HABARLAR

Size saglyk ýaran bolsun!

Öýden daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtügini dakynyň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Sagdyn durmuşyň kadalary

Il saglygy — ýurt baýlygy

Balyň saglyga peýdasy Ary baly dünýäde giňişleýin ulanylýan süýji önümiň biridir. Ary balyndaky glýukoza bedeni diňe energiýa bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, bagyrdaky glikogeniň mukdaryny hem artdyrýar. Bu bolsa, belli bir derejede, bagryň zyýansyzlandyryjy işjeňligini güýçlendirýär. Emma ary baly köp mukdarda iýilse, bagryň işjeňligini peseldip bilýär. Häzirki wagtda ary balynda 60-dan gowrak maddanyň saklanýandygy anyklanylandyr. Ary balynyň peýdalylygy, güýçlüligi onuň haýsy ýerde nähili howa şertlerindedigine baglydyr.

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň, sagdyn boluň!

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Şeýle-de dürli ýokanç keseller howa-damja ýoly arkaly näsag adam üsgürende, asgyranda, gürlände, köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin hem otaglaryň howasyny yzygiderli çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassalap duruň! Galyndylary we zir-zibilleri wagtly-wagtyna aýryň! Iýmiti talabalaýyk taýýarlaň! Daşardan geleniňizden, nahardan öň we soň elleriňizi hökman sabynlap ýuwuň! Zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanyň! Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň! Örtügi talabalaýyk, dürs dakynyň! Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz araçägi, 2 metr aralygy saklaň!

Saglygymyzy goralyň, sagdyn bolalyň!

Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ahal welaýat şahamçasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda saglygy goraýyş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerinden düzülen wagyz-nesihat toparynyň agzalarynyň çykyşlaryna orun berildi. Duşuşykda dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliniň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň, şeýle-de pasyl çalşygynda döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almakda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada gürrüň edilip, dürli kesellerden goranmak boýunça oňa gatnaşyjylara degerli maslahatlar berildi. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, pasla görä geýinmegiň, askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmegiň, iş ýerinde we öýde otaglaryň penjiresini wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmagyň, sagdyn we kadaly iýmitlenmegiň peýdasy barada aýdylanlar hem ünsli diňlendi.

Milli mirasymyzda tebipçilik

Türkmen milli lukmançylygynyň düýbüni tutujylar Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitabynda 810 dermanyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýankitabynda» 1000-e golaý, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» kitabynda hem 1000 töweregi dermanyň ady agzalýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik işinde bu sanawyň has köpdügi, güneşli Diýarymyzda 2500-den gowrak lukmançylyk ähmiýetli dermanlyk ösümlikleriň bardygy nygtalýar. Olaryň içinden 27 sanysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Milli golýazmalarda saklanýan ygtybarly çeşmelerdäki maglumatlara görä, lukmançylykda haýsydyr bir keseli bejermegi hassanyň tebigatyna laýyk gelýän iýmitden we dermanlardan başlamalydygy nygtalýar. Dünýä belli alym Muhammet Gaýmaz Türkmen: «Tebip Allanyň et diýen zatlaryny, tagat-ybadatlaryny hökman ýerine ýetirmelidir. Süýji dilli, mylaýym sözli, garyp-pukaralary bejermekde höwesek bolmalydyr» diýip tekrarlaýar. Dermana mätäçlik ýüze çykanda ony talabalaýyk ulanmagy başarmaly. Hassanyň ýaşyna, gylyk-häsiýetine, ýylyň paslyna, dermanyň ýasalyşyna we ulanylyş mukdaryna üns bermeli.

Bedenterbiýe - sagdynlygyň gözbaşy

Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetiň iň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny doly ýerine ýetirmekden we ýaş nesli bu ugra gönükdirmekden ybaratdyr. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, gaty ir döwürlerde her dürli hereketler kämilleşip, adamlaryň maşk etmek endigine öwrülipdir. Olar ylgamak, bökmek we towusmak ýaly hereketleriň bedeni berkidýändigini, ömri uzaldýandygyny we dem alyş ýollaryny sazlaýandygyny bilipdirler. Şonuň üçin, bedenterbiýe we sport ulgamy barha kämilleşipdir.

Çagalaryň saglygyny goramak

Pasyllaryň çalyşýan mahalynda howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy çaga bedenine belli bir derejede täsir edýär. Aýratyn hem ýaş çagalaryň bedeniniň gowşaklygy ýiti ýokanç keselleriň döremegine sebäp bolýar. Näsag asgyranda, üsgürende, gürleşende kesel howa damja ýollary bilen sagdyn çagalara geçýär. Çagalarda ýiti ýokanç keselleriň alamatlary nemli bardalaryň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokary galmagy bilen ýüze çykýar. Ýiti ýokanç keseli çagalarda has-da agyr geçýär, öýken sowuklamasy, dem alyş ýetmezçiligi ýüze çykýar. Ýiti respirator keseli bilen näsaglan çagalary köpçülik ýerlerine alyp barmaly däl. Maşgala lukmanyny çagyrmaly we onuň maslahatyny ilkinji günlerden doly we dogry berjaý etmeli. Ýaş çagalary özbaşdak bejermek maslahat berilmeýär.

Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwuň, sagdyn boluň!

Elleri ýygy-ýygydan ýuwup durmak zerur we peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji mikroblar we bakteriýalar ellerde toplanýar hem-de ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Nahardan öň we soň, daşarda gezelenç edilenden soň, elleri gowy edip, sabyn bilen ýuwmaly. Asgyrylanda, üsgürilende, elýaglyk ulanmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda, hapa elleriň keselleri diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň birtoparynyň döremegi ähtimal. Bu keselleriň toparyna ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Hut şonuň üçin hem ellerimizi elmydama arassa saklalyň, bu peýdaly endigi özümizde hem-de çagalarymyzda kemala getireliň! Elleriň iki tarapyny-da barmaklaryň aralary bilen birlikde akar suwuň aşagynda sabynlap, 20 sekunt gowy edip ýuwmaly. Ellerimizi gowy durlanymyzdan soňra, süpürip guratmaly.

Sagdyn ýaşlar — röwşen geljegimiz

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy bilen bilelikde guramagynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Sagdyn, ruhubelent nesil röwşen geljegimizdir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda edilen çykyşlarda halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny hemmetaraplaýyn goramaga hem-de pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýändigi, saglygy goraýyş ulgamyna dünýäniň iň kämil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygy buýsanç bilen bellenildi. Ýaş nesliň saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmakda, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakda, ömür dowamlylygyny uzaltmakda örän uly işleriň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaşlaryň sagdyn ösüp-ulalmaklary, saýlap alan hünäriniň eýesi bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän mähriban Arkadagymyza alkyş aýdyldy.