HABARLAR

Uzak we sagdyn ýaşamagyň syry

Uzak ýaşamagyň syryny garrylyga çenli berk jan saglygyny, aýdyň pikirini we gujurlylygyny saklan ýaşulular bilýär. Şu aşakdakylar hem sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, uzak ýaşanlaryň maslahatlary: Günde bir gezek berjaý edilmeli kadalar:

Bagtyň sakasy

Ýurdumyzy ähli ugurlarda gülläp ösýän döwlete öwürmek maksadyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, berkarar Diýarymyzyň berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlarynyň miwesi bolan şeýle döwletli tutumlaryň täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi buýsanjymyzy artdyrýan döwletli tutumlaryň biridir. Ulgamyň geljekki hünärmenleri hökmünde bizi — talyp ýaşlary aýratyn begendirýän ýagdaýlaryň biri ynsan saglygyny goramakda üstünliklere beslenýän giň gerimli özgertmelerde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, giňeltmek hem-de özara tejribe alyşmak meselesiniň hemişe öň hatarda durýandygydyr. Munuň özi milli saglygy goraýyş ulgamyna dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de tejribelerini işjeň ornaşdyrmakda möhüm ähmiýetlidir. Üstünliklere beslenýän şunuň ýaly oňyn tutumlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen birlikde, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga düýpli itergi berýär.

Maşgala bäbege garaşýar

Perzent dünýä inen gününden enäniň durmuşynda iň jogapkärli hem aladaly pursatlar başlanýar. Ene doguljak bäbege taýýarlykly bolup, oňa mähirden we söygüden doly duýgulary bagyş edýär. Bütin maşgalanyň, ilki bilen, ata-enäniň ähli ünsi bäbek hakdaky alada gönükdirilýär. Çaga garaşýan zenanyň ýakyn hossary dogum wagtynda oňa höwür bolýar we uly goldaw berýär. Bu bolsa dogumyň kadaly geçmegine we sagdyn bäbegiň dogulmagyna oňaýly täsir edýär. Bäbek doglan dessine, enesi bilen ten-tene gatnaşygyň geçirilmegi bäbegiň beden ýylylygynyň gerekli derejede saklanmagyna, ene-bäbek arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň döremegine getirýär.

BÜDÜR-SÜDÜR TENIATERUM / Лентоостник шероховатый

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Büdür-südür teniaterum — däneliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15 — 40 sm birýyllyk otjumak wekili. Baldagy kökýanyndaky ýapraklaryndan uzyn. Umumy gül çogdamy —  hakyky baş.

Bal we saglyk

Ary baly — bu tebigy taýdan arassa önüm bolup, düzümi witaminlere, fermentlere, mikroelementlere, şeýle-de adam bedeni üçin gerek bolan maddalara örän baýdyr. Balyň ýakymly ysy düzümindäki organiki maddalara we haýsy ösümlikleriň gülünden ýygnalandygyna bagly bolýar. Bu maddalar ary balynyň saklanyş ýagdaýy bozulanda hiliniň we tagamynyň üýtgemegine getirýär. Ary balyny dogry saklamagy başarmaly. Onuň süýjüligini we tagamyny köp ýyllaryň dowamynda saklamak isleseňiz, onda keramika, farfor we çüýşe gaplarda agzy berk ýapylan we ýiti Gün şöhleleriň düşmeýän ýerinde goýmaly hem-de çygly ýerlerden goramaly. Demir we plastik gaplarda saklanan balyň düzümi üýtgemek bilen bolýar.

Saglyk — beglik

Gyş argynlygyndan çykylyp, bahar paslynyň maýyl ediji howasynyň täsirine berilýärsiň. Ýöne pasyllaryň çalşygynda howanyň üýtgäp durýanlygy sebäpli, bedende käbir gowuşgynsyzlygyň emele gelmeginiň ahmallygy ýüze çykýar. Günüň dowamynda howanyň üýtgäp, ýagny säher çigrekligi, günorta wagty gyzmagy, agşamlaryna bolsa howanyň sowamagy hroniki nähoşlugy bolan adamlarda birahatlyk döredýär. Pasyllaryň çalşygy döwründe howa durumyna uýgunlaşma adamlaryň hersinde dürli ýagdaýda geçýär. Çünki howa şertleriniň üýtgäp durmagy ynsanyň immun ulgamynyň goragyny pese düşürýär. Pasyldan-pasla geçiş günlerinde dümew, sowuklama, ysgynsyzlyk ýaly nähoşluklara, irden köplenç ukynyň basmarlamagynyň duýulmagynyň köp duş gelmegi hem howanyň şol ýagdaýlary sebäplidir.

Bahar paslynda keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sepgit döwründe döräp biläýjek möwsümleýin kesellere duçar bolmazlyk üçin her bir adam öz saglygyny goramaga örän jogapkärli çemeleşip, bellenilen kadalary berjaý etmeli, lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýermeli. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaly.

Ýurdumyzyň sagdynlyk ýörelgesi

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň sag­dyn be­den­li, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Ra­ýat­la­ryň äh­li­si jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne oňat dü­şün­ýär­ler. Sport we be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ma­ga dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler tür­gen­le­riň sa­ny­ny art­dyr­ýar.

Ýa­şyl der­man­ha­na

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Hä­zir­ki za­ma­nyň hi­mi­ki bar­lag­ha­na­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän tej­ri­be­ler te­bi­ga­tyň dö­re­den ösüm­lik­le­ri­niň dü­züm bö­le­gi­niň sag­lyk üçin peý­da­ly ele­ment­le­re baý­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­ýar. «Ýa­şyl» bar­lag­ha­na­lar­da ge­çi­ril­ýän sy­nag iş­le­ri özü­niň oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Der­man­lyk ösüm­lik­ler­inden taý­ýar­la­nyl­ýan se­riş­de­ler yn­san sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge, onuň ke­se­le gar­şy du­rup bi­li­ji­lik uky­by­ny ber­kit­mä­ge we köpsan­ly ke­sel­le­ri ýe­ňip geç­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi halk luk­man­çy­ly­gy­na esas­lan­ýan fi­to­te­ra­pi­ýa ugur­la­ry­nyň ösü­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şu ug­ra de­giş­li bo­lan «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly düýp­li yl­my işi luk­man­çy­lyk ba­bat­da tu­tuş adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň yl­my ha­zy­na­sy­na my­na­syp go­şant­dyr.

Sag­dyn dur­mu­şyň hem­ra­sy

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da dur­mu­şa ge­çir­ýän ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan ra­ýat­la­ryň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar.