HABARLAR

Sagdynlyk — baky bagtyýarlyk

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesi ösüşiň täze belentliklerine ýetmegiň ilkinji şerti hasaplanylýar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, bedeni taplamaga çagalyk döwründen başlamak gerek. Onuň ýönekeý görnüşi sowuk suw bilen bedeniňi taplamakdyr. Sowuk suw bilen bedeni taplamak nerw ulgamynyň, ýürek-gan damarlarynyň işini we bedende madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Sowuk suw bilen bedeni taplamak üçin, ilki bilen, bedeni 35-360 С dereje ýylylykdaky suwa ezilen süpürgiç bilen süpürmeli. Şular doly we dogry berjaý edileninden soň, az-azdan üstüňden sowuk suwy guýmak arkaly ýuwunmak maslahat berilýär. Tomus aýlary sowuk suw wannasyny mümkin boldugyndan açyk howada kabul etmek gerek. Arassaçylyk iň ýönekeý kadalary berjaý etmekden başlanýar. Ynsan saglygynyň girewi bolan arassaçylyk düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi, köplenç ýüze çykýan ýiti sowuklama keselleri bilen kesellemekden gorap saklaýar. Munuň üçin üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy bir gezek ulanylýan elýaglyk bilen ýapmaly. Elleriňizi ýygy-ýygydan

Gün şöhlesiniň täsiri

Gün şöhlesiniň täsiri esasynda adamyň bedeninde alyş-çalyş hadysalary bolup geçýär. Olaryň netijesinde D witamini emele gelip, daýanç-hereket ulgamyna peýdaly täsirini ýetirýär. Ýöne paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Günüň aşa gyzýan döwri onuň şöhlesinden goranmaly. Onuň üçin çagalar we gartaşan adamlar ýa-da ýokary gan basyş keseli bar bolanlar ir säher bilen daşaryk çykanlarynda hökman arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda alyp gitmelidirler. Beýleki adamlar ýiti Günüň şöhlesinden hökman ak başgaplar ýa-da ýaglyklar bilen goranmalydyrlar we öz ýanlarynda agyz suwunyň bolmagyny üpjün etmelidirler. Ýylyň ähli pasly hem adamyň saglygy üçin öz peýdasyny ýetirýär. Şonuň üçin adam öz saglygyna has paýhasly çemeleşmelidir. Onuň üçin çagalar bilen gezelenç edilende, ir säher bilen 6-dan — 9-a çenli, agşam bolsa 18-den soň, gezelenç edilse has ýerlikli bolar. Gün şöhlesinden goranmak üçin kelläňizi hökman başgap, ýaglyk ýa-da tahýa bilen örtmeli. Çagalaryň egin-eşikleri nah matadan, açyk reňkde bolmaly, Günden goraýan saýawanlary ýanyňyzda götermeli. Şonuň bilen bilelikde çagalaryňyz üçin ýeterlik mukdarda agyz suwunyň bolmagyny öz üns merkeziňizde saklamaly.

Saglygymyz öz elimizde!

Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende D witamini emele gelýär. Şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň! Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!

Saglyk — iň gymmatly baýlyk

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklerine barýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň ynsan saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly başyny başlan beýik işleri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek, keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny ygtybarly goramak we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça asylly başlangyçlara badalga berýär. Bu ugurda soňky ýyllarda has-da uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýtmak aýratyn ýakymlydyr. Halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak babatda tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Kadalary berk berjaý ediň!

♦Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säher hem-de agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. ♦Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.

Guwandyran hemaýata alkyşlaryň çägi ýok

Bäherden etrap hassahanasynda bolup geçen şatlykly waka berkarar Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramak ugrundaky tagallalaryň giň möçberlidigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda halkymyzyň bagtyýarlygy, saglygy we rowaçlygy hemme zatdan ileri tutulýar. Şu jähetden, milli saglygy goraýyş ulgamyndaky ýokary hilli ösüşler we sepgitler ýylsaýyn ilerleýär. Şeýle tagallalaryň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky mysaly welaýatymyzyň we Bäherden etrabynyň ýaşaýjylaryny we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini tüýs ýürekden guwandyrdy. Şol gün etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi mynasybetli etrap hassahanasynyň degresi baýramçylyk şatlygy bilen gurşaldy. Oňa ady agzalan Gaznanyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri we başga-da birnäçe myhmanlar gatnaşdy.

Buýsanjymyzy goşalandyrdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň esasydyr» diýen ýörelgeden ugur alnyp, ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almaga, olary wagtynda we netijeli bejermäge uly ähmiýet berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy lukmançylyk tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzdaky okgunly ösüşleriň nyşany bolan şeýle özgertmeler ähli etrap-şäherleri, şol sanda, iň çetki künjekleri-de öz içine alýar. Etrabymyzyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi şeýle guwandyryjy görkezijileriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda berlen bu sowgat welaýatymyzyň we etrabymyzyň ähli saglygy goraýyş işgärlerini begendirdi. Bu waka bagyşlanyp, hassahanamyzda geçirilen aýdym-sazly dabara türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş bolup ýaňlandy.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini wasp eden

Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan beýik akyldar, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkyň ruhunyň kuwwatly sütünidir. Bu gün akyldar şahyryň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi onuň parasatly pikirleriniň, ynsanperwer garaýyşlarynyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny äşgär edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belleýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolup, türkmen nusgawy edebiýatynyň özeninde durýar. Şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklaryndan söz açýar. Magtymgulynyň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulyp, ol döwrüň ähli meselelerini öz içine alýar. Onuň şygyrlarynyň tematik örüsi köptaraplydyr, çuňňur mazmunlydyr.

Ene süýdüniň ähmiýeti

Perzent — maşgalanyň arzuwy, göz guwanjy. Çaganyň sagdyn dünýä inmegi üçin, ilki bilen, enäniň saglygyny goramaly. Hamyla zenan lukmanyň gözegçiliginde bolup, lukman maslahatlaryny doly ýerine ýetirmeli. Ýaş eneleriň arasynda çaga dogry gözegçilik etmek, dogry iýmitlendirmek, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek barada lukmanlar tarapyndan yzygiderli düşündiriş işleri geçirilýär. Çaganyň dünýä inmegi, sagdyn ösüp ulalmagy, dogry terbiýe almagy ene-atalaryň öňünde duran borçdur. Ilki bilen, çaganyň ene süýdi bilen iýmitlenmegi zerurdyr. Sebäbi ene süýdüniň çaga üçin uly ähmiýeti bar. Ene süýdi çaga bedeninde ýeňil özleşýär, ýokanç kesellerden goraýar we immun ulgamyny berkidýär. Ene süýdi çaganyň ilkinji alty aýynda hiç zat bilen ornuny tutup bolmajak iýmitdir. Onuň düzüminde körpäniň kadaly ösmegi üçin zerur maddalaryň ählisi ýeterlik mukdarda saklanýar. Alty aýdan bäbegiň hereketi artýar. Oňa witaminler we minerallar köp gerek bolýar. Şol döwürden başlap, körpä goşmaça iýmit berip başlamak maslahat berilýär. Ol çaganyň kadaly ösmegi üçin zerurdyr. Şol bir wagtda ony ene süýdi bilen iýmitlendirmegi hem dowam etmeli.

Woleýbolçy lukmanlar bäsleşdiler

Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebinde hassahanamyzyň lukman gelin-gyzlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Lukmanlarymyz «Bagtyýarlyk» hem-de «Galkynyş» atly toparlara bölünip, özara güýç synanyşdylar. Gyzgalaňly geçen bäsleşikde lukmanlarymyz özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede «Bagtyýarlyk» topary ýeňiji boldy. Ýeňijilere hem-de ähli gatnaşyjylara hassahanamyzyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz şäherimiziň beýleki saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda hem ýaryş geçirmekligi meýilleşdirýäris. Sport bilen meşgullanmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!