HABARLAR

Arterial gan basyşy üýtgeýär: bu howply ýagdaýmy?

Näsaglaryň arasynda arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda birnäçe pikirler ýüze çykýar. Olaryň haýsysynyň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny bilmek üçin geliň raýatlaryň arasynda ýüze çykýan pikirleri aýdyňlaşdyralyň. 1-nji pikir: «Gan basyşym ýokarlanýan bolsa-da men özümi gowy duýýaryn, diýmek howsala düşmäge esas ýok».

Süýjüsiz diabet

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa endokrin kesellere degişli bolan süýjüsiz diabet barada Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň endokrinolog lukmany Selbi Hudaýgulyýewa bilen söhbetdeş boldy. — Süýjüsiz diabet süýjüli diabetden nähili tapawutlanýar?

Syrdam syratyň syry

Uzyn boýly, syrdam syratly adam hemişe-de daş-töweregindäkileriň höwesli nazaryny özüne çekýär. Her bir ata-ene öz çagasynyň boýuna-syratyna guwanmagyň arzuwynda ýaşaýar. Dana Magtymguly atamyz hem özüniň «Boýlaryňa» atly goşgusynda: Ýörseň, ýarym, guwanar men, Serwi kamat boýlaryňa. Gülden puşeş ýaraşypdyr, Ajap rahat boýlaryňa

Içgeçme

Howanyň üýtgemegi bilen köplenç, duş gelýän keselleriň biri-de içgeçmedir. Bu kesel, esasan, çagalarda ýygy duş gelýär. Içgeçmäniň kiçi ýaşly çagalarda duş gelmegi has howpludyr. Içgeçmede içegäniň hereketiniň çaltlaşmagy, suwuň ýogyn içegede sorulma hadysasynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar döreýär. Netijede, içegelerde gaýnaglama suwuklygynyň köp mukdarda emele gelmegi sebäpli suwuk täretiň ýygy-ýygydan çykmak hadysasy ýüze çykýar.

Çilim näme üçin zyýanly?

Ylmy barlaglaryň netijesine görä, çilimiň tüssesinde zäherleýji maddalaryň 4000-e golaýy saklanýar. Eýsem, olar adamyň saglygyna nähili täsir edýär? Adam bedeninde çilimiň zyýanly täsirine duçar edilmeýän ulgam ýokdur.

«Awaza» şypahanasyna, hoş geldiňiz!

Dag-düzi, deňiz-derýasy, çöli-sährasy ajaýyp ýurdumyzyň gözel tebigaty bar. Gojaman Hazar deňziniň howasy şypaly kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi hem Watanymyzyň gözelligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Awaza» häzirki wagtda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda döwrebap sagaldyş-dynç alyş merkezleri, myhmanhanalary, sport desgalary, medeni-dynç alyş seýilgähleri bilen uly meşhurlyga eýedir. Hazar deňziniň bu ajaýyp kenary jennetiň bir bölegini ýadyňa salýar. Hatar-hatar ekilen daragtlar ösüp-ýetişip gür baglyga öwrüldi. Deňziň üstünden öwsüp gelýän tämiz howa seriňi göge göterýär, göwnüňi galkyndyrýar. Ynsan saglygy üçin şeýle ajaýyp ýerde ýerleşýän «Awaza» şypahanasy hem elmydama köp adamly. Şypahana bir gelen, ýene gelýär. Ýyl-ýyldan şypahana gelýänleriň sany artýar. Hazar deňziniň gözel kenarynda ýerleşýän «Awaza» şypahanasyna ýylyň ähli pasyllarynda gelýänleriň yzy üzülmeýär. Ýagny bu ýeriniň elmydama özüne mahsus tebigy gözelligi hem-de saglyga ýaramly howasy bar. Şeýle-de şypahanada raýatlara hödürlenýän hyzmatlaryň ählisiniň bir binanyň çäginde amala aşyrylýandygy oňaýly ýeňillik döredýär. Döwrebap binanyň şypahana hyzmatlary ýerine ýetirilýän otaglardyr enjamlar bilen ýokary üpjün

Tomsuň çogly günlerinde...

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýakynda açylyp ulanmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem döwletimizde geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdynlygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Zenanlara lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen bina çaga dogrulýan, göwrelileriň patologiýasy, ginekologiýa ýaly bölümlerini öz içine alýar. Çagalar binasynda bäbekleriň patologiýasy, kiçi ýaşly çagalar, nefrologiýa, newrologiýa, mekdep ýaşly çagalar, rewmokardiologiýa ýaly bölümleri halka hyzmat edýär. Her binada kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa, anesteziologiýa-reanimasiýa bölümleri hereket edýär. Olardaky Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Italiýa, Fransiýa, Türkiýe, Russiýa Federasiýasy ýaly döwletlerde öndürilen häzirki zamanyň iň kämil lukmançylyk enjamlary ýokary derejeli bejergi we barlag işlerini geçirmäge ýardam edýär.

Saglyk babatda sowatlylygyň keselleriň öňüni almakdaky ähmiýeti

Nurmuhammet AMANNEPESOW, Muhammet ERGEŞOW, Ogulmähri GELDIÝEWA Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Saglygy goraýşyň habarlar merkezi Saglyk babatda sowatlylyk (SBS) jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň esasy guraly bolup, adam gymmatlygyna gönükdirilen çäreleriň uly toplumyny nazara alýar. SBS – kesgitläp we baha berip bolýan düşünjedir, ony kesgitlemegiň dürli gurallary işlenip düzülen we köp dillere terjime edilendir [3, 6, 7].

Arterial gipertenziýaly näsaglaryň antigipertenziw dermanlary ulanyşynyň farmakoepidemiologiki barlaglary

Orazgylyç ORAZGYLYJOWM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasy Arterial gipertenziýa (AG) ilat arasynda giň ýaýran kesel bolup, howply ýürek-damar gaýra üzülmelerine getirmek mümkinçiliginiň ýokarylygy sebäpli, saglyk öýi şertlerinde dowamly gözegçiligi we köplenç ýagdaýlarda üznüksiz bejergini talap edýär [1, 2, 6]. Şol sebäpli, AG-ly näsaglaryň saglyk öýlerinde maşgala lukmanlary tarapyndan sagaldyş gözegçiliginde saklanylyşy we olaryň öý şertlerinde antigipertenziw derman serişdelerini (AGS) netijeli ulanyşy barada düýpli barlag işlerini geçirmek ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin örän wajyp ähmiýete eýedir.