HABARLAR

Şypaly «Farap»

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2010-njy ýylyň 21-nji iýulynda täze binasy gurlup ulanylmaga berlen «Farap» şypahanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden 20 kilometr uzaklykda, Amyderýanyň sag kenarynda, Goýgala obasynda ýerleşýär. Bu ajaýyp şypahana 250 orunlyk bolup, 3 gatly binadan ybarat. Şypahananyň otaglarynda raýatlaryň rahat dynç almagyny üpjün etmäge degişli ähli amatly şertler döredilen. Bu ýere gelýänler üçin arassa howada dynç alyp saglygyny berkider ýaly, tomsuna suwa düşülýän howuzlar, basketbol we woleýbol meýdançalary, sport maşklaryny ýerine ýetirmek üçin dürli görnüşli trenažýorlar bar. «Farabyň» mineral suwunyň düzüminde D.I.Mendeleýewiň periodik tablisasyndaky 32-den gowrak mikroelementleriň bardygy anyklanyldy. «Farap» şypahanasy anyklaýyş, bejeriş we mineral suw bilen bejeriş bölümlerini öz içine alýar. Şypahanada gastroenterolog, newropatolog, urolog, ginekolog, iç keseller, göz, stomatolog lukmanlary raýatlara öz ugurlary boýunça degişli maslahatlary we bejergileri berýärler.

Immuniteti ýokarlandyrmak üçin näme etmeli?

Elmydama çaganyň kesellere garşy bolan immun ulgamynyň işjeňligini güýçlendirmek we berkitmek jogapkärli wezipeleriň biridir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenleri çaganyň immunitetini ýokarlandyrmak üçin oňa köptaraplaýyn çemeleşmelidigini belläp geçýärler. Immun ulgamyny berkitmek üçin, esasan-da, şu aşakdaky maslahatlardan peýdalanmaly. ◊ Çagalaryň ýaşaýan, oýnaýan otaglarynda, üýşen ýerlerinde yzygiderli arassaçylyk işlerini geçirmeli. Çygly süpürgiç bilen otaglary we çagalaryň oýnaýan oýnawaçlaryny, olaryň peýdalanýan enjamlaryny süpürmeli. Wagtal-wagtal penjireleri açyp otaglary ýelejiredip durmaly.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 22-28-nji apreli aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeliginiň çäginde keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlary immuniteti pugtalandyryp, bedeni kesellere garşy göreşmäge, olaryň öňüni almaga ýardam edýär. Bu çäre ähli dünýä ýurtlarynda saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylandyr. ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibine laýyklykda geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlary sagdyn çagalarda geçirilýär. Sowuklap asgyrýan, üsgürýän, gyzdyrýan çagalarda ilki sowuklama garşy bejeriş geçirmek hökmany şert bolup durýar. Dowamly keseli anyklanan çagalar hem degişli hünärmenleriň gözegçiliginde bolup, olaryň bellän barlaglaryndan geçýärler. Zerur bolan ýagdaýlarda olar bejeriş alýarlar. Waksinanyň haýsydyr bir görnüşi ilkinji gezek ulanylanda onuň düzüm bölegine allergiýa dörän çagalarda şol waksinanyň nobatdaky tapgyryny geçirmezden öň ýörite derman serişdeleri bilen bejeriş geçirilýär.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Saglyk ähli döwürlerde-de jemgyýetçilik gymmatlygy bolupdyr. Şonuň üçinem ata-babalarymyz «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýipdir. Häzirki wagtda adamlaryň saglygy hakyndaky alada döwletimizde esasy orunda goýulýar. Şonuň netijesinde-de adamlaryň ömür dowamlylygy uzalýar. Ýurdumyzda her ýyl saglyk bilen bagly bir aýlyk öňüni alyş işleri geçirilýär. Bu öz netijesini hem berýär. Şuňa laýyklykda Türkmenistan «Temmäki tüssesinden azat ýurt» diýlip yglan edildi. Zyýanly endiklerden daşda durmak barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Çilim», «Çilimkeş» ýaly goşgularyny döredipdir. Şahyr «Gülen barmy?» diýen goşgusynda: «Hasta bolmaýyn, saglygyň // Ganymatyn bilen barmy?» diýmek bilen, derde ulaşman, saglygy birsydyrgyn saklamak barada alada etmegi ündeýär.

Peýdalydyr balary, söýüň mydam olary!

Dünýäde arylaryň 20 müňe golaý görnüşi bar. Bir ary bir gezekde iňňäniň ujy ýaly bal toplaýar. Muňa garamazdan, käbir ary sürüsi her günde bir kilograma barabar bal ýygnap bilýär. Balarylar öň gonan gülüni ýadynda saklap, ikinji gezek oňa gonmaýar. Olar adamlaryň ýüz keşbini-de ýadynda saklaýarlar. Her ýylyň 20-nji maýynda Bütindünýä arylar güni bellenilip geçilýär. Gadymy döwürden bäri ary baly kesel bejermekde giňden ulanylyp gelinýär. Ary balyny gyzgyn çaýa garyp içseň, balyň peýdaly häsiýetleri azalýar. Şonuň üçinem ony mylaýym çaýa garyp içmeli. Bal çyglylyk ýokary bolan şertlerde 30 göterime çenli çyg çekip bilýär. Şonuň üçinem baly 5-10 dereje salkyn ýerde, şemal çekýän gurak howaly jaýda saklamaly.

Türkmenistan — bagtyýarlygyň diýary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen raýatlarymyzyň sapaly durmuşda eşretli ýaşamaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler ýurdumyzy sagdyn we bagtyýar adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürdi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Lukman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan çuň paýhasy, yhlasy siňen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, bu ugurda başarjaň hünärmenleri taýýarlamak babatda amala aşyrylan işler dünýä nusgalykdyr.

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyldy

Golaýda Mary şäherindäki 6-njy sport mekdebinde TDP-niň Mary şäher komitetiniň, Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy” atly sport çäresi geçirildi. Çärä Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde talyp ýaşlar sportuň kiçi futbol, woleýbol, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Çekeleşikli we gyzgalaňly geçen bäsleşikde talyp ýaşlar öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi başardylar. Öňdäki orunlary eýelän hem-de tapawutlanan talyp ýaşlara TDP-niň Mary şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Baş baýlygyň şanyna

Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sagdyn jemgyýeti gurýarys» ady bilen sport çäresi geçirildi. Oňa mekdebiň talyplary işjeň gatnaşdylar. Çäre baş baýlyk hasaplanylýan saglyk baradaky çykyşlardyr, ajaýyp goşgular bilen başlandy. Soňra bäsdeşler sportuň dürli ugurlary boýunça toparlaýyn ýaryşyp, öz ezberligini, çalasynlygyny görkezdiler.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Demir we aýna gaplara gaplanan iýmit önümlerini paslyň yssy günlerinde ürç edip kabul etmeklikden saklanmaly. Kabul etmekçi bolsaňyz, olary söwda merkezlerinden satyn almaly. Öý şertlerinde olary talabalaýyk we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamaly we ulanmaly! ***

Saglygy goraýyş ulgamyndaky ýetilen sepgitler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda halk bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýerilip, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de olary ýok etmek boýunça saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda uly işler alnyp barylýar. Şeýle netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda lukmançylyk ulgamynyň hyzmatynyň hilini ýokarlandyrýar we onuň elýeterliligini üpjün edýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijesinde, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine çykaryldy. Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamyna halkara ölçeglerine we talabyna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylyp, türkmen lukmanlarynyň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar. Şeýle hem dünýä lukmançylygynyň gazananlaryndan ugur alnyp, täze bejeriş usullary kämilleşdirilýär. Şol esasda dünýäniň ençeme döwletiniň lukmançylyk merkezleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk saklanýar. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurtly hünärmenler bilen keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak boýunça tejribe alşylýar.