HABARLAR

Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatynda uly tagallalary edýär. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr» diýlip bellenilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar Watanymyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de pudaklaýyn maksatnamalardyr meýilnamalarda, şol sanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ata Watanymyzda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, täze hassahanalar we saglyk öýleri gurulýar. Geçen ýylda welaýatymyzyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde Ýokanç keseller hassahanasynyň, Ak bugdaý etrabynyň çäginde häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň, paýtagtymyzda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň hem-de Estetik mer

Sagdynlyk — ruhubelentlik

Ýakynda Ahal welaýat Pensiýa gaznasy bölüminde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksadyndan ugur alnan bu duşuşyk welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda guraldy. Oňa Pensiýa gaznasy bölüminde zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden düzülen wagyz-nesihat toparynyň agzalary çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýe işjeňligini ýokarlandyrmak, sagdyn iýmitlenmegi, ýaramaz endiklerden daşda bolmagy gazanmak dogrusynda belläp geçdiler. Olar möwsümleýin kesellerden goranmak bilen baglanyşykly duşuşyga gatnaşyjylara degerli maslahatlaryny berdiler.

Hereket her gün gerek

Häzirki zaman çagalar bagynyň ajaýyp oýun meýdançasynda terbiýeçi zenan körpeje çagalara hereketli oýun oýnadýar: —Bir, iki, üç,Elleriňi aç,Çapak çarp,Alma gap,Kepderijik, ganat kak...

Sagdynlygyň çeşmesi

Almadyr adym meniň,Ýokumlara baýdyryn.Meni köpräk iýenlerBerkider öz saglygyn.

Sagdyn iýmitlenmegiň peýdasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, keselleriň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny uzaltmak boýunça durmuşa geçirilýän işler giň gerime eýe bolýar. Sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalary we ýörelgeleri berjaý edilip, netijeli işleriň esasynda ilatyň saglygy pugtalandyrylýar. Bu möhüm çäreler nädogry iýmitlenmek bilen ýüze çykýan keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam berýär. Her bir adam kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeý düzgünleri dogry berjaý etmäge çalyşmalydyr. Iýmitler kadaly ýagdaýda saklanmalydyr, gök we bakja önümlerinden peýdalanmalydyr. Lukmanlar sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny düşündirýärler. Günüň dowamynda dört-bäş gezek dürli naharlardan az-azdan naharlanmak we ter gök önümlerden taýýarlanan şerbetleri içmek saglyga ýaramlydyr. Bedeniň berk, sazlaşykly ösmegine süýt we süýt önümleri, et, balyk, ýumurtga, gök we däne önümleri oňyn täsir edýär. Witaminlere baý bolan bagyr, balyk we ýumurtga önümleri adam bedenine ýokumlydyr. Eger-de bedene gerek mukdardaky witaminler we minerallar doly derejede barmasa, onda dürli keselleriň ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin gündelik durmuşymyzda sagdyn iýmitlenmegiň ähli düzgünlerini berjaý etmek zerurdyr

Saglygymyzy goralyň!

Ajap döwre saglyk gerek,Saglygymyzy goralyň biz!Başga zatlar tutmaz derek,Saglygymyzy goralyň biz! Lukman Hekimiň ýoludyr,Tämizligiň kadasydyr.Sport ömrüň miwesidir,Saglygymyzy goralyň biz!

Saglygyň gadyryn bilgil...

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Arkadagyň saglyk taglymaty

Saglyk — bu bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Saglyk — bu yzygiderli alada edilip, dowamly berkidilip durulmagyny talap edýän zerurlyk.

Pasla görä geýin we saglygyňy gora!

Türkmençilikde «Gyşyň güni kyrk tüýsli...» diýilýär. Gyşda howanyň sowamagy, käýarym gardyr ýagşyň ýagmagy, birdenem Gün çykyp durmagy bu pasylda egin-eşikleriňe aýratyn üns bermegi talap edýär. Çünki sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak saglyk üçin howpludyr. — Gyşda kelläňizi üşetmekden goraň! Suwa düşüp, çyg saçly daşaryk çykmak saglyk üçin zyýanlydyr. Munuň özi eşidişiň peselmegine, nerwleriň sowuklamagyna, saçyň düşmegine, dowamly çakyzanyň döremegine we beýleki keselleriň ýüze çykmagyna getirip biler. Şonuň üçin hem sowuk howalarda kelläňizi başgap ýa-da ýaglyk bilen ýapmagy unutmaň! Çagalaryňyzy hem başgapsyz daşaryk çykarmaň!

Sagdyn durmuşyň sakasy

1. Zyýansyzlandyryjy serişdelerden ýerlikli peýdalanyp, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli. 2. Üsgürilende, asgyrylanda, agzyňyzy we burnuňyzy elýaglyk bilen ýapmaly.