HABARLAR

Saglyk — rowaçlygyň binýady

Arkadag sahawaty — haýyr işlere dowamat

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak arkaly mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek, howandarlyga mätäç ýaşajyk raýatlara hemaýat bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy orny eýeleýär. Bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli berjaý etmekde Milli Liderimiziň hut öz başlangyjy boýunça döredilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw-hemaýatlary, şeýle-de Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň alyp barýan ynsanperwer işleri örän ähmiýetlidir. Bu sagaldyş-dikeldiş merkezi çagalarda dürli ýokanç däl keselleriň we şikesleriň ýöriteleşdirilen bejergisinden soňra dikeldiş (reabilitasiýa) çärelerini geçirmek, hossarlyga we howandarlyga mätäç, akyl we beden taýdan ösüşine itergi zerurlygy bolan çagalarda irki ösüş amallaryny geçirmek, şahsy başarnyklaryny ösdürmek, olara saglygy goraýyş kömegini be

Döwrebap lukmançylyk enjamlary gowşuryldy

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar, hassahanalarda, saglyk öýlerinde lukmançylygyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurdaky işlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy-da mynasyp goşant goşýar. Golaýda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna-da Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlarynyň ikisiniň sowgat berilmegi günbatar sebitiň ýaşaýjylaryny örän begendirdi. Täze lukmançylyk enjamlarynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabara ady agzalan gaznanyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de sebitiň saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary bu çärä aýratyn öwüşgin berdi. Çagalar döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Soňra lukmanlaryň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň h

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

29-njy maýda Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda bu saglyk merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Milli Liderimiziň göreldesi — dünýä nusgalyk (Ýaş žurnalistiň sözi)

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni. Dünýä jemgyýetçiligi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ykrarnamasyna öwrülen bu baýramy indi ýedinji gezek garşylaýar. Iki tigir, pedal, tutawaç, çarçuwa — döredilen gününden bäri üýtgemedik şeýle ýönekeý gurluşly welosiped ýer ýüzündäki millionlarça adam üçin amatly ulag serişdesi boldy. Dynç alyş, bedenterbiýe ýa-da gatnaw üçin bolsun, tapawudy ýok, sadaja dizaýny bilen meşhurlyk gazanan welosiped wagtyň synagyndan üstünlikli geçdi hem-de ol adamzat taryhynda iň giňden ulanylýan we umumy ykrar edilen oýlap tapyşlaryň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligini sagdyn ýaşaýşa çagyrmakdaky, döwletleriň arasynda ekologik abadançylygy wagyz etmekdäki möhüm ädimleri boldy.

Çilimiň zyýany

Çilim çekmek dünýäniň köp döwletlerinde giňden ýaýran zyýanly endikleriň biridir. Çilim ony çekýäniň-de, onuň daş-töweregindäki adamlaryň-da saglygyna uly zyýan ýetirýär. Çilimkeşlik köp adamlaryň agyr kesellemegine we maýyp galmagyna sebäp bolýar. Çilim işdäňi kesýär, iýmit siňmegini kynlaşdyrýar, aşgazanyň, gyzylödegiň we beýleki iýmit siňdiriş agzalarynyň başly ýaralarynyň, howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Çilimkeşleriň arasynda dodagyň, diliň, bogazyň we öýkeniň täze döremeleri, ateroskleroz, miokardyň infarkty has ýygy duşýar. Çilim çekýänleriň arasynda dürli kesellere duçar bolmak howpy ýokarydyr.

Etrap hassahanasyna döwrebap lukmançylyk enjamlary gowşuryldy

Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi mynasybetli geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi. Haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, sebitiň saglygy goraýyş işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary oňa aýratyn bezeg berdi. Döwrebap aýdym-sazlarda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwrüniň, Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  amala aşyrýan il-ýurt bähbitli  beýik işleriniň waspy beýan edildi. Çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Welosiped sürmegiň peýdasy

Welosiped sürmek aýaklarymyzyň myşsalaryny berkitmäge ýardam edýär we çydamlylygyny artdyrýar, ýürek-damar, dem alyş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Beýnidäki we beýleki agzalardaky öýjüklere barýan gany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Şeýlelikde, immunitetiň berkemegine peýda edýär. Welosiped sürmek gan damarlarynyň warikoz keselinden ejir çekýänler üçin hem örän peýdalydyr. Aýaklaryň pedalda hereketde bolmagy damarlarda gan aýlanyşyň tizleşmegine, mikrosirkulýasiýanyň gowulanmagyna, westibulýar apparatyň türgenleşmegine, kiçi çanaklykda gan bilen üpjünçiligiň kadalaşmagyna itergi berýär. Bu erkeklerde köp duşýan adenomanyň öňüni almagyň iň ygtybarly serişdeleriniň biridir.

Sagdynlygyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmakda ähmiýetli işler alnyp barylýar.  Şunda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy»  raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn jemgyýetimizi mundan beýläk-de berkitmäge oňyn täsirini ýetirýär. Ilatymyza temmäkiniň zyýanly täsirlerini düşündirmek maksady bilen, lukman maslahatlarymyzy hödürleýäris.

Sagdyn durmuşyň sakasy

Halkymyz ir döwürlerden bäri temmäki, çilim ýaly ýaramaz endiklerden daşda durup, oňa ýykgyn edenleri-de berk ýazgarypdyr. Ajaýyp döwrümizde nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamyň saglygyna zyýan ýetirýän çilimkeşlige garşy göreşmek maksady bilen, ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar, bu ugurda kanunçylyk kämilleşdirilýär. Kabul edilýän döwrebap kanunlar çilimiň we beýleki ýaramaz endikleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegi, temmäkä garşy göreşmegi, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmagy we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmagy maksat edinip, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda, talyplaryň we ýokary synp okuwçylaryň arasynda wagyz-ündew, düşündiriş çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Olarda çilimkeşligiň adam saglygyna ýetirýän zyýany giňden düşündirilýär. Bu çäreleriň ynsan saglygyny berkitmekde, sagdyn ýaşlaryň kemala gelmeginde ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris.