüwdüsi körpesiniň rahatlygydyr, şirin mukamdyr, ýagty umytlardyr. Perzendiniň körpelikden başlap, tä ulalýança eden her bir hereketine, üstünligine guwanýan ene onuň ukybyny ösdürip, başarnygyny kemala getirýär. Enäniň yhlas bilen öwreden goşgudyr aýdymy çaganyň ýadynda hemişelik galýar. Perzendiniň eline galam berip, hat ýazmagy, harpy okamagy-da ürç edip öwredýän enedir. Ene harplygy näçe çagasy bolsa, şonça gezegem okaýar. Ene edep-terbiýäniň, göreldäniň gözbaşy. Ýagşy gylyk-häsiýet ene öwüdiniň, göreldesiniň gözbaşy. Ula-kiçä hormat goýmagy, dogry sözlüligi, adamkärçiligi, ynsaply bolmagy, umuman, adamy bezeýän häsiýetleriň ählisini ene perzendine ýaşlygyndan öwredýär. Gyzyna el hünärini öwredip, tikin işlerine ugrukdyrýanam ene. Şu günki gün ene-mamalarymyzyň ýardamy bilen öwredilen el hünäri müňlerçe gelin-gyzlarymyzyň zehinine ýugrulyp, döwrebap

ÇAGANYŇ KEMALA GELMEGINDE ENE-ATANYŇ ORNY

Çaga ertekileri okamak, kitapdan goşgy okamak, olar bilen beýan edilýän gahrymanlar barada söhbetdeş bolmak köp wagty talap edýän hem bolsa, şeýle hereketler onuň sazlaşykly ösüşi üçin zerurdyr. Çaga gören we eşiden zatlaryny hökman gaýtalaýar. Eserleri ýatda saklap, beýnisini türgenleşdirýär. Häzirki ösen tehnologiýalar zamanynda kompýuterler, planşetler, ykjam telefonlar adamzadyň durmuşyna barha işjeň aralaşýar. Bu ýagdaý, bir tarapdan, çylşyrymly, uzak wagty talap edýän işleri çalt hem-de aňsat ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär, beýleki bir tarapdan, olaryň kadadan artyk ýa-da nädogry ulanylmagy ilatyň, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy bilen bagly birnäçe meseleleri orta çykarýar.

Maşgala abadançylygynyň berk binýady

Mamam mamla (durmuş pursatlary)

Käte hyýalymda gamsyz çagalygymyň gujagyna dolanmak edähedim bar. Şol pursat kalbymda gunçalan höweslerimiň arzuwlara öwrülendigini sahaplanan durmuş kitabyndan edil ýanynda ýaly görüp oturmaly. Ine, ömrüme okap, tamamlap bilmejek şol kitabyň ýakymly ýatlamalary bu gezek meni Bamy obasyndan çykardy. Demir ýoluň ýakasy. Gijäniň gara saçynyň çalaryp ugran uçurlary, oba zenanlary sygryny «höwlümläp», bedresiniň düýbüni süýt bilen örtüpdi. Mamamlaryň sygry ýuwaş bolansoň, ejem şol gün ony özüniň sagjakdygyny aýdyp, daýzamyň elinden gabyny alypdy. Üzüm dalbarynyň astyndaky sekide ýorganymdan yşyklap, ukudan ganmadyk gözlerimi açalak-ýumalaklap, ejemiň her bir ädimini sypdyrmazlyga çalyşýardym. Daňyň alagaraňkylygy ähli zady saýgardybam baranokdy. Käbämiň elleriniň sazlaşykly hereketine demir gap «wyzt-wyzt» edip, guşlaryň jürküldisine, mal-garanyň uly obanyň ynsanlaryny oýaryjy sesine garylyp, säher simfoniýasyny döredipdi. Bedräniň agzyny gyrpaklap duran akja köpüklere gözüm düşen bada aşgazanym özümden öň dillenipdi. Mamam aýtmyşlaýyn, oba säheriniň gönezligi şol köpükler bolmalymyş. Öýüň güneý tarapynda atylan keçäniň üstünde ertiri garşylap, demini alan çaýyny süzüp oturan mamam «sandyk bagşysyndan» «Ýylgaýlar» sazyny diňleýärdi. Çaýyny i

Edep başy zähmetde

Halkymyz edepli perzent ýetişdiren ene-atany eden yhlasy ýerine düşen, azaby gowşan bagtly maşgala hasap edýär. Hakykatdan-da, edepli ogul-gyz ene-atanyň buýsanjy, iliň guwanjy bolýar. Ilhalar perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek ene-atadan irginsiz zähmeti, gaýduwsyz yhlasdyr aladany, akyldyr paýhasy, sabyrdyr kanagaty talap edýär. Perzent — her bir maşgalanyň baş arzuwy. Çagalar — her bir ojagyň ody, durmuşyň dowamy, ýürekleriň örki, göwünleriň görki. Çagalary ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli edip ýetişdirmek üçin döwletimiz tarapyndan hem uly tagallalar edilýär. Ekilen bagyň hasylynyň onuň idegine bagly bolşy ýaly, perzentler hem görkezen edep-terbiýäňden özüne geregini alyp kemala gelýär.

Çagany ýaşdan diýipdirler

Çaga tebiýesi hakynda, elbetde, her kimiň öz garaýşy bar. Ol garaýyşlaryň kemala gelmegine bolsa, adatça, ene-atanyň özüniň ene-atasyndan alan terbiýesi, şahsy we tanaýan adamlarynyň durmuşy täsirini ýetirýär. Käbirleri çaganyň geljekde öz garaýşynyň bolmagy, özbaşdaklygy öwrenmegi üçin ene-atanyň onuň bilen deň hörpden gopmagyny öňe sürýärler. Çagany öz ugruna kowmagy ündeýärler. Emma men arada bir kiçijik waka şaýat boldum we her nähili bolanda hem çaga terbiýesinde ene-atanyň hem öz diýenini gögertmeli pursatlarynyň bolýandygyna göz ýetirdim.

Durmuş şeýle diýýärler... (oýlanma)

«Ýok, ýok» diýdim. «Sen öte ýuwaş gelýäň. Durmuş gurjak ýigidiň birneme dogumly, gepe çeper bolsa ýagşy. Ol seni we maşgalaňy gorap bilmeli, ýogsam, durmuş diýeniň çarkandakly ýol diýmeýärlermi näme?! Durmuş hakda kimi gürletseň şeýle diýýär... Durmuş durşy bilen çarkandakly bolsa, özem gaty agyr bolsa... Seniň bu bolşuň bilen, biz ony alyp çykyp bilmeris. «Käbir gyzlar ýaly, men birneme dogumly bolsadym... Belki, ýöne men olam däl» diýdim. «Seniň bu sadalygyň, ýuwaşlygyň bilen ol diýilýän durmuş bize eýgertmez» diýip, ýene gaýtaladym. Bu sözleri biriniň ýüzüne basyp, gönümel aýdyp bilmäge-de güýç gerek ahyryn. Ýöne men welin, şol pursat seniň ýanyňda özümi gaty dogumly alyp barypdym. Pert-pert gürläpdim. Görüp otursam, şol wagtam seniň maňa bolan söýgiňden güýç alyp, şol sözleri dile getiren ekenim. Sen bolsa gürläp başladygym, asyl ýeke agyz gürlemän, doňup galardyň. Men aýdasymyň gelýän zatlaryny birin-birin aýdypdym, birden göwnüňe degýän bolaýmaýyn diýip, pikir hem etmändirin. Indi käteler şol sözlerim üçinem ötünç soraýasym gelip gidýär. Emma şol wagt, uly iş bitiren mysaly, hoşlaşyp, ol ýerden uzaklaşypdym. Sen welin, şondan soňam esli wagt yzymdan garap galypdyň... * * *

Bagtyň açary

Ir döwür enemleriň ýaşaýan obasynda Seýit atly bir ýigit, täze öýlenenligine garamazdan, gelniniň rugsadyny beripdir diýip, gürrüň etdiler. Çaga-da bolsam, enemiň beren gürrüňlerini eşidip, juda gynananymy bilýärin. Seýit:

Tozgalap ýaganda gyşyň ak gary... (oýlanma)

Mawy asmandan tozgalap ýagýan akja garlar menden has uzakda ýaşaýan mähribanlarymy ýada salýar. Ejem bilen bagly wakalar göz öňümde janlanýar. Wagtyň geçäýşini! Gulpagymy tasadyp, agalarymyň yzynda howluda iki-ýana ylgap oýnaýan günlerim ýaňy ýalydy. Sen: «Gyzym, gyz çaga biş-düş, tikin-çatyn bilen bolar. Hany, gel, maňa kömekleş» diýip, oýnap ýören ýerimden öýe salardyň. Soň-soňlar özümem seniň ýanyňdan aýrylmadym. Soňra bileje nahar bişirip, tikin edenimizde, haly dokanymyzda, sen durmuşyňy şeýle süýjülik bilen gürrüň bererdiň welin, näçe diňlesem-de, şirin hüwdä meňzeş ýakymly owazyňdan ganmazdym. Gyş paslyny has gowy görýändigiňi aýdyp: «Bu pasylda sen doguldyň, gyzym!» diýip, meni mähribanlyk bilen bagryňa basardyň. Her gezek bereketli güýz pasly öz ornuny gyşa berip, ene ýeri ak gar örtende, seniň bilen bagly şol wakalar serimden geçýär. Belki, senem şeýlesiň. Ykbalyň emri bilen gaýry ýurda düşen garry atamyň ojagyny saklap oturyşyňa, ilki ýokary okuw mekdebi diýip Türkmenistana gaýdyp, soňra-da ykbaly ata ýurduň bir perzendi bilen baglanyp, bu mukaddes toprakda ömürlik galan ýeke gyzyň baradaky ýatlamalar bilen ýaşaýansyň. Alty ogluň içinde ulalan ýeke gyz perzendiňi her gar ýaganda ýatlaýanyňy bilýän, eje jan!

Peýdaly maslahatlar

Eger-de mis gabyň ýüzünde tegmiller peýda bolsa, onda mata bölejiginiň ýüzüne ketçup çalyň, soňra duz sepiň. Mata bölejigini tegmil aýrylýança sürtüň. Şeýtseňiz, gabyňyz täze ýaly bolar. * * *