HABARLAR

Kadaly iýmitleniň, salamat boluň!

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata Watanymyzda adam we onuň saglygy barada döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda adamlaryň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, netijede bolsa, ýurdumyzda ynsan ömrüni uzaltmaga gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sagdyn bolmak üçin dogry iýmitlenmeli. Gündelik iýmitiň düzümi witaminleri, mineral duzlary, uglewodlary, ýaglary, beloklary talap edilýän mukdarda saklaýan önümlerden (gök we bakja önümleri, ir-iýmişdir miweler, et we süýt önümleri, galla we kösükli ösümlikleriň önümleri) ybarat bolmaly. Ýiti respirator ýokançlaryň ýaýramak howpy ýokarlanýan döwürlerde immuniteti pugtalandyrýan C witamine baý, gyzyl bolgar burçuny, pomidory, sitrus miweleri (limon, apelsin, mandarin), kesel dörediji bakteriýalara garşy täsirli fitonsidleriň egsilmez çeşmesi bolup durýan, düzüminde gakylygyň gopmagyny üpjün edýän efir ýaglary saklanýan sarymsagy, bedeni kuwwatlandyrýan baly, gyzgyny peseldiji, agyryny köşeşdiriji, sowuklama garşy täsirli böwürsleni, üljäni ýeterlik ulanmaly.

«Ýeňiljek ýoňlamadyr, geçer-gider» diýmäň!

Bedeniňiziň gyzgynlygy kadaly ýagdaýda bolsa-da, bokurdagyňyz awuşap, burnuňyzdan suw akyp durmagy, käte burnuň dykylyp, bokurdagyň gijemegi, kelläniň çalaja agyrmagy ýaly alamatlar birdenkä peýda bolanda, bu alamatlara adamlar aglaba üns bermeýärler, geçer-gider öýdýärler. Aslynda bolsa, bu alamatlaryň haýsydyr bir agyr keseliň bardygyny habar berýän bolmagy mümkin. Ylaýta-da, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy anyklaýyş-bejeriş işleriniň gaýra goýulman geçirilmegini talap edýär. Bedeniňiziň gyzgyny kadaly ýagdaýda bolsa-da, bokurdagyňyz awuşap, burnuňyzyň suwy akyp durýan bolsa, megerem, siz rinowirusyň döredýän keselinden, ýagny rinitden ejir çekýän bolmaly. Munuň üçin üç-dört günläp damarlary daraldyjy damjalary ýa-da spreýleri ulansaňyz ýa-da kesel alamatlarynyň ýeňil geçmegini üpjün etmek üçin sowuklama garşy täsirli dermanlyk ösümlikleriň (çopantelpek, bidenek) gaýnatmasyny içseňiz täsirli bolar. Burun dykylma bir hepdeden köpe çekse, üstesine bedeniňiziň gyzgyny ýokarlanyp, üsgürýän bolsaňyz, onda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Şeýle alamatlar dümewde ýüze çykyp bilýär. Lukman gelýänçä gyzgynyňyzy peseltmek üçin parasetamolyň ýa-da nurofeniň bir tabletkasyny içseňiz bolýar. Ýagdaýyňyz agyrlaşyberse, lukman gelýänçä, wirusa garşy tä

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip...

Welaýat häkimliginiň garamagyndaky 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde hem arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişi, kadaly iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek we agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmak barada wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Wagyz-nesihat çärelerine hünär mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşýarlar. Şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda ygtybarly çäredigi hakynda talyp ýaşlara yzygiderli ündelýär. Olaryň agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmagyna, howpsuz araçägi saklamagyna gözegçilik edilýär. Orta hünär okuw mekdebimizde işgärleriň, mugallymlaryň we talyplaryň şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly berjaý etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň ellerini ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagy üçin oňaýly şertler döredildi. Şeýle hem, okuw mekdebimiziň esasy girelgesinde we okuw otaglarynda saglyk burçlary döredilip, zerur arassaçylyk we zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen doly üpjün edildi. Okuw otaglarynyň arassaçylygyna, zyýansyzlandyrylyşyna we ýelejiredilmegine gözegçilik edilýär we bu babatda zerur çäreler wagtly-wagtynda berjaý edilýär. Şeýle hem üzärlik oty ýygy-ýygydan tütedilýär.

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Ýurdumyzda arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegine, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüniň alynmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Arassaçylygyň iň ýönekeý kadalary berjaý edilende, keselleriň köpüsiniň, hususan-da, ýiti respirator keselleriň öňüni alyp bolýar. Möwsümleýin duş gelýän ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek maslahat berilýär. Munuň üçin üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy bir gezek ulanylýan elýaglyk bilen ýapmaly. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup durmaly. Bir gezek ulanylýan elýaglyklary ulanyp bolanyňyzdan soňra, ýörite niýetlenen zibil gaplaryna taşlamaly. Howanyň üsti bilen dürli tozan bölejikleriniň, kesel dörediji mikroblaryň dem alyş ýollaryna düşmeginiň öňüni almak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmak her bir adama zerur bolup durýar.

Beýi şerbeti

Gerekli önümler: 2 sany beýi, 2 bulgur şeker, 1 litr suw. Taýýarlanylyşy: Beýini gowy arassalap, ony böleklere bölmeli. Üstüne şekeri, suwy guýup, beýi gowy ýumşaýança, reňki çykýança pesejik otda gaýnatmaly.

Halk lukmançylygyndan

Gyzyl burç Gündelik metbugatlardan burçuň peýdasy baradaky makalalary okanymda gaýynenemiň gürrüň beren bir wakasy ýadyma düşdi.

Saglyk bolsa, beglik bolar

•Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly ýa-da ýöriteleşdirilen zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. •Iýmitiňize aýratyn üns berip, ýokumly maddalara baý bolan tagamlary köp iýmeli, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrmaly.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Derde derman miweler

Bereketli türkmen topragy jana şypaly ot-çöplere, derde derman ösümliklere juda baýdyr. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda olary keselleri bejermek, saglygy berkitmek üçin iýmit hökmünde sarp edipdirler we derman serişdelerini taýýarlapdyrlar. Watanymyzda bitýän melhemlik ösümlikleriň bejerijilik häsiýetleri, aýratynlyklary, olardan derman serişdeleriniň taýýarlanylyşy baradaky maglumatlar hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Ýurdumyzda bitýän ösümlikler bilen bir hatarda, miweleriň hem ynsan saglygyna peýdasy uludyr. Dünýä lukmançylygynda hem saglygy berkidiji häsiýetli miweleriň köp mukdarda sarp edilmegine uly ähmiýet berilýär. Olar diňe bir saçaklarymyzy bezemek bilen çäklenmän, eýsem, bejerijilik häsiýetleri bilen hem uly ähmiýete eýedirler.

Saglyk size ýaran bolsun!

Daş-töwerekdäki adamlary ýokançdan goraň! Eger üsgürýän bolsaňyz ýa-da gyzgynyňyz ýokary bolsa, adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň! Gyzgynyňyz ýokarlansa, üsgürseňiz we dem alşyňyz kynlaşsa, mümkin boldugyça wagt ýitirmän, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutuň!