HABARLAR

Zirk— iň gadymy derman

Zirk gadymyýetden bäri belli bolan dermanlyk ösümlikdir. Gadymy lukmanlar zirki zähere garşy derman hasaplapdyrlar. Gadymy Müsürde «sary gyzzyrma» keseli möwç alan döwründe zirkiň miweleri giňden peýdalanylyp, ondan em tapypdyrlar. Assiriýa patyşasy Aşurbanipalyň kitaphanasynda palçykdan ýasalan tagtajyklaryň ýüzüne 2650 ýyl mundan öň edilen ýazgylarda zirk «gany arassalaýan» ösümlik hökmünde ýatlanylýar. Orta asyrlarda-da zirk agajynyň gabygy, ýapraklary, köki we miwesi dürli keselleriň emi hökmünde ulanylypdyr. Zirk demlenen içgini üç günüň dowamynda yzygiderli içseň, ötdäki hapalary çykarýar, aşgazanyň, bagryň gyzgynyny alýar, gan basyşynyň beýgelmegini sazlaýar, içegäni arassalaýar, ýüregi berkidýär. Zirkiň yzygiderli içilmegi babasyl keselini bejermekde-de ähmiýetlidir.

Ruhubelentligiň özeni

Ýakynda Tejen etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynyň işgärleriniň arasynda «Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ilatymyzyň saglygyny goramak hakda edýän aladalary, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmegiň kadalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde, kadaly iýmitlenmek, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgelere eýermekleri dogrusynda aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy işjeňleşdirmek wezipelerini döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwürdi. Türkmenistanda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde. Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar, döwrebap sport düzümi kemala gelýär.

Saglygymyz, özümize bagly

Häzirki döwürde, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, gün tertibini dogry alyp barmak hökmandyr. Şol maksat bilen her birimiz: — şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýermelidiris. Ellerimizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly;

Çowdary çöregi

Çowdary dänelik ekinleriň içinde bugdaýdan soňky çöreklik ekin hasaplanýar. Ol dänelik we ot-iýmlik ekin hökmünde dünýäniň köp ýurtlary bilen birlikde, biziň ýurdumyzda hem ekilýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda çowdarydan çörek önümlerini öndürýän kärhanalar işläp, azyk harytlary dükanlarynda çowdary çöreginiň dürli görnüşleri halkymyza hödürlenilýär. Lukmanlar çowdary çöreginiň ynsan saglygy üçin peýdalydygy, onuň, esasan-da, berhizlik ähmiýetiniň bardygy barada anyk maglumatlary berýärler. Çünki onuň dänesiniň düzüminde adam bedenine gerek bolan birnäçe witaminler, beloklar, uglewodlar, mineral maddalar saklanýar. Ylmy maglumatlara görä, çowdary dürli keselleriň öňüni almakda, bejermekde hem uly ähmiýete eýedir.

Biliňi baglap çyksaň, uzak ýollara...

Bilguşak! Bu söz ata-babalarymyzyň saglyga bolan garaýşy, ýörelgeleri, däp-dessurlary we ýaşaýyş-durmuşyň taryhyny özünde jemleýär. Türkmende ýöne zat ýok. Bilguşak ynsana tekge-medet beriji häsiýetden başga-da, adam synasynyň sagat bolmagyna ýardam edýär. Ynsan synasynda daýanç nokady bolan sagdyn oňurganyň köp keselleriň döremeginiň öňüni alýandygy barada ylmy çeşmelerde aýdylýar. Şonuň üçin ene-mamalarymyz enäniň sagdyn bolup, çaganyň sagdyn dogulmagy, ýaş gelinleriň biliniň berk bolmagy üçin alada edipdirler. Ýaş bäbegi bolan gelinlere «içi aşak düşmez» ýaly bilini berk guşamagy tabşyrypdyrlar. Köpügören zenanlaryň biri bir gezek «bilguşak» hakynda gürrüň edilende: «Aslynda, gelinler diňe çaga dogranda bilini guşaman, mydama guşap gezseler, göwresi ýaýrap, bedeni lagşamaz, garranda-da synasy sagat bolar» diýipdi. Şonda il arasynda aýdylýan «Bilimden kuwwat gitmese, dyzymdan gitmez» diýen jümlesi ýadyma düşüpdi. Bilguşak göwräniň çeýeligine, adam güýjüniň bedeni sazlaşykly saklamagyna hem kömek edýär. Çaga dünýä inenden soň bilini guşaman ýa-da öz mümkinçiliginden artyk zat göteren zenanlaryň ýatgysy biraz aşak süýşenden soň, olarda göwreli bolmak kyn düşýän halatlary bolýar. Şonda tejribesi ýetik eneler ýaş gelniň içini «silkip

Peýdaly maslahatlar

Gyş möwsüminde zyýanly mikroorganizmlere garşy göreşde biziň iň esasy kömekçimiz, bedeniň kesele garşy durujylyk ukyby — immunitet bolup durýar. Üsgülewük, dümew, gyzgynyň ýokarlanmagy — bular bedeniň goranyş ulgamynyň mikroblara, wiruslara garşy durup bilmeýänliginiň ilkinji alamatlarydyr. Emma öz iýmitiňizi akylly-başly düzüp başarsaňyz, nähoşlan halatyňyzda ony ýeňil geçirersiňiz. Munuň üçin şu önümlere üns bermegiňiz gerek.

Peýdaly maslahatlar

Gök çaý adam bedeniniň ähli ulgamlaryna we beden agzalaryna oňaýly täsir edýär. Ol immun ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, aşa semizlik bilen göreşmäge kömek edýär, ýürek-damar, böwrek keselleriniň öňüni alýar. * * *

Peýdaly maslahatlar

Ertirlik naharynyň saglyk üçin ähmiýeti örän uludyr. Ertirlik edinen ýagdaýynda her bir adam synalarynyň sagdyn bolmagy üçin zerur bolan minerallary we witaminleri alyp bilýär. * * *

Buýan (Солодка голая)

Häsiýeti. Gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde, takmynan, 15, Türkmenistanda 4 görnüşi duş gelýär. Ösümlik il arasynda süýji buýan diýlip hem atlandyrylýar. Buýan-kösükliler maşgalasynyň buýanlar urugynyň boýy 60—80 (100) santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Baldagy dikligine ösýär, köp şahaly, reňki gyzylymtyl. Ýapragy ýelek şekilli, uzynlygy 5—20 santimetr. Onda 3—10 jübüt ýalpyldap duran dykyz, süýri ýumurtga görnüşli ýapraklar ýerleşýär. Olaryň ýüzüne edil ýelim çalnan ýalydyr.