HABARLAR

Gawunyň saglyga peýdasy

«Müň bir derdiň dermany» diýlip tarypy ýetirilýän, türkmen topragynyň datly nygmaty bolan gawunlar diňe bir süýji iýmit bolman, eýsem, ynsan saglygy üçin hem melhem hasaplanylýar. Gawundan taýýarlanylýan toşap, kak ýaly peýdaly önümler hem saglyk üçin örän peýdalydyr. Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýän gawunyň bejerijilik häsiýeti barada Abu Aly ibn Sinanyň, Muhammet Huseýiniň we beýleki alymlaryň işlerinde hem giňişleýin beýan edilýär. Gawun, köplenç halatda, gany az ýa-da tapdan düşen hassalara berlipdir. Bu nygmat bagyr kesellerini bejermekde hem peýdalanylypdyr. Böwrekde daş bolanda, gawun çigidini gyzgyn suwda owradyp içipdirler.

Luk­man He­ki­miň sar­gyt­la­ryn­dan

Görk agyzdan

■ Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri-de sagdyn iýmitlenip, fiziki taýdan işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenme süýjüli diabetden, ýürek gan-damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär. ■ Bütin dünýäde ilat arasynda artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermeli. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny mümkin boldugyndan çäklendirmeli.

Plastik we polimer önümlerini ulanmagyň düzgünleri

Dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen, azyk önümleriniň iýmitlik gymmatyny we olary terligine, howpsuz saklamak üçin saklanyş düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi zerurdyr. Şunda azyk önümleri bilen galtaşýan önümleriň biri hem polimer materiallardan ýasalan gaplardyr. Gap-çanak plastikasy 40 ýyla golaý mundan öň peýda boldy. Ylmyň häzirki ýeten derejesi azyklyk harydyň görnüşine, daşamak, saklamak şertlerine, ulanyş aýratynlyklaryna, maksadyna baglylykda, islendik görnüşdäki gaplama materiallaryny öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda azyk önümlerini gaplamakda polietilen, polipropilen, polistirol, poliamidler, poliwinilhlorid, polimetilmetakrilat, aminoplastlar, penoplastlar, fenoplastlar, ftoroplastlar, rezinler ýaly polimer materiallar ulanylýar. Esasy polimerden başga polimerli materiallaryň aglabasynyň düzüminde plastifikatorlar, dolduryjylar, gatadyjylar, reňkleýjiler, eredijiler, bug döredijiler, çalgy maddalary we polimerleriň ulanyş häsiýetlerini gowulaşdyrýan, berkligini güýçlendirýän, deformasiýasyny peseldýän, ýygrylmagyna päsgel berýän, çeýeligini, himiki durnuklylygyny, ýanmazlygyny ýokarlandyrýan maddalar bolýar. Bu goşundylar we pes molekulýar garyndylar polimer bilen himiki bagly däl. Bu bolsa olaryň aýratyn şertlerde galtaşýan gurşawyna

Tomsuň jöwzaly yssysyndan goranyň!

Tomus möwsüminiň howanyň aşa gyzýan günlerinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly, şeýle-de şahsy, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Sag­lyk mak­sat­ly önüm­ler ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilen gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Ol bu ýerde öndürilýän önümleriň «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­nan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­dan ugur al­nyp, ýur­du­my­zyň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry üçin eko­lo­gik taý­dan aras­sa, hal­ka­ra hil gör­ke­zi­ji­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, ýer­li çig mal­lar­dan ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň de­giş­li se­riş­de­le­re bo­lan is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Ar­ka­dag şä­he­rin­de «Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy dö­re­dil­di. Kär­ha­na­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da gün­de­lik ula­nyl­ýan luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, ýo­ka­ry eko­lo­gik ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän pa­myk­la­ry, do­kal­ma­dyk ma­ta­dan taý­ýar­la­

Kalplary şatlyga beslän pursatlar

Durmuşda kähalat garaşylmadyk şatlykly wakalar bolup geçýär. Şeýle şatlykly wakalar, hoş habarlar aýratyn ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edip, ynsan ömrüni uzaldýar. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy Tawus Öräýewa hem garaşylmadyk pursatda uly şatlyga eýe boldy. Ol indi on ýyla golaý wagt bäri oguljygy Mekanyň derdi bilen «dertdeşdi». Dogabitdi näsag oglunyň derdine şypa gözläp edilen emler, alnan bejergiler kän bir haýyr bermese-de, ene umydyny üzmedi. Onuň bar arzuwy çagajygynyň deň-duşlarynyň hataryna goşulyp, ýöräp, ylgap gezmegidi. Ynha, bir günem ýaş ene Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde oguljygy Mekanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa ediljekdigi baradaky hoş habary eşitdi. Tawusyň gözlerinde umyt uçgunlary alawlady. Ol indi Mekanjygyň sagalyp, aýaga galjakdygyna ýüregi bilen ynanýardy. Çünki lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda onlarça çaganyň çylşyrymly operasiýalary geçirip, deň-duşlarynyň arasyna goşulandygyndan teleýaýlymlar, metbugat sahypalary arkaly habarlydy. Uly umyt hem s

«Awaza» şypahanasy

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň keşbini göreniňde göwnüň göterilýär. Awazanyň çäginde sagaldyş toplumlarynyň, oýun attraksionlary bolan seýilgäh zolaklarynyň, köpugurly sport toplumlarynyň, şeýle-de Awazanyň görküne görk goşýan «Awaza» şypahanasynyň peýda bolmagy bilen, eziz Diýarymyzyň raýatlaryna dynç almaga we saglyklaryny dikeltmäge uly mümkinçilikler döredi. «Awaza» şypahanasynda raýatlary gije-gündizleýin tertipde kabul edýärler. Şypahana diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň arasynda däl, onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şypahana dynç alyş ulgamy döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm bölegi bolmak bilen, häzirki zaman şertlerinde ilat üçin bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň giňden elýeterliliginiň üpjün edilmegine, syýahatçylygyň bejeriş-sagaldyş görnüşiniň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Gün şöhlesiniň ähmiýeti

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dertli gullar asla salmaz ýadyndan, lukmanynyň eden emi nep bolsa» diýip, ynsanlaryň saglygyny goramakda lukmanlaryň maslahatynyň uludygyny nesihat edýär. Biz hem tomus paslynyň dowam edýän günlerinde ildeşlerimize Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmak barada maslahatlarymyzy ýetirmegi makul bildik. Tomus bedeniň goraglylygyny ýokarlandyrmak, endamy taplamak üçin iň amatly wagtdyr. Çünki Gün şöhlesi bilen kuwwatlanan myşsalar bedenimiziň işjeňligini artdyrýar. Günüň täsiri bilen ynsan bedeninde D witamini emele gelip, boýuň ösmegine we bedeniň gorag ulgamynyň berkemegine oňyn täsir edýär. Gün şöhlesi bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Ol ynsanyň duýgy damarlaryna örän oňat täsir edýär.

Görk agyzdan

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri sagdyn iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenme süýjüli diabetden, ýürek gan-damar kesellerinden, insultdan we beýleki ýokanç däl kesellerinden goraýar. Häzirki wagtda dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermeli. Her gün ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli.