HABARLAR

Gün şöhlesi

Çagalar — durmuşymyzyň bezegi, kalbymyzyň guwanjy. Çaganyň dogry iýmitlenmegi, gowy dynç almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy olaryň sagdyn ýaşamagynyň girewi bolup durýar. Tomus paslynda ýurdumyzyň beýleki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde bolşy ýaly, Gökderedäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde hem bagtyýar çagalaryň dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Olara arassaçylyk tertip-düzgünleri, kadaly iýmitlenmek, wagtly-wagtynda ýatyp turmak, Gün şöhlesinden goranmak barada wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.

Kadaly iýmitlenmek

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri sagdyn iýmitlenmek hem fiziki taýdan işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek adam bedeniniň goraglylygyny üpjün edýär. Dünýäde semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Iýilýän iýmitiň düzüminde rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny mümkin boldugyndan çäklendirmelidir.

Tomusda

- Howa şertlerine görä geýinmeli. - Witamin С — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli.

Mineral suwlaryň ähmiýeti

Türkmenistanyň mineral suwlary onuň tebigy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan öz çäginde şypahana bejergisi üçin möhüm şertlere hem-de bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan köpsanly mineral suwly çeşmelere we bejeriş palçyklaryna eýe bolan ýurtdur. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli şypahanalary döwrebaplaşdyryldy, täze binalar bilen üpjün edildi. Balneologiýa mineral suwlaryň gelip çykyşyny, fiziki-himiki alamatlaryny, olaryň bejeriş we keselleriň öňüni alyş maksatlarynda hammam görnüşinde hem-de içimlik görnüşde ulanylyşyny, keselleri bejermekde lukmançylyk görkezmelerini öwrenýän ylymdyr. Balneoterapiýa hem şu sözden gelip çykmak bilen, keselleriň öňüni almakda, bejermekde hem-de dikeldiş tapgyrynda mineral suwlary hammam we içimlik bejergisinde, içegeleri arassalamakda we beýleki maksatlarda peýdalanmakdan ybaratdyr. Ekologik taýdan arassa tebigy bejeriş serişdeleri, olaryň elýeterliligi, bedene zyýansyz bolmagy adamlaryň saglygyny berkitmäge, immun ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, keselleriň öňüni almaga we bejergiden soň adamlaryň özüni dürsemegine ýardam berýär. Mineral suwlar tebigy ýerasty suwlar bolup, düzüminde bedene bejeriş täsirini ýetirýän peýdaly biologik işjeň maddalaryň bolmagy, gaz düzüminiň aýratynly

Gün urmadan ägä bolalyň!

Gün urma — bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde, beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý daşarda, deňizde, açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz uzak wagtlap gezilen ýagdaýynda ýüze çykyp bilýär. Gyzgyn howada derlemek bilen, bedenden gerekli maddalar we suwuklyk çykarylýar, bu bolsa, öz gezeginde, bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna we gyzmagyna getirýär. Şol sebäpden tomsuna açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri, başgaplary geýmek we ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmek maslahat berilýär. Gün urmada ýürek bulanma, kellagyry, baş aýlanma, umumy gowşaklyk, aşa ukuçyllyk, ysgynsyzlyk, ýüzüň gyzarmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, gulak şaňlamasy, gözüň garaňkyramagy, dem alşyň we ýürek urşunyň çaltlaşmagy, deriniň Güne ýanmagy, çaşmak we tutgaý alamatlary ýüze çykýar. Deňiz kenaryna dynç almaga gidýänlere Günüň şöhlesiniň ýere göni düşýän wagty, ýagny günortan sagat 11:00-dan 16:00-a çenli suwa düşmezlik, baş örtüksiz daşary çykmazlyk, alkogolly içgileri içip, Günüň aşagyna çykmazlyk maslahat berilýär. Deňze suwa düşmäge gidilende pagtadan tikilen eşikleri geýmeli, daşary baş örtükli çykmaly, daşarda bolan wagtyň arassa suwdan köpräk

Il saglygy — ýurt baýlygy

Derde melhem şypahana Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde şypahana ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Her bir raýatyň göwnejaý dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikler ata Watanymyzda ynsan saglygynyň yzygiderli berkidilmegine ýardam berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamlaryň saglygyny goramak babatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde «Daşoguz» şypahanasynyň agzybir işgärleri hem yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar.

Yssy howada saglygyňyzy goraň!

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy adam bedenine özüniň belli bir derejede täsirini ýetirýär. Yssy howa käbir keselleriň ýüze çykmagyna, ozal bar bolan dowamly keselleriň bolsa möwjemegine getirýär. Yssy howa adamyň ýürek-damar ulgamyna, kelle-beýnisine, dem alyş ýollaryna zyýanly täsirini ýetirýär. Yssy howa, aýratyn hem, ýaş çagalar, gartaşan adamlar üçin howpludyr. Ýaş çagalaryň we gartaşan adamlaryň daşky gurşawda bolup geçýän özgermelere uýgunlaşmak derejesiniň pesligi netijesinde, bedenden köp mukdarda suwuklyk ýitirilýär. Günüň ýiti şöhlesiniň uzak wagtlap täsir etmegi netijesinde, Gün urma hadysasynyň ýüze çykmak howpy döreýär.

Peýdaly maslahatlar

Gün şöhlesiniň täsiri

Tomsuň çogly günlerinde — özümizi Günüň ýiti şöhlesinden goramalydyrys. Günüň şöhlesi belli bir derejede D ýokumynyň esasy çeşmesidir. Şuňa görä, Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak üçin irden sagat 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň arassa howada gezelenç etmeli. Şol wagtlarda Gün şöhlesi bedenimiziň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyryp, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Günüň ultramelewşe şöhlesi çaganyň dogry ösmegine ýardam berýär. D ýokumy çagalarda igleme (rahit), ulularda bolsa osteoparoz keselleriniň döremeginiň, bedende maddalaryň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň öňüni alýar. Tomus günleri açyk howada işleýän ildeşlerimize kellelerini ýaglyk, başgaplary bilen örtmeklerini, açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri geýmeklerini, ýeňleriniň uzyn bolmaklaryny, gözlerine Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri dakynmaklaryny, saýawan ulanmaklaryny maslahat berýäris. Günüň dowamynda 2 — 2,5 litre çenli arassalanylan agyz suwuny, gaýnadylyp sowadylan suwlary içmek hem peýdalydyr.

Suw içmegiň peýdasy

Her bir adam arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy içmegi kada öwürmelidir. Gaýnadylyp sowadylan suw teşneligiňi gandyrmak bilen birlikde, fiziki işjeňligi hem-de kesellere garşy durujylyk ukybyňy ýokarlandyrýar. Suw bedeniň talabyna laýyk içilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Suwy ýeterlik içmek bedeniň çyglylyk derejesini hem saklaýar.