HABARLAR

Sagdyn iýmitlenmegiň peýdasy

Sagdyn ýaşaýşyň esasy ýörelgeleriniň biri hem dogry we kadaly iýmitlenmekdir. Bu babatda gaýtadan işlenilýän azyk önümlerinden daşgary, tebigy hem ter önümlerden iýmitlenmek maksadalaýykdyr. Maglumatlara görä, häzirki wagtda Ýer ýüzündäki adamlaryň aglabasy düzüminde ýokumy ýokary derejede bolan ýagly, şekerli, duzly önümleri aşa köp iýýän bolsa, şol bir wagtyň özünde gök önümleri, miwedir ir-iýmişleriň örän az mukdaryny kabul edýärler. Bu bolsa bedeniň kesellerden goranmak ýaly mümkinçiliklerini çäklendirip biler. Hut şonuň üçin kadaly iýmitlenmegiň ýörelgelerine esaslanmalydyrys. Sagdyn iýmitlenmegiň ýörelgeleri:

Il saglygy — ýurt baýlygy

Yssy günler hüşgär bolmaly Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde uly tagallalar edilýär. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň il-gün bähbitli işlerde özüniň beýanyny tapýandygyny subut edýär. Şol bir wagtda her birimiz saglygymyzy goramakda özümiz aladalanmalydyrys.

Hoşboý ysly ösümlik

Ynsan saglygy üçin peýdaly gök otlaryň biri narpyzdyr. Dodakgüllüler maşgalasyna degişli bolan bu ösümlik yzgarly, ýagty we mes topragy halaýar. Narpyzdan taýýarlanylýan işdäaçarlara, dürli sowuk içgilere tomus paslynda has köp isleg bildirilýär. Aýratynam, narpyzly çaýyň kellagyryny aýyrmakda, rahat uklamakda peýdasy örän uludyr. Gadym döwürlerde narpyzy ömri uzaldýan ösümlik hökmünde hem peýdalanypdyrlar. Bu ösümlikdäki peýdaly serişdeleriň sazlaşygy adam bedeniniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, köp keselleriň öňüni almaga ýardam edýär.

Peýdaly maslahatlar

Ýiti, göni düşýän Gün şöhlesinden baş gaplary geýmek, saýawanlary ulanmak bilen goranmaly. Tomus paslynda gezelenje çykylanda kiçi ýaşly çagalar uly adamlaryň gözegçiliginde bolmaly.

Tomus paslynda bedeniň sagdyn bolmagy üçin

Her bir paslyň öz aýratynlygy bolýar. Tomus pasly babatda hem şeýledir. Bu pasylda berjaý etmeli düzgünler we iýmit kabul ediş kadalary bar. Bedeniň sagdyn bolmagyny üpjün etmek üçin howa aýratynlygyna üns bermeli. Bilşimiz ýaly, tomusda yssy, gyzgyn, güneşli howa köp bolýar, howanyň derejesi üýtgäp durýar. Bu bolsa adama täsir edýär. Gün şöhlesi D witaminini emele getirýär. Gün adamyň immun ulgamyny gowulandyrýar, gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Ýöne Günüň aşagynda köp durmak hem zyýanlydyr. Şonda Gün urma hadysasy bolup geçýär. Ol howanyň gaty gyzmagy, Gün şöhleleriniň ýitileşmegi netijesinde ýüze çykyp bilýär. Şunuň bilen baglylykda, adam işlände, dynç alşa gidende, suwa düşende, Günüň ýiti şöhlesiniň täsirinden goranmalydyr. Gün şöhlesinden peýdalanmak üçin amatly wagt ir säher sagat 6-dan 9-a çenlidir. Günortan açyk Günüň astynda gezmek maslahat berilmeýär. Kelläňe başgap geýmegi, gözüňe Gün şöhlesinden goraýan äýnek dakynmagy, saýawan ulanmagy ýatdan çykarmaly däl.

Jana melhem deňiz suwy

Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde deňizde suwa düşüp, dynç almagyň aýratyn bir lezzeti bar. Güneş, çäge, duzly deňiz  suwy we howasy tebigy dermanhana bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen birlikde, deňiz suwy adam bedeni üçin peýdaly maddalara baýdyr. Onuň bejerijilik häsiýetleri irki döwürlerden bäri mälimdir. Gippokrat süňk döwülmeleriniň tiz bitmeginde, myşsa we bil agyrylarynda deňiz suwunyň peýdalydygyny belläp geçipdir. Deňiz suwunyň düzüminde minerallaryň 90-a golaý görnüşi bar. Olardan kaliý, magniý, kalsiý, brom bedendäki alyş-çalyş hadysalaryna we öýjükleriň täzeden dikelmegine itergi berýär, nerw ulgamyny pugtalandyrýar. Deňizde suwa düşmek adam bedenine oňyn täsir edýär. Immunitetiň berkemegine, gan aýlanyşynyň kadalaşmagyna, respirator kesellere garşy durujylygy ýokarlandyrmaga, deriniň we saçyň ýagdaýyny gowulandyrmaga, ganyň kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edýär. Bularyň ählisi deňiz suwunda ergin haldaky peýdaly maddalaryň adam bedenine göni täsir etmegi netijesinde bolup geçýär. Deňizde 30 minutlap suwa düşülende, bedeniň hemme ýerine owkalanan ýaly täsir edýär. Deňiz suwunda ýod köpdür. Munuň özi galkan şekilli mäziň işine itergi berýär. Deňziň kenarynda 15-20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi ýokar

Iýmit arassaçylygy möhüm talapdyr

Sagdyn iýmitlenmek sagdyn ýaşaýşyň çeşmesidir. Howanyň yssy günleri iýmit arassaçylygyna aýratyn üns bermeli. Käbir iýmitler tiz zaýalanagan bolýar. Şonuň üçinem olaryň saklanyş düzgünlerini berk berjaý etmeli. Iýmitiň görnüşleriniň köpdürlüligini üpjün etmek maksady bilen, iýmitde ýokumly maddalara, witaminlere baý bolan miweleri we gök önümleri yzygiderli ulanmaly, zyýanly doýgun ýag turşularyna baý bolan mal ýaglaryny peýdaly ösümlik ýaglaryna çalyşmaly. Adamyň iýmitinde ýaglaryň köptaraply ähmiýeti bar. Olar çagalaryň boýunyň ösmegi, kelle-beýni öýjükleriniň gurluşy üçin peýdalydyr. Ýaglar A we D witaminlerini doly özleşdirmek üçin zerurdyr. Olar ösüp barýan beden üçin zerur bolan fosfatitleriň we ýag turşularynyň çeşmesidir. Bedeniň ýaga bolan islegi beloga bolan islegi bilen deňdir. Ýöne ýaglaryň köp, çendenaşa kabul edilmegi ýürek-damar, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly kesellere getirip bilýär. Howanyň yssy günlerinde adamyň suwa bolan islegi öňkülerinden artýar. Adamlara gazlandyrylan, dürli reňkli içgileri köp içmeklik maslahat berilmeýär. Onuň deregine sowadylan, gaplanan arassa agyz suwuny, gök çaý içmeli. Şeýle hem kremli, yssy howada tiz zaýalanýan konditer önümlerini aşa köp iýmekden saklanmalydygyny ýatladýarys. Ý

Kädi çigidi

Kädiniň adam saglygyny goramakda we berkitmekde peýdasynyň bolşy ýaly, onuň çigidi hem peýdalydyr. Kädi çigidi beloga, peýdaly ýaglara, kletçatkalara, antioksidantlara we beýlekilere baýdyr. Onda E, K we B toparynyň witaminleri bar. Munuň özi onuň dermanlyk häsiýetlerini ýokarlandyrýar. Kädi çigidi ýürek-damar ulgamyna peýdaly bolmak bilen, gan basyşyny we gandaky süýjini kadalaşdyrýar. Hatda ol saç düşmeginiň hem öňüni alýar. Serbiýaly alymlar kädi çigidiniň ýagynyň ýürege peýdalydygyny subut etdiler. Kädi çigidi ýadawlygyňy aýyrýar, onda magniniň köp bolmagy nerw ulgamyna täsir etmek bilen, ukyny kadalaşdyrýar, sagdyn immun ulgamynyň, durnukly ýürek urşunyň bolmagyna ýardam edýär, süňkleri berkidýär. Onuň sowuklama, mikroblara garşy we peşew çykaryjy tebigy serişdedigini bellemek gerek. Iýmit siňdirişi kadalaşdyrmakda, gandaky holesterini azaltmakda, gan aýlanyş ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrmakda we gan damarlaryny giňeltmekde haýyrlydyr. Horlanmak isleýänler üçin hem peýdaly önümdir.

Bedew münen hassa bolmaz

Ippoterapiýa (atly terapiýa) atly gezmek ýagdaýynda adam tarapyndan ýerine ýetirilýän bejeriş bedenterbiýesidir. Bu ugurda gadymy döwrüň alymlary hem öz ýazgylarynda belläp geçipdirler. Gippokrat sussupes, tukat adamlara atyň üstünde gezim etmegi maslahat berip, onuň erbet pikirlerden daşlaşdyrýandygyny aýdypdyr. XVIII asyrda ensiklopediýaçy Deni Didro öz eserinde: «Beden maşklarynyň arasynda birinji orun at münmeklige degişlidir. Onuň kömegi bilen köp sanly keselleri bejerip bolýar, hatda olar ýaňy ýüze çykyp başlanda, öňüni almak hem mümkindir» diýip belläp geçýär. Türkmen nusgawy şahyry Seýdi hem «Üsti bedewiň» atly şygrynda: Bedew münen hassa bolsa sag olur, Çeşmi hyra bolur, keýpi çag olur,Köňli hup açylan täze bag olur,Gunça-gülüstandyr üsti bedewiň —

Günüň zyýanly täsirinden goranyň!

Şu günler tomsuň jöwzaly günleri dowam edýär. Yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak örän möhümdir. Howanyň çakdanaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gündiziň yssysynda çagalaryň daşarda oýnamagyna ýa-da gezelenç etmegine rugsat bermeli däldir. Ýaş çaganyň bedenine zerur bolan D witamininiň gerekli mukdaryny almak üçin onuň bilen her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam bolsa sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir.