Saçda goňak görünse...
Saçda goňagyň bolmagy iň halanmaýan ýagdaýlaryň biri hasaplanýar. Köplenç, kelle derisiniň saglygy bilen bagly bolan bu nogsan adamy, aýratyn hem zenanlary, çekinjeňlik halyna getirýär. Adamlaryň köpüsi goňakdan dynmak üçin dürli serişdelerden, emlerden peýdalanyp, meseläni özbaşdak çözmäge synanyşýarlar. Eger ulanylýan ýörite serişdelere garamazdan, goňak aýrylmaýan bolsa, bu adamyň bedeninde haýsydyr bir näsazlygyň dörändigini aňladýar. Şonuň üçin bu meselede lukmana ýüz tutmak gerek. Eger agyr näsazlyk ýa-da deri keseli ýok bolan ýagdaýynda, saç goňagyny aýyrmagyň birnäçe tebigy ýollarynyň bardygyny tejribeler ykrar edýär. Kelle derisiniň goňaklamagyna ýa-da saçda goňak görünmegine getirýän sebäpleriň käbiri şulardan ybaratdyr: saçy kadaly ýuwmazlyk, şampun bilen ýuwanyňdan soň gowy durlamazlyk, ýaramaz iýmitlenmek ýa-da witamin ýetmezligi, käbir deri keselleri, saç timarlaýjy serişdeleri ýygy ulanmak, sowuk ýa-da gurak şertler, saçy az ýa-da köp ýuwmak, ýetginjeklik ýaly gormonal ýagdaýlar, saçyň derisinde bakteriýa ýa-da kömelegiň emele gelmegi. Eger goňagyň döremeginiň sebäbi kelle derisiniň arassalygy ýa-da saça ideg etmekdäki säwlikler bilen bagly bolsa, onda ony aradan aýyrmagyň birnäçe tebigy ýollary bar. Şeýle usullaryň biri limon suwun