HABARLAR

Täsirli geçen maslahat

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmek dogrusynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Buýan köküniň ähmiýeti» diýen at bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler sahawatly türkmen topragynyň dermanlyk ösümliklere örän baýdygyny bellemek bilen, il arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan buýan köküniň ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onikibarmak içegäniň kesellerini bejermekde dermanlyk serişde hökmünde giňden ulanylýandygy, ylmy çeşmelere salgylanyp, Gippokrat, Galen, Ibn Sina ýaly alymlaryň hem dürli kesellerde buýan kökünden peýdalanandyklary barada gürrüň berdiler. Bu ösümligiň düzümindäki glisirrizin turşusynyň ýokanç keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde peýdasynyň uludygyny belläp geçdiler. Buýan köküniň dermanlyk häsiýeti, lukmançylykda ulanylyşy, biologik aýratynlyklary hem-de himiki düzümi barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýändigini nygtadylar.

Köp derdiň dermany Türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýeti dünýä meşhur bolýar

Türkmen — owal-ahyr saglyga sarpa goýup gelen halk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda beýanyny tapan «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri ata-babalarymyzyň saglyga näderejede ähmiýet berendigine, ony dünýäniň mal-mülkünden, genji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär. Pederlerimizden miras galan bu ýörelge Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýerde bir zady, özem örän möhüm zady aýratyn belläp geçmek gerek: biz milli Liderimiziň ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy ugrunda ýadawsyz alada edýändigi, il bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlara badalga berip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterýändigi bilen birlikde, lukman Arkadag, alym Arkadag bolup, öz raýatlarynyň jan saglygyny hemme zatdan ilerde tutýandygy, ony goramaga uly üns berýändigi, bu ugurda ylmyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmaýandygy üçin hem buýsanmalydyrys. «Döwletimiziň beýik geljegi halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr» diýýändigi üçin buýsanmalydyrys. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdür

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Jemgyýetiň sagdynlygy — ýurdumyzyň abadanlygy

Eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde Watanymyz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýan, sportuň ösýän ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, kabul edilýän kanunlar raýatlaryň saglygyny goramak we sagdyn durmuşyny üpjün etmek baradaky aladadan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimizde halkymyzyň saglygy, abadançylygy, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler döwrümiziň beýik ýörelgeleriniň, maksatlarynyň esasyny düzýär. Bagtyýar raýatlaryň abadan durmuşy hem-de ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Türkmen şypahanalarynyň sagaldyş mümkinçiligi artýar

BAGABAT, 2-nji ýanwar (TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramynda oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şu gün iş güni däl diýlip yglan edildi. Bu dynç gününde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap “Bagabat” şypahanasyna baryp gördüler. Bu ýerde ilata ýylyň dowamynda hyzmat etmek üçin ähli zerur şertler döredildi, anyklaýyş hem-de bejeriş bölümleri, şol sanda balneoterapiýa, suw we palçyk bilen bejeriş, fizioterapiýa hem-de SPA bölümleri hereket edýär, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar.

“Bagabat”: sagdynlygyň we tebigat gözelliginiň sazlaşygy

Şu günler, ýagny täze, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen «Bagabat» şypahanasyna baryp, ol ýerde halkymyza hödürlenýän hyzmatlar bilen tanyşýar. Düýn, 3-nji ýanwarda bu ýerde Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we gazet-žurnallaryň redaktorlary hem bolup, şypahananyň köpugurly mümkinçiliklerinden peýdalandylar. Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde bu ýeriň özboluşly tebigaty has-da ajaýyp görnüşe girdi. Türkmen topragy gudratly, şypaly ýerlere baý mekan hasaplanýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak işinde şypahana ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu günki gün şypahanalarda saglygyny dikeldýänleriň sany barha artýar. Ýylyň dört paslynda-da ol ýerler köp adamly.

Saglygyň gadyryn bilgil...

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Saglyk — uly baýlyk

Çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän şu günlerinde her bir ene-ata perzentleriniň käbir düzgünleri berjaý etmeklerini gazanmalydyr. Howanyň şu döwürdäki sowuk günlerinde pasyllara görä geýinmek hökmandyr. Pasyllara görä ýyly geýinmek bizi sowuklamadan hem-de dümewden gorar. Kähalatlarda çagalar gyssanmaç halda howul-hara geýnip, daşary çykýarlar. Kämahal, ulularyň hem, dükana ýa-da golaý aralyga bir ýere gidenlerinde, egni ýuka, aýagyna şypbyk geýmek endigi bar. Bular ýaly ýagdaýlara ýol bermeli däldir. Çünki ýyly ýerden çykyp, sowuga aralaşylansoň, beden sowuga has-da ynjyk bolýar. Şonuň üçin çagalara daşary çykylanda gyşky egin-eşikleriniň ählisiniň: başgabyň, possunyň, ädigiň, elligiň bolmalydygyny sargamaly, egni ýuka, şypbykda daş çykmaga asla ýol bermeli däl. Howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, burnuňa oksolin melhemini çalmagyň hem ähmiýeti uludyr. Köpçülige çykylanda 2 metr howpsuz aralygy saklamalydyr. Bakteriýalaryň hem-de wiruslaryň ýaýramagynyň öňüni almakda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek hökmandyr. Köpçülik ýerlerinden gelnensoň, islendik işiňi edip bolanyňdan soň elleriňi sabynlap ýuwmak zerurdyr. Öýde, iş otagyňda h

Sag­lyk — baş baý­ly­gy­myz

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň kämil we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu asylly işlere biziň her birimiz hem işjeň gatnaşmalydyrys, ýagny sagdyn durmuş ýörelgelerini ýöretmelidiris, arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmelidiris, şeýle hem pasla görä geýnip, öz saglygymyza eserdeň bolmalydyrys.