HABARLAR

Halkyň saglygy baradaky aladanyň aýdyň beýany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Halkyň saglygynyň berkidilmegine, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleriň pugta binýady döredildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen gepleşikler geçirilýär.

Arassaçylyk düzgünleri

Keseli bejereniňden öňüni almak aňsatdyr. Munuň üçin her bir adamyň saglygyna aýawly garamagy we ony goramagy zerurdyr. Lukmançylykda arassaçylyk düzgünleri dogry berjaý edilende dürli ýokanç keselleriň öňüni alyp bolýandygy ylmy taýdan we durmuş tejribesinde subut edilendir. Şu nukdaýnazardan, biziň her birimiz arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmegi öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Köp keselleriň iýmitiň, suwuň üsti bilen geçip, agyz boşlugyna düşýändigi üçin arassaçylyga juda üns bermelidiris. Tämiz howa immun ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrýar we kesele garşy göreşijilik ukybyňy güýçlendirýär. Öýde çygly arassalaýyş işlerini wagtly-wagtynda geçirip, tozan bolmazlygyny gazanmaly. Ol adamyň gözüne görünmeýän ýokançlary ýok edýär, dynç alynýan wagtynda ýokary dem alyş agzalaryň işjeňligini gowulandyrýar. Öýde dürli görnüşdäki galyndy böleklerini üýşürmeli däl.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, şu günler edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň, obadyr şäherçe geňeşlikleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat işleri netijeli häsiýetde dowam edýär. Şonuň bilen baglanyşykly wagyz-nesihat duşuşyklarynyň biri-de Ahal welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginde geçirildi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen duşuşyga agzalan önümçilik birleşiginiň işçi-hünärmenleri gatnaşdy. Welaýatymyzyň saglygy goraýyş işgärlerinden hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat wagyz-nesihat toparynyň agzalary duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän giň göwrümli işleriň ähmiýeti barada gürrüň berdiler hem-de her bir adamyň öz saglygy hakynda alada etmelidigini, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermelidigini aýtdylar. Çykyş edenler bedeniň dürli kesellere garşy goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrmakda, şeýle-de howanyň sowuk günlerinde döräp biläýjek keselleriň öňüni almakda, ilkinji nobatda, berjaý etmeli kadalar barada gymmatly maslahatlaryny

Arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň!

• Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! • Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Balaryçylyk — düşewüntli pudak

Balarylary adamzat durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Olaryň öndürýän önümleri — bal, mum, ýelim, gül tozanjyklary, balary zäheri (apitoksin) durmuşda giňden ulanylýar we ynsan üçin iň zerur önüm bolup hyzmat edýär. Şeýle-de, balarylaryň oba hojalyk ösümliklerini garşylyklaýyn tozanlandyrmakda we olardan ýokary hasyl almakda ähmiýeti uludyr. Balarylaryň kömegi bilen, miwe we bakja ekinleriniň hem-de ot-iýmlik ösümlikleriň hasyllylygyny 4 — 7 esse artdyryp bolýar. Balarylar bir gektar gülleýän gowaça meýdanyndan 100 — 300 kilograma çenli bal toplamaga ukyply. Olar pagtany garşylyklaýyn tozanlandyrmak netijesinde onuň hasyllylygyny 40 — 60 göterime çenli ýokarlandyrýarlar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Baş alada — adamlar Häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle hem howanyň sowamagy bilen baglanyşykly ýokanç keselleriň garşysyna öňüni alyş çäreleri ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar.

Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary hasaba almak işini dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Halkyň saglygynyň berkidilmegine, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleriň pugta binýady döredildi. Üpjün edilýän mümkinçiliklere laýyklykda, keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli kämilleşdirilýär we onuň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Munuň özi ylmyň ýokary gazananlaryna esaslanýar.

Kakadylan miweleriň peýdasy

Sahawatly türkmen topragy ýylyň-ýylyna tagamy datly miwedir ir-iýmişleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşlerini boldan eçilýär. Adam saglygy üçin iňňän peýdaly, düzümi ömrüňe ömür goşýan witaminlere baý önümleri uzak wagtlap saklamagyň dürli usullary bar. Ter miweleri taýýarlamagyň iň amatly hem netijeli usuly olary guratmakdyr. Bildirilýän talaplaryň ählisi berjaý edilip taýýarlanan kakadylan miweler hatda uzak wagtlap saklanan ýagdaýynda hem A, B1, B2, С, D witaminleri düýbünden ýitirenok. Gaýtam, miweler guradylanda saglyk üçin ter görnüşindäkiden hem has peýdaly bolýar.

Saglyk — ömrümiziň bezegi

Möwsümleýin ýokuşyp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmak, iki metr howpsuz aralygy saklamak bilen özüňiziň we daş-töweregiňizdäkileriň saglygyny gorap bilersiňiz. Şonuň ýaly-da, şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý edeliň! Diňe gaýnadylyp sowadylan suwy içmeli, aşa sowuk suwy içmeli däl.

Sagdyn durmuş wagyz edildi

Ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça ýurdumyzda netijeli çäreler, wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilip durulýar. Şeýle duşuşyklaryň biri hem Serdar etrabyndaky 14-nji orta mekdepde geçirilip, oňa saglyk ulgamynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, bilim işgärleri, okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak, olardan goranmagyň usullary barada durup geçdiler. Häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy adamyň saglygy, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr. Şonuň üçin agyz-burun örtüklerini dakynmalydygy nygtaldy. Şeýle hem ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmak, kadaly iýmitlenmek maslahat berildi.