HABARLAR

Sagat ýaşaň!

*Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. *Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Ynsan ömrüniň goraglylygy ugrunda

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy dünýä standartlarynyň derejesine çykaryldy. Halka hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldildi we hili ep-esli ýokarlandyryldy. Munuň özi ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy esasynda mümkin boldy. Olaryň üsti häzirki zaman, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleri bilen yzygiderli ýetirilip durulýar. Soňky ýyllarda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň», «2021 — 2025-nji ý

Baş baýlygyň goragynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda ynsan saglygynyň hem-de raýatlaryň bähbitleriniň goralmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde, ýurtda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi düýpli ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ÝUNISEF-iň dünýäde öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri, öňdebaryjy hassahanalary, tejribeli professorlary we lukmanlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Baýramaly — güneşi melhemli mekan

Raýatlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde belent sepgitlere ýetirmekde halkymyza gurlup ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş we dynç alyş merkezleri, döwrebap şypahanalar uly ähmiýete eýedir. Mary welaýatynda ýerleşýän Baýramaly şypahanasy hem ýurdumyzyň raýatlarynyň iň bir gelim-gidimli döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň biridir. Halkymyza giňden hyzmat edýän Baýramaly şypahanasy öz saglygyny bejertmäge gelýän raýatlaryň her biri üçin gapysyny giňden açýar. Ýylyň ähli paslynda hem şypahananyň eli ýeňil lukmanlary we şepagat uýalary bu ýere gelýänleri güler ýüz, hoş söz bilen garşy alýarlar. Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde hem bu şypahana ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan, dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlaryň ençemesi öz saglyklaryny bejertmäge we dynç almaga gelýärler.

Sagdyn durmuş —bagtyýarlygyň açary

Ynsanyň bagtyýar ýaşaýşynyň sakasynda saglyk bar. Dünýäniň ähli genji-hazynasy saglykda jemlenen. Watanyň abatlygy, il-günüň asudalygy, bolelinligi hem saglygyň bimöçber mümkinçiliklerinden ugur alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Her bir raýatyň saglyk goraglylygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda eziz Diýarymyzda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalaryň, milli we döwlet maksatnamalaryň tutuş toplumynyň kabul edilmegi-de aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasy», «Türkmenistanda D witamini bilen bag

Sagdyn jemgyýet — beýik geljek

Saglyk diňe her bir adam üçin däl-de, eýsem, tutuş jemgyýet üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki ol beden taýdan kämilligiň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan, bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr. Eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolýan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän ählihalk hereketine ýylsaýyn türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk hem-de sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mermer paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak, olaryň üstleriniň dünýäniň öňdebaryjy öndürijil

ÇALYMTYL SOGAN / Лук шероховатостебельный

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Çalymtyl sogan — soganlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 40 — 60 sm köpýyllyk otjumak wekili. Soganlygy süýri, boýy 5 — 7 sm we ýogynlygy, takmynan, 1 sm, birnäçe gysga porrukly, goňrumtyl reňkli, torly süýümli bardajyk bilen örtülen. Baldagy göni, dügürli, gapyrgajygy azda-kände büdür-südür, seýrek tas ýylmanak, esasy bilen örtülen, ýylmanak ýa-da büdür-südür, gyny çyzykly, ini 2-3 mm, ýasy, gyrasy büdür-südür, ýapraklary baldagyndan uzyn däl. Gabygy ýitileşen, saýawanyndan 11/2 — 2 esse gysga.

Bedeni taplamak

Ynsan saglygynyň pasyl çalşygynda duş gelýän dürli howa şertlerini durnukly kabul etmegi üçin, ilkinji nobatda, bedeni taplamalydyr. Howa şertleriniň täsirlerini ulanmak adamyň bedenini berkitmegiň usullarynyň biri bolup durýar. Fiziki maşklar adam saglygynyň gözbaşy hasaplanylýar. Maşklar sazlaşykly ýagdaýda ýerine ýetirilende adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligini artdyrýar, ruhuny belende galdyrýar. Has ir döwürlerde gündelik durmuşda adamlar dürli-dürli hereketleriň üsti bilen kämilleşip, maşk etmek endigine uýgunlaşyp ugrapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bolsa adamlar döwürlere görä kämilleşip, dürli görnüşli fiziki maşklar bilen meşgullanyp başlapdyrlar. Maşklaryň peýdasy barada lukmançylyk ylmynda meşhurlyk gazanan alym Abu Aly ibn Sina «Beden taplaýjy maşklar erkin hereketler bolup, yzygiderli çuňňur dem alşy emele getirýär» diýip, belläp geçipdir. Adamlar ylgamak, bökmek, towusmak ýaly çalasyn hereketleriň bedeniňi berkidýändigine, ömür dowamlylygyna daýanç bolýandygyna, dem alyş ýollarynyň sazlaşygyny ýeňilleşdirmek üçin peýdalydygyna göz ýetiripdirler. Bedeni berkitmegiň düzgüni kesgitlenilende, adamyň şahsy aýratynlyklaryny, ýaşyny, jynsyny, dürli meteotäsirlere (beden sowamagyna, Gün şöhlelerine we ş.m) düýgurlyk derejesini, beden taýd

Sagdynlyk — sahawat

Halkymyzyň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Mary welaýatynda gurlup ulanylmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi munuň şeýledigini nobatdaky gezek tassyklady. Saglyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak, lukmançylyk tejribesine täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny ornaşdyrmak ýaly işler ilata halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işler her birimizde buýsanç, çuňňur kanagatlanma duýgularyny döredýär. Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden çagalaryň Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaklary halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň sogaply işlerine köňül hoşallygy bolup kalplara doldy. Sagdyn durmuşy gaýtarylyp berlen çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň ýürekden syzdyryp aýdan sözlerini diňläniňde,

Sagdyn jemgyýet — ösüşiň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlar uly rowaçlyklara beslenýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalaryna çuň mazmun bermek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has belende göterýär.