HABARLAR

Ruhubelentligiň gözbaşy

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni Saglyk, sport, ekologiýa abadançylygy hem-de durnukly ösüş biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler. Ýurdumyzda sagdyn durmuş, daşky gurşawa aýawly garamak ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen, bütindünýä ähmiýetli möhüm başlangyçlaryň birnäçesi, şol sanda watandaşlarymyzyň müňlerçesini birleşdirýän welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek däbi ýola goýuldy.

Jana zulumdyr çilim

Adamyň sagdyn we uzak ýaşamagy köp derejede onuň özüne bagly. Munuň üçin ýaramaz pişelerden daşda durmaly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Ýöne, nebsimiz agyrsa-da, öz saglygyna biperwaý seredýänlerem, çilim çekýänlerem ýok däl. Çilim bolsa adamyň saglygynyň ganym duşmany, janyna zulumdyr. Onuň düzüminde zyýanly maddalaryň müňlerçesi bolup, olar adamyň saglygyna ýykgynçylykly täsir edýär. Çilimi yzygiderli çekýän adamlaryň degna ulgamy gowşak, ukusy ýaramaz bolýar. Olaryň tiz gahary gelýär, pikirlenmesi pes bolýar. Şeýle-de olar özlerini biperwaý alyp barýarlar, häsiýetleri bolsa durnuksyzdyr. Çilimkeşler degna keselleri bilen köp keselleýärler. Çilimiň zyýany diňe ýokarda beýan edilenler bilen tamamlanmaýar. Ol adamyň dem alyş ulgamyna zeper ýetirip, bronhit, öýken çişmesi ýaly howply keselleriň döremegine sebäp bolýar. Şonuň üçin bu howply we bet pişeden daşda duruň! Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanyň! Şonda ömrüňiz manyly, bedeniňiz sagdyn bolar.

Saglyk ulgamynyň kanunçylyk binýady

Hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynda halkymyzyň saglygy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitlenendir. Sebäbi jemgyýet sagdyn bolanda, döwlet hem gülläp ösýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, adam saglygyna zyýanly endiklere garşy göreşmek babatda kabul edilýän kanunlar adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Döwrebap kanunlar alkogolyň, çilimiň we beýleki ýaramaz närseleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek bilen, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, raýatlaryň saglygyny goramaga, nesillerimiziň sagdyn ösüp ulalmagyna gönükdirilendir. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi döwletimiziň halkyň saglygy hakynda edýän aladasynyň subutnamasydyr.

Saglygymyz öz elimizde!

Saglyga gönükdirilen asylly başlangyçlar

Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle işleriň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde has-da kämilleşýär. Munuň şeýledigini golaýda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi hem tassyklaýar. Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýa

Sagdyn durmuşyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar, halkara gatnaşyklarynda möhüm ädimler ädilýär. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň ähli babatda iri halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolýandygyny äşgär edýär. Has takygy, 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri eziz Diýarymyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçilýär. Ylaýta-da, bu günde ýurdumyzyň ähli künjeginde welosipedli ýörişler geçirilýär. Watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda guralýan welosipedli ýörişleriň ynsan saglygyna örän täsirlidigini, welosipedli gezelenç etmegiň ynsanyň şähdini açýandygyny, ruhuny göterýändigini aýratyn nygtamak gerek. Ýakynda, şeýle dabaraly senäniň şowhuny al-asmana göterilip, dürli ýerlerde welosipedli ýörişler, aýdym-sazly çäreler guralar. Biz hem bu senäniň ýokary guramaçylykly geçmeginde

31-nji maý — Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni

Saglyk — başymyzyň täji Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adam hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ynsan saglygyny goramak we dikeltmek hakynda yzygiderli alada edilýär. Bu aladalar bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryndan gözbaş alýar.

Saglygy goramakda peýdaly maslahatlar

♦Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ♦Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar

31-nji maý Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş günüdir Çilim çekmek adam saglygy üçin zyýanly endikleriň biridir. Alymlaryň tassyklamagyna görä, temmäkiniň tüssesiniň düzüminde dört müňe golaý himiki madda bolup, olar adam bedeni üçin örän zyýanlydyr. Yzygider çilim çekýän adamyň dem alşy ýygylaşýar, gan basyşy ýokarlanýar, gan damarlary gysylyp, içki agzalara we beýnä barýan ganyň mukdary azalýar, gan damarlary gatap, ateroskleroz emele gelýär, infarktyň, insultyň döremegine sebäp bolýar. Köp çilim çekýän adamlarda gaharjaňlyk, ukusyzlyk döreýär, ünsi we ýatkeşligi kütelýär, dişleri saralýar, süňkleri gowşaýar, osteoporoz ýüze çykýar. Çilim çekende, adam diňe bir özüni däl, eýsem, töweregindäkileri hem zäherleýär.

Sagdyn nesiller — sagdyn jemgyýetiň daýanjy