HABARLAR

Peýdaly maslahatlar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Mähriban ildeşler, bu babatdaky işlere mynasyp goşandymyzy goşmak maksady bilen käbir maslahatlary size ýetirmegi makul bildik. Türkmenistanyň şypahanalary ýylyň dowamynda halkyň hyzmatynda. Saglyk ätiýaçlandyrma baglaşyp, ýylyň dowamynda şypahanalarda Türkmenistanyň raýatlary saglyklaryny berkidip bilerler.

Baş baýlygyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiz aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Nurana geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşda ýaşamagy, bilimli-terbiýeli, ilhalar, ata-enesine, il-günümize, ata Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmegi, olaryň beden taýdan sagdyn bolmagy, sport bilen meşgullanmagy, dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ähli welaýatlarda gurlup ulanmaga berlen «Ene mähri» merkezleri, durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şonuň netijesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesi halkara ülňülere laýyk getirilýär.

Alma

Adam bedenine peýdaly iýmit önümleriniň biri hem almadyr. Almanyň düzüminde köp mukdarda iýmit süýümleriniň saklanýandygy sebäpli, ol iýmit siňdiriş ulgamyna, şol sanda içegeleriň kadaly işleýşine, iç gatamanyň we içegeleriň ýellenmeginiň öňüni almaga oňaýly täsir edýär. Ganyň düzüminde holesteriniň mukdarynyň peselmegine täsir edip, gan damarlarynyň dykylmagynyň öňüni alýar. Onuň düzüminde polifenollaryň, şol sanda flawonoid epakatehiniň bolmagy gan basyşynyň peselmegine kömek edýär. Almanyň düzüminde C witamininiň, kaliniň bolmagy immun ulgamynyň berkemegine täsir edip, bedeni ýokançlardan goraýar. Böwrekleriň kadaly işlemegine täsir edýär. Yzygiderli kabul edilende, alma düzüminde kwersetiniň saklanýandygy sebäpli degna ulgamynyň işjeňligine, degna öýjükleriniň zeperlenmeginiň öňüni almaga peýdalydyr. Almanyň düzümindäki C, E we A witaminler ýüzüň deri örtüginiň owadan öwüşginli we çeýe bolmagyna oňyn täsir edýär. Şol sebäpli alma şiresinden taýýarlanylan ýapgylar kosmetologiýada giňden ulanylýar.

Sagdynlyk kadalary

Hurma — miweleriň seresi

Hakykatdan hem, hurma ajaýyp tagamly iýmiş bolup, ol uly palma agajynyň miwesidir. Palma agajynyň boýy 25 metre, ýapraklarynyň uzynlygy 15 metre çenli ýetýär. Palma hurmasy adamlaryň ilkinji medenileşdiren ösümligidir. Bu miwäni araplar “Ýaşaýşyň miwesi”, “Çölüň çöregi”, “Tebigatyň ammary” diýip atlandyrypdyrlar. Hurmany iýmit önümleri bilen ýerini çalşyp ulanmak mümkindir. Araplar hurmany çörek deregine hem ulanýarlar. Palma hurmasy beloga, ýaga, uglewoda, mineral maddalara, organiki kislotalara baýdyr. Guradylan hurma özünde ähli peýdaly maddalary saklaýar. Palma hurmasynyň bedene täsirleri:

Saglygyň gadryny bilgil...

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň şypahanalary ýylyň dowamynda halkyň hyzmatynda. Türkmenistanyň raýatlary saglyk ätiýaçlandyrma baglaşyp, ýylyň dowamynda şypahanalarda saglyklaryny berkidip bilerler. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerde, smartfonlarda we planşetlerde belli bir az wagtlyk meşgullanyň.

Ýurdumyz — sagdynlygyň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap badalga alan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, maksada okgunly, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky işlere aýratyn üns berilýär. Şol işleriň üstünliklere beslenmeginiň netijesinde eziz Diýarymyz sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Häzirki ajaýyp zamanamyz ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda bolup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň döwri bolup dabaralanýar. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň migrasiýa gullugynyň işgärleri hem sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize mäkäm ornaşdyrmak, raýatlaryň arasynda sporta bolan höwesi artdyrmak boýunça birnäçe işleri alyp barýarlar. Geçirilýän wagyz-ündew çärelerinde edilýän çykyşlar ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge, olary sagdyn bedenli, ruhubelent bolmaga çagyryş bolup ýaňlanýar.

Saglygy goramagyň möhüm şerti

Bagtyýar durmuşyň, ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşy

Berkarar ýurdumyzda il saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, wagyz etmek, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek, ýaramaz endikleriň garşysyna göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde sagdyn jemgyýet kemala geldi. Bedeni taplaýan maşklary yzygiderli ýerine ýetirmegiň, welosiped sürmegiň, dynç alşy sport bilen utgaşdyrmagyň we beýleki sagdyn ýörelgeleriň bagtyýar raýatlaryň gündelik durmuşyna giňden ornaşandygyny belläp geçmek has-da ýakymlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagy ugrunda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, sagdynlygy, işjeňligi, ruhubelentligi, olaryň saglyk ýagdaýlary baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulmagy «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygaryň dabaralanýandygyny subut edýär.

Saglygyň gadryny bilgil...

Ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri kabul ediň, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, pasla görä geýniň. Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanmakdan saklanyň, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň. Lukman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp  içiň. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň.