HABARLAR

Gün şöhlesi we magnit hadysasy

Häzirki döwürde türkmen tebigatynyň gözelligi, Gün şöhlesinden nurlanan Diýar, asuda, parahat asmanymyz ynsan saglygyna, kalbyna rahatlyk, ýaşaýşyna buýsanç duýgularyny eçilýär. Tebigatda her bir paslyň alamatlary birbada ýüze çykman, olar dura-bara peýda bolýarlar. Munuň özi adam saglygyna hem uly täsir edýär. Günüň işjeňligi artan ýagdaýynda, Gün alawy emele gelip, Ýeriň daş-töweregini gurşap, täsirli magnit hadysasyny döredýär. Bu bolsa adamlara we olaryň saglygyna täsir edýär. Adam özüniň sagdynlygyna ýa-da haýsydyr bir keselden ejir çekýändigine seretmezden, howanyň temperaturasynyň, çyglylyk derejesiniň, atmosfera basyşynyň üýtgäp durmagyna uýgunlaşmaly bolýar. Daşky gurşawyň üýtgäp durýan şertlerine hem adam bedeni dem alşyň, ýürek urgularynyň, arterial gan basyşynyň üýtgemegi bilen jogap berýär. Bu bolsa gartaşan adamlara, dowamly kesellerden, ýürek-damar we nerw kesellerinden ejir çekýänlere ýaramaz täsir edýär. Magnit hadysasynyň täsirli günlerinde duýgur adamlarda dem alyş ýygylaşýar, ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işi gowşaýar. Adamlarda gowşaklylyk, ysgynsyzlyk, akyl we fiziki zähmete ukybynyň, ýatkeşligiň peselmegi, başaýlanma, kellagyry, eşidişiň peselmegi, gan basyşynyň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy, üýtgäp durmagy, ukusyzlyk, d

Abadan durmuşyň sakasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkyň saglygy, abadan, bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip nygtaýşy ýaly, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça işler giňden ýaýbaňlanýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem edara-kärhanalarda, okuw mekdeplerinde, raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýar. Saglygy gözüň göreji deý goramak, onuň gadyryny bilmek biziň her birimiziň özümize baglydyr. Bu baradaky paýhasly pikirler il arasynda dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. «Saglyk — baýlyk», «Saglyk başyň täjidir» diýen sözler, hakykatdan hem, ähli zadyň sakasynyň saglykdygyny äşgär edýär. Häzirki döwürde döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň gurlup, halka ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegi babatda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr.

Saglyk — beglik

Tomus paslynyň her bir gününiň yssy bolup bilýändigini we howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli. Tomus paslynda açyk howada işleýän ildeşlerimiz kellelerini ýaglyk, başgaplar bilen örtmeli.

14-nji iýun — Bütindünýä donorlar güni

Ýaşaýyş çeşmesi Adam döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasydyr. “Döwlet adam üçindir!” syýasatynyň esasy ideýalary ynsan saglygyny goramakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk üçin edýän bimöçber tagallalarynyň miwesidir.

Bagtdan paýly nesiller

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ýaş nesil barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Ösüş-özgertmelere beslenen beýik döwrümizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapýar. Gazna tarapyndan çagalaryň saglygyny goramak we berkitmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary, lukmançylyk enjamlary we serişdeler berildi. Ýakynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gaznanyň howandarlyk etmeginde ýurdumyzyň çagalarynyň arasynda «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşigi geçirilip, onuň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglandy.

Sagdynlygyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy hakda bimöçber aladalar edilýär. Bu ugurdaky tagallalar güneşli diýarymyzyň gözel künjeklerinde gurlan we üstünlikli hereket edýän döwrebap şypahanalaryň, lukmançylyk merkezleriniň, şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň sagaldyş merkezleriniň işlerinde aýdyň beýanyny tapýar. Tomus paslynyň gelmegi bilen, raýatlaryň aglabasy zähmet rugsadyna çykyp, saglygyny berkitmek üçin şypahanalary saýlaýar. Şonuň bilen baglylykda, şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň we sypahanalaryň mähellesi barha artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus möwsümi üçin olarda ýokary taýýarlyk işleri amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, sagaldyş merkezlerinde we şypahanalarda, şol sanda Awazada türkmenistanlylaryň ýokary hilli dynç almagy üçin ajaýyp şertler döredildi.

Gün urmasyndan goranyň

Howanyň aşa gyzyp başlamagy bilen, Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Çünki dowam edýän yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak esasy wezipe bolup durýar. Şu jähetden, mundan beýläk daşaryk çykylanda, möwsüme görä, ak ýa-da açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri geýinmegi, kellä başgap geýmegi, ýaglyk daňynmagy, saýawan götermegi, ýanyňyz bilen arassa agyz suwuny almagy unutmaly däl. Gün şöhlesiniň, arassa howadyr suwuň adam saglygy üçin örän peýdalydygy hemmä mälimdir. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň immun (gorag) ulgamyny berkidýär. Ultramelewşe şöhleler öýjüklerde diş we süňkler üçin peýdaly D witamininiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Beden üçin gerek bolan Gün şöhlesiniň ýeterlik mukdarda kabul edilmezligi, adamda keýpsizligiň, uky bozulmasynyň we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne yssy günlerde Gün şöhlesiniň dowamly täsiriniň saglyga zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Hususan-da, yssy howaly günlerde Gün urmakdan ägä bolmaly.

Hormatly watandaşlar!

Tomsuň häzirki jöwzaly günlerinde sagdyn durmuşy üpjün etmek siziň özüňize baglydyr. Munuň üçin, Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy, pasla görä geýinmegi, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, günüň dowamynda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny kabul etmegi, gök önümlere, miwelere, süýt we süýt önümlerine has köp üns bermegi, ýagly hem-de ajy tagamlardan, kakadylan et we balyk önümlerinden daş durup, gaýnadylan, buglanan görnüşinde taýýarlanylan naharlary iýmekligi maslahat berýäris.

Ynsan ömrüniň halasgäri

Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ýurdumyzda donorçylygyň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Muny «Donorçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigi hem doly tassyklaýar. Döwletimizde gan donorlary uly jogapkärçilik bilen saýlanyp alynýar. Ilkinji nobatda, merkeziň kliniki anyklaýyş bölüminde tabşyrylýan gan giňişleýin barlanylýar, onuň düzümi täzeden işlenilýär.

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da, şy­pa­ly Gök­de­re­de hem-de we­la­ýat­lar­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi baş­lan­dy. Ça­ga­lar dynç alyş wag­ty gy­zyk­ly ge­ze­lenç­ler et­di­ler, aň-paý­has, dö­re­di­ji­lik we sport bäs­le­şik­le­ri­ne gat­naş­dy­lar, ýur­du­my­zyň ta­ny­mal adam­la­ry bi­len du­şuş­dy­lar. To­mus gün­le­ri okuw­çy­lar dür­li ugur­lar­da, şol san­da eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ne we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne de­giş­li bi­lim­le­ri­ni­dir ba­şar­nyk­la­ry­ny art­dyr­dy­lar.