HABARLAR

­Sagdynlygyň gözbaşy

Saglyk ynsanyň durmuşyndaky esasy gymmatlyklaryň biridir. Şonuň üçin hem saglygymyzy goramaga, möwsümleýin keselleriň öňüni almaga üns bermelidir. Ýiti respirator ýokançlary, adatça, möwsümleýin, şonuň ýaly-da, adamlaryň üýşýän ýerlerinde has ýygy ýüze çykýar. Möwsümleýin keseller, esasan, çagalarda, gartaşan adamlarda, immun ýetmezçiliginiň dürli görnüşleri sebäpli, şeýle-de bronhlar — öýken, böwrek, süýji, ýürek-damar keselleri bilen kesellän adamlarda ýokary derejede bolýar.

Saglyk üçin peýdaly maslahatlar

— Gyş paslynda ýüze çykýan ýiti respirator wirusly kesellerden habardar boluň. — Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň.

“Il saglygy – ýurt baýlygy”

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýar. Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygyny, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn häsiýetli giňişleýin çäredir, işleriniň netijesi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak diýmek öz saglygyňy goramak diýmekdir, sagdyn nesliň dünýä inmegini üpjün etmek diýmekdir, umuman sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, beden we ruhy, sosial we durmuş, ruhy we medeni taýdan bagtyýar, döwletli, atly-abraýly ýaşamak diýmek bolup durýar.

Zyýanly endiklerden gaça duralyň!

Saglyk adamyň bahasyna ýetip bolmaýan baş baýlygydyr. Ony gorap saklamak her bir adamyň özüne baglydyr. Sagdyn adamdan sagdyn nesiller, olardan hem sagdyn jemgyýet döreýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi kadaly iýmitlenmekden, zyýanly endiklerden gaça durmakdan, sport bilen meşgullanmakdan, wagtyňy peýdaly zatlara sarp etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da berk ornaşdyrmak, sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler halkymyzyň saglygyny goramak hem-de berkitmek babatda taýsyz tagallalaryň edilýändigini görkezýär.

Dabaraly maslahat geçirildi

«Farap» şypahanasynda şanly ýylymyzyň şygaryna bagyşlanylyp dabaraly maslahat geçirildi. «Akyldaryň edebi mirasy — ruhy dünýämiziň baýlygy» diýen at bilen guralan maslahata il sylagly ýaşulular, ilkinji partiýa guramamyzyň agzalary, lukmanlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda dana şahyrymyzyň şygyrlarynda öňe sürülýän sagdynlyk, arassa ahlaklylyk, dostluk dogrusyndaky pikirlere aýratyn ýüzlenildi. Türkmen edebiýaty, ruhy gymmatlyklarymyz, milliligimiziň dowam etdirilişi dogrusynda edilen täsirli söhbetler etrabymyzyň medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar şypahananyň lukmanlarynyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri boýunça taýýarlan sergisini synladylar.

Gyş pas­lyn­da möw­süm­le­ýin ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak üçin peý­da­ly mas­la­hat­lar

«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024 — Gyş pas­lyn­da möw­süm­le­ýin ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak üçin şah­sy aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­me­li.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin...

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli; Pasla görä geýinmeli;

Kadaly iýmitlenmek — sagdynlygyň gözbaşy

Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmek bilen baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagdynlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş we täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär. Uglewodlar adamyň bedeninde madda çalşygyny kadalaşdyrýar, güýç-gaýrat, ýylylyk çeşmesi bolup durýar. Ýag beloga, uglewoda garanyňda, ýylylygy iki esseden hem gowrak bölüp çykarýar. Adamyň bedeninde suw, duz, witaminler, mikroelementler ösüşi, madda hem suw-duz çalşygyny sazlaşdyrýar. Adam olaryň ählisini ýeterlik mukdarda almaly. Günüň dowamynda dört-bäş gezek dürli naharlardan az-azdan naharlanmaly we gapdalyndan gök önümler, miweler iýilse, şerbetler, arassa suw içilse has-da haýyrlydyr. Naharlanylanda howlukman, oňat çeýnelip ýuwdylsa, has gowy. Aşgazan mäzleriniň çykarýan şiresiniň zerur jisimleri işläp taýýarlaýşy bozulmaz ýaly, nahar wagty iş-aladalary unutmaly. Çaýy nahardan ýarym sagat geçenden soň içmeli. Nahardan soň bir sagada golaý açyk howada, aýratyn hem agşamlyk gezim edilse, naharyň siňmegine ýardam edýär. Nädogry naharlanmak, ýagny köp iýmek ýa-da doýmazlyk, luk

Çişik kökli söwdek

Häsiýeti. Dagetek derman ösümligi. Çişik kökli söwdek — söwdekler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15–25 sm köpýyllyk otjumak wekili. Ösümlik kök çykyntgysyz. Köki inçe, dik, kluben şekilli kütüleşen. Gülbaly ýarym aý şekilli, käte kekeçli, gysga 3–5 şahjagazly. Gozajygy togalak çaňňalakly.

Soraň, jogap berýäris

Degişli hünärmenler bilen maslahatlaşmaly «Men 44 ýaşymda. Boýun we döş oňurgam, aýak üstünde köp duranymda bolsa bil oňurgam hem güýçli agyrýar. Kellämde güýçli agyry bar, gan basyşym, pulsum pes. Gijelerine rahat uklap bilemok, köp basyrganýaryn, dişlerimi çalýaryn, işe ukybym, hereket etmäge islegim ýok. Üstesine, iýenim siňenok, içim ýellenýär, gataýar. Barlaglar mende B gepatitiniň, osteohondrozyň, protruziýanyň, inginiň, gaýmoritiň bardygyny, ýürekde we kelle beýnisinde ganaýlanyşyň peselendigini görkezdi. Bu keselleri bejertmek üçin maňa maslahat beriň».