HABARLAR

Bä­bek to­ýy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Her bir türk­men maş­ga­la­sy ça­ga dün­ýä ine­nin­den, maş­ga­la tä­ze bir ki­çi­jik yn­sa­nyň ge­lip go­şul­ma­gy­ny uly buý­sanç-şat­lyk bi­len bel­läp, ony toý tut­mak bi­len gar­şy al­ýar. Mu­ňa «Bä­bek to­ýy», kä­bir we­la­ýat­lar­da «Piş­me to­ýy» di­ýil­ýär. Bu to­ýa her bir tä­ze dur­muş gu­ran maş­ga­la uly hö­wes bi­len ga­raş­ýar. Ge­lin edi­ni­len­de tä­ze gel­niň ete­gi­ne ogul bä­be­giň atyl­ma­gy­nyň hem «Tä­ze gel­niň aýa­gy ýer tut­sun, ör­ňe­sin-kö­pel­sin» di­ýen ma­ny­sy bar. Şeý­le hem toý gat­la­ma­sy bi­şi­ri­len­de «Tä­ze maş­ga­la hem ile go­şu­lyp, gat-gat bo­lup kö­pel­sin» di­ýip, yrym edil­ýär. Mu­nuň özi türk­me­niň «Kö­pe­lip köl bol!» di­ýen aja­ýyp ar­zuw­la­ry­nyň, uly maş­ga­la bo­lup ag­zy­bir ýa­şa­mak ba­ra­da­ky ýag­şy ni­ýet-pä­li­niň dur­mu­şy be­ýa­ny­dyr.

Dinozawr şekilindäki galam gutusy

Mähriban çagalar, okuw möwsümi başlady. Biz hem şu sanymyzda okuw esbaplarynyň biri bolan galam gutujygynyň ýasalyşyny öwretmekçi. Bu galam gutymyz dinozawrjygyň şekilinde bolar. Bu naşyja, gowuja dinozawrjyk. Ol ähliňiziň gowy görüp synlaýan «Gowy dinozawr» atly multfilmiňizdäki baş gahrymany ýadyňa salyp dur. Geliň, onda bilelikde galam gutujygyny ýasamaga başlalyň! Gerekli esbaplar:

Datly tagam

Mähriban çagalar, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ähliňiz uly güýç, hyjuw bilen ak mekdeplere gatnap başladyňyz. Okuwda geçilýän her bir sapagy doly özleşdirmegiňiz, sagdyn bolmagyňyz üçin wagtly-wagtynda iýip-içmegiňiz, oňat naharlanmagyňyz, esasan-da, ertirlik edinmegiňiz zerurdyr. Biz hem şu sanymyzda ertirlik saçagyňyzy bezejek ýene bir tagamy — gabakly çelpegi taýýarlamagy öwredýäris. Gerekli önümler:

Ömrüň mertebeli menzilinde

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz topragyna gadam basanyňda-da, halal zähmet çekip, ömrüni mana beslän adamlara belent sarpa goýulýandygynyň şaýady bolýarsyň. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, zähmet weterany, ene topraga yhlas siňdirip, halkyň hormatyny gazanan Soltanmyrat Seýitmyradowdyr. «Ýagşy adamyň ady köp bolarmyş» diýlişi ýaly, ýakyndan tanaýanlaryň ählisi diýen ýaly oňa «Satlyk aga» ýa-da «Satlyk başlyk» diýip ýüzlenýärler. Il içinde uly abraý-hormatdan peýdalanan Seýitmyrat aganyň döwletli maşgalasynda dünýä inen Soltanmyratjygyň saryja başyny sypalan ejesi Arazgülüň içki begenjini daşyna çykaryp: «Saryjam, saryja guzym, Satlygym!» diýen mylaýym sesini eşiden goňşy gelinler soňra bu ady alyp göteripdirler... Her gezek oba barlanda, ýaşuly bilen didarlaşylýar. Şu gezegem şeýle boldy. Satlyk aga maşgalasy Oguljan eje, agtyk-çowluklary bolup gadyrly garşyladylar. 90 ýaşyň içindedigine garamazdan, süňňüne buýurýandygy bildirýän ýaşulynyň gürrüňlerini diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Ol 1934-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ruhabat obasynda (öňki Gyzyl güýç obasy) dünýä inýär. Soltanmyrat maşgaladaky üç çaganyň ortanjysy eke

Ene — dünýäniň görki

«Ene» diýen ýekeje sözüň aňyrsynda daglar ýaly belent many ýatyr. Ene ýüreginde nurly güneş kimin gyzgyn mähir, tolkun atýan ummanlar deýin möwçli söýgi ýerleşýär. Ene — gudrat, ene — keramat. Dünýäniň bahar-ýazy, ýaşaýşyň ýaraşygy eneleriň barlygy bilen şöhlelenýär. Ene — her birimiziň göz açyp gören, diňe görer göz bilen däl-de, eýsem ýürek urgusy bilen kabul eden, göwün ganaty bilen guçan mähribanymyz. Ene — dünýädäki bar ajaýyplykdan üstün gelýän keşbiň eýesi. Şeýle bolansoň, her kim öz ejesini dünýädäki iň owadan, iň mähriban we iň hamrak ynsan hasaplaýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ejesinden azaşyp aglaýan oglanjykdan: «Ejeň nähiliräk aýal, daş keşbi nähili bolmaly?» diýip, soranlarynda, oglanjyk ejesini «Ejem — iň owadan aýal» diýip suratlandyrypdyr. Ene mähriniň çaga ýüregini çoýýan ýylysy dünýädäki ähli gözelliklerden belentde durýar. Adamzat üçin eneden mährem, eneden eziz, eneden ýakyn ýaradylyş ýokdur. Eziz Watan bilen mähriban ene ynsanyň iň arzyly mukaddeslikleridir. Eneler — maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy. Häzirki zaman jemgyýetinde maşgala ojagyny berkitmek, kämil dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri kemala getirmek ýaly hyzmatlary bilen, eneler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine örän

Ene mähriniň gudraty

Türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda «Ene — beýikleri dünýä inderýän beýiklik» diýip belleýär. Hakykatdan-da, üç harpdan ybarat «ENE» sözüniň mazmunynda ymgyr dünýä jemlenýär. Ene — howa! Diýmek, ene — başlangyç! Ene — daragt! Diýmek, ene — dowamat, bagtyýar geljek! Şonuň üçin halkymyz asyrlaryň dowamynda ene hormatyny keramat derejesine göterip, olaryň ruhuna, keşbine tagzym edipdir. Goňurdepäniň, Parfiýanyň taryhy tapyndylary we beýleki arheologiýa maglumatlary bu pikiri aýdyň tassyklaýar. Dünýä inen çaganyň, ilki bilen, nazarynyň didarlaşýan ýüzi onuň üçin ýerdäki perişdesi bolan mähriban enesidir. Ene hakda, onuň mukaddesligi, gyzgyn mähir-şepagaty, çäksiz söýgüsi hakynda aýdym aýtmadyk bagşy, saz çalmadyk sazanda, goşgy düzmedik şahyr ýok bolsa gerek... Enäniň ady, onuň gözel, mährem keşbi bakydyr, sönmeýän nurdur! Çaga ilkinji mähir-söýgini öz mährem enesinden alýar. Enäniň süýdi ýaly halallygy, hüwdüsi ýaly şirin mukamy, eli ýaly mylaýym melhemi hiç ýerden tapyp bolmajakdygy şübhesiz hakykat. Ene diňe bir adamzat nesliniň gudratyny dowam etdiriji bolman, eýsem, ol maşgala ojagynyň eýesi hem diregidir.

Ukyňyz gelýärmi?

Iş wagtynda ukynyň tutmagy hemmämize mälim ýagdaý bolsa gerek. Kämahal şeýleräk pursatlar bolýar, iş wagtynda gözleriňiz özüňize boýun egmeýär. Şeýle pursatlarda uky bilen göreşmek üçin näme etmeli? — Sowuk suw. Kofe däl, sowuk suw (buz aralaşan bolsa has hem gowy) ukudan açylmagyňyza kömek eder. Mundan başga-da, sowuk suw bedeni ýeterlik suw bilen üpjün edýär we metabolizm tizligini artdyrýar.

Köp bolsa-da, az ýaly

Çagalyk pursatlaryň göz öňüňde janlananda, eneli-ataly günleriň näçe köp bolan hem bolsa, az ýaly görünýär. Sebäbi olaryň ýyly mährinden, söýgüsinden, mährem keşbinden, didaryndan hiç ganma ýok. Güler ýüzleri hemişe göz öňüňde baky heýkel bolup, zybanyndan çykan hoştap, ýakymly sözleri gulagyňda ýaňlanyp dur. Dünýäde olary hiç bir mukaddeslik bilen deňäp bolmaýar. Gyz maşgalanyň durmuşynda ejäniň orny has hem uly. Sebäbi ol her bir duýgyňy gözüňden aňyp, saňa syrdaş bolýan EJE! Ejemiň alty aýlyjak wagtym meni gujagyna alyp düşen suratyny günde diýen ýaly synlaýaryn, käbäm bilen didarlaşýaryn. «Eje jan, käbäm, sen ýanymda bolsaň bolmaýarmy?» diýip, onuň bilen hyýaly sözleşýärin. Göwnüme bolmasa, ol: «Gyzym, men mydama-da seniň ýanyňda ahyryn» diýýän ýaly. Ol dogrudan hem şeýle bolmaly, sebäbi käwagt başlan işiňe ugur tapman, dümtünäýýän halatyňda ýa-da başyňa bir iş düşüp, ejizleseň hem ejeň saňa medet-hemaýat berýär. Ol ýuwaşlyk bilen gulagyňa çawuş çakýan ýaly bolýar. Kalbyňda ýaňlanan owazy ruhuňy galkyndyrýar, bedeniňe güýç-kuwwat berýär.

Gyzym gözel — edebi ozal

Halkyň içinde biri bilen guda bolunjak bolsa: «Enesini gör-de, gyzyny al» diýilýär. Sebäbi gyz maşgala enesiniň görüm-göreldesine eýerip kemala gelýär, oňa enäniň edep-ekramy, hüý-häsiýeti, hereketleri geçýär. Gyzyň enesiniň hereketlerini gaýtalasy gelýär. «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde» bolanda, enäniň perzendine bolan söýgüsi, mähri gyz maşgalanyň durmuşyna şamçyrag bolup şöhle saçýar. Biz maşgalada bäş gyz bolup ulaldyk. Ejem agşamlaryna, el işlerini etmäge üýşenimizde geçmişimiziň hakyky edep mekdebine degişli «Melike Danyşment ýa-da müň sowal» atly dessandan gürrüň bererdi. «Dessanda «Gelin-gyzlara näme ýaraşar?» diýlen sowala: «Gelin-gyzlara utanç-haýa ýaraşar» diýlip, jogap berilýär. Gyz maşgalanyň gözelligi, esasan, onuň gylyk-häsiýetinde, edebinde jemlenýär. Edepli-ekramly, mähir-mylakatly, asylly gelin-gyzlarymyz mydama görüm-göreldäniň nusgasy bolup ýaşamalydyr» diýip, käbäm ýagşy gylyk-häsiýetlere ünsümizi çekerdi.

Döwrüň bagtly enesi

Enä barýan ýol... Bu ýoluň sogaby, ýakymy, ýalkawy barada näçe gürrüň etseňem, az görünýär. Bu ýoly her bir ynsan balasy özüne mukaddes saýýar. Bu ýola düşen badyňa ýadawlyk diýen zatdan nam-nyşan galmaýandygy barada köp gezekler oýlanýarsyň. «Ejemlere barýaryn!» diýip, göwnühoş halda töweregiňe mähir bilen bakýansyň. Hamana diýersiň, bu ýol ene paýhasyna eýlenen müdimi nesihatlardan nemlenen ýalydyr. Mähriban käbäňiň mylaýym sesi, ruhuňa medet berýän mylakatly keşbi seni bu barlykda bagtly edýändir. Şol gezek goýny 360 pirli toprakda döredijilik toparymyz bilen iş saparynda bolan günlerimizde welaýatyň uzak ýaşly enesi bilen didarlaşyp, onuň baý durmuş tejribesi barada söhbetdeş bolmak üçin ýola düşenimizde göwünler şeýle ahwallar bilen doludy. Bize ýolbelet bolup barýan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowanyň gürrüň bermegine görä, Äşe Babaýewa 1932-nji ýylda dünýä inýär. Ömrüniň köp bölegini ýaşlara bilim-terbiýe bermäge bagyş edýär. 1956-njy ýylda ýanýoldaşy Ata Karaýew bilen Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 22-nji orta mekdepde mugallym bolup zähmet ýoluna başlaýar. Agzybir maşgalada 4 gyzy, 2 ogly terbiýeläp ýetişdirýärler. Ajaýyp zama