Saglyk üçin peýdaly
Gyş möwsüminiň sowuk günlerinde ýiti respirator kesellerine ýolukmaz ýaly sagdyn iýmitlenmek zerurdyr. Dürli witaminlere baý önümler hem adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, hem bedeniň sagdyn bolmagy üçin gerekli bolan ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Gyş aýlarynda witaminlere baý hem-de ähli pasyllarda elýeterli bolan şugundyr adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Taryhy maglumatlara görä, şugundyry we onuň ýapragyny biziň eýýamymyzdan öň dermanlyk serişde hem-de iýmit hökmünde ulanypdyrlar. Gadymy rimlilerde bolsa şugundyr hökmany gündelik iýmit hasaplanyp, onuň ýapraklaryny burçlanan çakyra ezip iýipdirler. Biziň eýýamymyzyň başlarynda şugundyr medenileşdirilip, dünýä ýurtlaryna ýaýraýar.