HABARLAR

Mährinden mähir tapanym

Halkymyzyň ýaşuly nesillerimiz hakynda: «Garry—öýüň gaznasy», «Gojam bar—goragym bar», «Geňeşseň goja bilen geňeş» ýaly birnäçe aýtgylary döretmeginiň aňyrsynda durmuş tejribesi bar. Hojalykda köpi gören goja nesilleriň bolmagy maşgalanyň goragydyr. Olaryň ajyny-süýjini gören gözleri ähli zady bilip, her bir meseläni adalat terezisi mysaly ölçäp durandyr. Olar öýde maşgala agzalarynyň hüý-häsiýetine, başarnygyna beletdir. Ýaşuly nesillerimiziň ýaşlara nä derejede gerekdigine düşünmek üçin bir öýüň gapysyndan gelin bolup ätlemek ýeterlikdir. Gelin bolup bir gapydan baran günüň durmuşyň ähli synaglary başlanýar. Her hojalygyň öz tertip-düzgünleriniň bolýandygy üçin şol düzgüne girýänçäň kimdir biriniň ýardamy juda zerur. Ýaş gelniň syn-deramaty ýeterlik. Goňşy-golamlar, öýe gelin görmäge gelýän myhmanlardyr garyndaşlar, ululy-kiçili maşgala agzalaryň ählisi gelin synlaýandyr. Şol pursatda gaýyneneň goragyň bolar eken. Ol öz ýanyndan seni çekinseň-de, utansaň-da, aljyrasaň-da aňlar durar. Häli-häzirler hem yza nazar aýlasam gaýyneneme minnetdarlygym çäksizdir. Onuň:

Asylly ýörelge

Asyrlarboýy «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähime eýeren türkmen halky nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdir. Dana pederlerimiz perzentlerini çagalykdan watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp, olaryň gaýduwsyz, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanypdyrlar. Bu babatda, ýagny zähmet terbiýesinden söz açyp, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem şeýle belleýär: Ulalanda iş hoş ýakmaz,Ýaşlykdan köýmän ýigide.

Maşgalam – baş galam

Berkarar dӧwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda dӧwletimiz barha uly ӧsüşlere we ӧzgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, il-halk bähbitli amala aşyrylýan asylly işler her bir raýatyň watançylyk duýgusyny, ene topragyna bolan päk sӧýgini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ajaýyp şygarynda adam hakdaky, aýratyn hem milletimiziň genofonduny gorap saklamak baradaky aladanyň bimӧçberdigini bu günki gün biziň ählimiz duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler dӧredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe döwletimizde eneligiň, çagalygyň, tutuş milletimiziň bähbidini, asudalygyny, saglygyny goramak aladalarynyň üpjün edilmegi öz ýerini tapdy. Dünýä boýunça başga hiç bir ýurtda şeýle aladalaryň ýokdugyna hemmäniň gözi ýetdi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş şygary hak

Terbiýäniň ilkinji mekdebi

Ene gujagynyň çaganyň ilkinji watany bolşy ýaly, megerem, çaga oýunjaklarydyr gurjaklar çagalaryň hem ilkinji terbiýeçilik mekdebidir. Çagalar durmuşyň gülleri hasaplanýar. Perzendiň dünýä inmegi maşgala üçin bimöçber şatlykdyr, bagtdyr. Olar şol günden başlap mähir, üns we alada bilen gurşalýar. Türkmenlerde çaga terbiýesine aýratyn üns berilýär. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýlen parasatly söz öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Her bir ene-ata öz çagalarynyň jemgyýetimize peýdaly, sagdyn, bilimli, watansöýüji, ruhubelent, rehimdar, töwereginde duran adamlara raýdaş, ilhalar adam bolup ýetişmegini isleýär. Şonuň üçin hem uly alada edilýär. Ene-atalar öz çagalarynyň berk bedenli, çeýe, ýyndam, pikirleniş ukybynyň ýokary bolmagynyň, çeperçilik başarnygyny we beýleki endikleri ösdürmek maksady bilen, dürli milli oýunlary döredipdirler. Şeýle-de geçmişde dürli ölçegdäki, dürli şekildäki gurjaklary ejeleri öz gyzjagazlary bilen bilelikde ýasapdyrlar. Olara bilelikde dürli eşikleri tikip geýdirip, dürli başgaplary ýasapdyrlar. Gurjaklaram edil beýleki dürli-dürli çaga oýunjaklary ýaly körpejeleriň asman ýaly tämiz hem ter, biserhet türkmen sährasy deýin päkize kalbynda mähribanlyk tutuş barlyga guwanç duýgularyny oýarýar. &nb

Çaga terbiýesinde maşgalanyň orny

Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine ýetirmekde, onuň kämil bolmagynda ata-enäniň orny uludyr. Olar çaga terbiýesinde milli oýunlary, sanawaçlary, matallary ulanyp durmalydyrlar. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr. Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem öňünde uly borç durýar. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi, terbiýesi üçin jogapkärçilik çekýär, döwletimiz bolsa maşgalanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi, çaganyň ýaşamagy, goraglylygy we kadaly ösmegi üçin ähli şertleri döredip, olara uly ýardam berýär. Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy bolup durýar. Şeýle talaplary dogry berjaý etmek çaganyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda hem wajypdyr. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýilýär.

Bir pursatyň ýatlamasy

Şol gün mart aýynyň üçüdi. Atam öýümizden iki kilometr uzaklykdaky gara ýoluň ugruna çykanymam şoldy welin, birden şabyrdap ýagyş ýagyp başlady. Bolsa-da, üst-başym ezilmänkä ýeňil ulag deňimde saklandy. Sürüji ulagynyň aýnasyndan boýnuny uzadyp: — Nirä, gelneje? — diýip sorady.

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Syrgynyň Orazgül enesi

Diwanyň üstünde oturan ene gyňajynyň ujuny gasyn basan gözlerine ýetirende, aglaýandyr öýdüp, ýüregim gobsunyp gitdi. Ýanaşyk oturyşyma, oňa golaý-golaý süýşenimi duýman galdym. Onýança gyzy Maýa gelneje: — Ejem jan garraýamy, nämemi, öý-içerimiz adamdan dolup, şatlyk-şowhun artyberse, begenjinden gözlerini ýaşlaberýär — diýip, degişme bilen gürledi. Soňra ejesiniň ýüzüne bakyp:

«Agaýunus periniň» gözellikleri

Ýaş gelin bilen ýetginjek gyzyň ikisiniň hem elinde birmeňzeş ýantorbasy bardy. Olaryň içinde zenan köýneginiň bardygy bildirip durdy. Ýantorbalaryň ýüzündäki «Agaýunus peri» atelýesi. Köneürgenç şäheri» diýen ýazgy ünsümizi çekdi. Muny duýan gelin düşündirmäge durdy:  — Tikinçilik öýünden gelýäs. Jigimiň toýy bar. Uýalar bolup, hemmämiz birmeňzeş toý köýnegini geýeli diýip, bir hepde mundan öň sargyt etdik. Şular ýaly ýörite gaba salyp berýän ekenler — diýip, gelin sözüniň üstüni ýetirdi:

Ýassykdaşy tikmegiň usuly

Ýassykdaşy tikmek üçin gerekli zatlar: - mata;