HABARLAR

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Arassaçylyk saglygyň girewi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmek, halkyň durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmak babatda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hem halkyň saglygydyr. Arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmek bilen birnäçe ýokanç keselleriň, esasan hem, häzirki wagtda köp duş gelýän ýiti respirator keselleriň öňüni alyp bolýar. Munuň üçin arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Arassaçylyk düzgünlerinde — şahsy gigiýenany berjaý etmek, ýaşaýan, iş otaglaryň arassaçylygyny saklamak möhüm bolup durýar. Elleriňizi elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahar iýmezden öň we soň, daşardan geleniňizden, islendik bir zady elläniňizden soň elleriňizi sabyn bilen akar suwuň aşagynda gowy ýuwmaly. Elleri zyýansyzlandyryjy erginler bilen arassalap durmaly. Howpsuz 2 metr araçägi saklap, agyz-burun örtüklerini dakynmaly. Ýatýan, dynç alýan, işleýän otaglaryňyzyň içinde tiz-tizden zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Iş ýerleriňizde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli. Nahar bişirilýän otaglarda arassaçylyk düzgünlerini pugta ýerine ýetirmeli, gap-gaçlary öz wagtynda ýuwmaly, hapalary wagtynda aýryp durmaly. Içilýän aras

Ertirlik üçin şüle

Adatça, ertirlik naharynda, köplenç, peýnir, ýumurtga, gaýmak, mesge çalnan çörek iýilýär. Düzüminde köp mukdarda uglewodlary, beloklary, ýaglary, mikroelementleri saklaýan bu önümler ýokary kaloriýaly bolsa-da, bedeni gurplandyrmak, kuwwatlandyrmak üçin ýeterlik däldir. Ertirlik nahary proteinlere, antioksidantlara, witaminlere baý bolmalydyr. Süle, tüwi dänesinden taýýarlanan şüleler bedeni olar bilen doly üpjün edip bilýär. SüleSüle sowuklama garşy täsir edýär, immuniteti pugtalandyrýar, bedeni zäherli galyndylardan arassalaýar. Ol energiýanyň baý çeşmesi hasaplanýar. Süleden taýýarlanylan şüle yzygiderli ulanylanda, ol gandaky glýukozanyň derejesiniň peselmegine itergi berip, süýjüli diabetiň öňüni almaga ýardam edýär.

Lukmanyň maslahatlary

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mary etrap hassahanasynyň Peşanaly oba saglyk merkeziniň şepagat uýalary oba ilatynyň saglygy barada düýpli aladalanýarlar. Saglyk merkeziniň şepagat uýasy Ogulbäbek Geldiýewa hem bu merkezde birnäçe wagt bäri zähmet çekip, oba adamlarynyň alkyşlaryny gazanýar. SURATDA: Ogulbäbek Geldiýewa iş wagtynda.

Arassaçylyk saglygyň girewidir

Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda arassaçylyk kadalaryny wagyz etmek maksady bilen golaýda TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi tarapyndan obalarda arassaçylyk işleriniň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek boýunça maslahat geçirildi. Bu mesele boýunça düzülen toparyň geçiren işleriniň barşynda etrabyň Mülkýusup, Mollanepes adyndaky, Halyl, J. Atajanow adyndaky, Gökje geňeşlikleriniň çäginde arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek, geňeşlikleriň hem-de daýhan birleşikleriniň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, oba saglyk merkezleriniň, oba medeniýet öýleriniň daş-töweregini arassalamak, baglaryny aklamak, köçelerini arassalap, zyýansyzlandyrmak işlerini geçirmek barada maslahat berildi. Şeýle hem oba ýaşaýjylary bilen şahsy gigiýenany berjaý etmek, talap edilýän 2 metr aralygy saklamak, agyz-burun örtüklerini dakynmak babatynda wagyz-nesihat işleri guraldy. Babajan GURBANOW.

Saglyk — tebigat bilen sazlasyk

Her paslyň özüne mahsus gözellikleri we aýratynlyklary bar. Adamyň bedeni pasyllaryň çalşygynda şol paslyň aýratynlyklaryna uýgunlaşmaga başlaýar. Bu hadysa immun ulgamyna, madda çalşygyna täsir edýär. Bedenimizi täze howa şertlerine uýgunlaşdyrmak üçin biz sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta berjaý etmelidiris. Gyş paslynda adamyň bedeni suwuk tagamlary az talap edýär, ýokumly tagamlary köp iýmeli bolýar, ol iýmitler bedende energiýa öwrülýär, bu energiýa bolsa bedeniň ýylylygyny üpjün edýär. Ýokumly tagamlara et we et önümleri, balyk, däneliler, çörek, mesge, şeýle hem noýbaly el unaşy, mäşgarma ýaly dürli milli tagamlarymyz degişlidir. Gyş paslynda limonly, itburunly, bally çaý adamlaryň isleg bildirip içýän esasy tagamlarynyň biridir. Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlar bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp içmelidir.

Saglyk üçin maslahatlar

Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.

Tebigatyň täsin tebibi

Diýseň peýdaly hem ýokumly bu ot barada bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Ysmanak ekilenden soň, bary-ýogy bir aýda ýetişýär. Ýabany görnüşde ysmanak Kawkazda, Owganystanda, şeýle-de biziň ýurdumyzda giňden duş gelýär. Arap ýurtlarynda edil kelemdir beýleki önümler ýaly, ysmanak nahar bişirmekde iň köp ulanylýan önüm hasaplanylýar. Peýdaly maddalaryň hakyky hazynasydygyny göz öňünde tutup, ýewropalylar oňa “Tebigatyň täsin tebibi” diýip at beripdirler. Ol, aýratyn-da düzüminde köp mukdarda demriň bardygy bilen gymmatlydyr. Onuň peýdaly taraplarynyň biri-de beýniniň işleýşini gowulandyrýar, gan bedenjikleriniň döremegine işjeň gatnaşýar, immun ulgamyny goraýar, ýadawlygy peseldýär. Bişirilen görnüşdäki ysmanak has-da ýokumly bolup, onuň düzümindäki antioksidantlaryň mukdary has-da artýar. Ysmanagyň düzümindäkiden köp belok diňe gök nohutda hem-de noýbada bardyr. Şol sebäpli beden ysmanagy tiz özleşdirýär. Şonuň ýaly-da ysmanak düzüminde kaliý, demir we marganes saklamak boýunça rekordsmendir. Ol ganazlykdan ejir çekýänler we hassalykdan soňky dikeldiş döwründäkiler üçin, sowuklama garşy diýseň peýdalydyr. Iç ýörediji we buşukdyryjy täsiri, düzüminde köp mukdarda ýoduň bolmagy onuň saglyk üçin gymmatlylygyny has-da artdyrýar. Düzümindäki beta-

Lukmançylyga bagyşlanan naýbaşy kitaplar

Ge­çen 2020-nji ýyl iň esa­sy baý­ly­gyň il sag­ly­gy­dy­gy­ny bü­tin adam­za­da ýat­lat­dy. Žur­na­ly­my­zyň bu sa­nyn­da biz şol ha­zy­na­nyň sak­çy­la­ry­na — luk­man­la­ra hem-de, umu­man, luk­man­çy­ly­ga, sag­ly­ga ba­gyş­la­nan ki­tap­lar ba­ra­da söh­bet aç­mak­çy. Gür­rü­ňi­ni et­jek ki­tap­la­ry­my­zyň ara­syn­da çe­per eser­le­rem, yl­my-po­pul­ýar, ter­ji­me­hal hä­si­ýet­li ki­tap­la­ram bar. Ola­ryň ba­ry­sy, hat­da luk­man­çy­lyk­dan känbir baş çy­kar­ma­ýan adam­lar­da-da uly gy­zyk­lan­ma dö­re­dip bil­ýär.