HABARLAR

Ýurt abatlygyna barabar gymmatlyk

Maşgala mukaddesligi — ýaşaýyşda ähli zatdan ilerde tutulýan gymmatlyklaryň biri. Şonuň üçin hem ony goramak sagdyn ösýän jemgyýetiň wekili hökmünde her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Bu işe kazyýet işgärleri hem öz goşandyny goşýarlar. Ýakynda Türkmenabat şäher kazyýetinde geçirilen «Maşgala mukaddesligi ýurduň abatlygydyr» atly maslahat hem şu meselä bagyşlandy. Oňa hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşulular gatnaşdylar.

Ýapraklary ýygnalyň, şekilleri ýasalyň!

Mähriban çagalar, güýz paslynyň bezegi agaçlardaky ýapraklaryň altynsow reňki, olaryň tänip ýere düşüşidir. Şol güýz ýapraklaryndan dürli şekilleri ýasamak gyzykly bolsa gerek. Geliň, žurnalymyzyň şu sanynda güýz ýapraklaryndan dürli haýwanjyklaryň şekillerini ýasalyň! Gerekli esbaplar:

Ýumurtgaly ertirlik

Gerekli önümler: • 3 sany ýumurtga,

Oýlan, pikirlen!

Krossword

Maşgala mertebesi — pederleriň ýörelgesi

Asylly ýörelge — görelde mekdebi

Her bir halkda maşgala ojagy mukaddes saýylýar. Halkymyzda maşgala mukaddesligi aýratyn ähmiýete eýedir. Çaganyň maşgalada alýan terbiýesi geljekde öwreniljek bilim-terbiýäniň özeni hasaplanýar. Maşgalada agzybirlik, jebislik, sabyr-kanagat jemlenýär. Olaryň birleşen ýerinde islendik bir meseläni çözmek bolýar. Maşgalada ata-enäniň orny mukaddes hasaplanýar. Olaryň berýän nesihatlary, wesýetleri çagalarynyň durmuşynda, geljekki işlerinde nusga alarlyk taýýar durmuş sapaklary bolup durýar. Ata-eneler çagalarynyň kynçylyklardan baş alyp çykmagynyň ýollaryny diňe pikirlenip, ýedi ölçäp, bir kesmek esasynda amala aşyryp boljakdygyny öwran-öwran ýatladyp durýarlar.

Ýaş şäheriň gojasy

Ýaşulusyna geňeş salyp, olary sylap, nesillere görelde bolup gelen türkmen halky zandy edepli diýilýänlerden. Maşgala, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda uly orun degişli bolan ýaşuly nesliň wekillerine şu günki ýaş nesliň hem sarpasy uludyr. Çünki ýaşulular görüm-görelde mekdebidir. Aýdymda «Ýaşlaryň arasynda garrylar gerek» diýilmesi hem ýöne ýerden däl. Eşretli zamanyň hözirini görüp ýaşaýan togsany erňekläberen Şamyrat Nazarow hem Arkadag şäheriniň iň ýaşy uly ýaşaýjysy. Tüweleme, dört ogul, alty gyzy il hataryna goşan Şamyrat aganyň kyrk üç agtygy, ýetmiş dört çowlugy bar. — Şamyrat aga, ýurt garşy alsyn!

Nesil terbiýesi — pederleriň paýhasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil barada edilýän aladalar giň gerime eýe bolýar. Çünki sagdyn ruhly, berk bedenli, sagdyn pikirlenmegi başarýan her bir ýaş nesil ýurduň geljegi hasaplanýar. Döwletimiziň Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkidýän, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen aýdyň maksatlarda, ýurdumyz we dünýä derejesinde gazanylýan üstünliklerde jemgyýetimiziň esasy bölegini düzýän ýaşlaryň orny diýseň uludyr. Ruhubelent ýaş nesiller — ata Watanymyzyň ezizliginiň hem-de mukaddesliginiň berk binýadydyr.

Ýaraşygy bu dünýäň

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka, dünýämiz doludyr. Mertler Watany beýgeldýär, Watan hem öz ogullaryny beýgeldýär. Şol beýikligi bolsa, ilki bilen, mähribanlyk döredýär. Mähribanlyk bilen ynsana dünýäni söýmek duýgusy ornaýar. Ol duýgy eneden gaýdýar. Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr». Dünýä ineniňden mähriban ynsana gözüň düşýär, mana düşünmeseň-de, mährem seredişi, ýüzüňe gülüp bakyp aýdýan şirin sözleri, söýgüläp üwreýşi onuň saňa iň golaý ynsandygyny duýdurýar. Ilkinji sözümiziň eneden başlanýandygy üçinmi, bu söz hemişe diliň senasy bolup, tä ömrüň ahyryna çenli gursagyňda ýaňlanyp durýar.

Mähribanlygy mertebeläp

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze eseri bilen serpaýlamagy bagtyýar hem agzybir ilimizi uly ruhubelentlige atardy. Her bir döwür jemgyýetiň ösüşinde yz galdyrýan täze gymmatlyklary, şol gymmatlyklary dörediji şahsyýetleri öňe çykarýar. Ol gymmatlyklar diňe bir şu günki jemgyýetiň ösüşi däl, eýsem, geljekki nesliň ýaşaýyş mümkinçilikleriniň kuwwatly bolmagyna hem täsir edýär. Olar uly terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Tebigy zehinini, başarnygyny adamzat durmuşyna oňyn täsir ýetirjek haýyrly işlere bagyşlan şahsyýetler öz adyny taryha ýazmak bilen birlikde, milletiň mertebesini belende göterýärler, ýurduň ösüşine, nesilleriň terbiýesine oňyn täsir edýärler. Gahryman Arkadagymyz täze edebi-filosofik eserinde ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýatlamalary, gymmatly pikir-garaýyşlary hakynda söhbet edýär. Mähriban Arkadagymyz täze kitabynda halkymyzyň milli ýörelgeleri, gymmatlyklary, aýratynlyklary, olary ýaş nesli döwrüň ruhuna laýyk terbiýelemekde peýdalanmagyň maksatlary barada hem giňişleýin pikir ýöredýär. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň «Watan — enäniň kalby» atly bölümini okaýarkaň, Watan mukaddesligi, ene-ata mähribanlygy, olara hormat-sarpanyň, gadyr-gymmatyň ähmiýeti ruhuňa ornaýar. Gahryman Arkadagymyzy