HABARLAR

Dat­ly mi­we

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Tomsuň yssy, jöwzaly günlerinde düzüminde suw has köp bolan miwelere, ir-iýmişlere, gök önümlere has-da teşne bolunýar. Şoňa laýyk hem bu yssy pasylda dürli gök önümler, ir-iýmişler, miweler hasylyny eçilýär. Garpyz şeýle göwün teşneligini gandyrýan suw mukdaryny özünde jemleýän önümleriň biridir.

Çeşme-çaýly «Bagabat»

Ak bugdaý etrabynyň çäginde, dag eteginiň çaý-çeşmeli täsin künjekleriniň birinde ýerleşýän «Bagabat» şypahanasy Diýarymyzda hereket edýän şypahanalaryň iň ýaşy hasaplanýar. Bu şypahana 2020-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berildi we ol gysga wagtyň dowamynda uly meşhurlyga eýe boldy. Birbada 200 adamyň saglygyny dikeltmegine mümkinçilik berýän şypahana bejerişiň we edilýän hyzmatlaryň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Şypahananyň döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sanynyň barha artýandygy munuň şeýledigini görkezýär.

Tomsuň jöwzaly yssysyndan goranyň!

Tomus möwsüminiň howanyň aşa gyzýan günlerinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly, şeýle-de şahsy, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Tebigy şypa

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy adamlaryň döwrebap dynç almagy üçin barha kämilleşýär. Bu ýerde tomusda Hazar deňziniň güni uly dabara beslenip bellenilýär. Şu mynasybetli maslahatlardyr medeni çäreler geçirilýär. Şu günler Hazar deňziniň kenarynda tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirýän ildeşlerimiziň sany has-da köp. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alýan çagalar hem ildeşlerimiz bilen bir hatarda dynç alýarlar. Olar TKA-nyň Milli merkeziniň Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» dynç alyş-sagaldyş merkezinde öz ene-atalary bilen saglyklaryny dikeldýärler. Deňiz kenarynyň tebigy bejeriji serişdeleri bolan ýoda baý howasy-aromoterapiýa, ýyly çägäniň-psamoterapiýa, kenar läbiginiň-pelloidoterapiýa, deňiz suwunyň-talassoterapiýa, Gün şöhlesiniň-gelioterapiýa, dürli daşlar bilen owkalama-stounoterapiýa we merkeziň düzüminde hereket edýän bölümlerinde balneoterapiýa suw bilen bejeriş, şeýle-de fizioterapiýa usullary arkaly bejergiler geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna esaslanyp ulanylýan melhem çaýlary hem örän netijeli täsirini ýetirýär.

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

► Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranmaly. ► Tomus aýlarynda Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýmeli. Saýawan götermeli. Ýanyňyza suw almaly.

Ynsan saglygynyň goragynda

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de çuňňur oýlanyşykly syýasaty esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ýokary depginler bilen ösdürilýär. Täze saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, saglyk öýleriniň, derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň işe girizilmegi, dünýä lukmançylyk ylmynda hem-de tejribesinde gazanylan iň kämil usullaryň özleşdirilmegi we baýlaşdyrylmagy bilen, ulgamyň mäkäm binýady döredildi. Häzir Türkmenistanda çilimkeşlik ýaly ýaramaz endiklere garşy göreşi güýçlendirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. 2011-nji ýylda ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň temmäkä garşy göreş baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny goramaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň möhüm guralyna öwrülen, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalary uly ähmiýete eýedir.

Tomusky dynç alyş: kadalary berjaý ediň!

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy raýatlaryň käbir kadalary berjaý etmegini talap edýär. Howanyň aşa gyzan wagtynda gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmeli. Gezelençde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgaply bolmaly hem-de ýanyň bilen arassa agyz suwuny götermeli. Şahsy we jemgyýetçilik tertip-düzgünlerini berjaý etmek şerti bilen, daşardan derläp geleniňde, hökmany ýagdaýda eşigiňi çalyşmaly, howa sowadyjynyň öňünde ýüzüňi, beýleki beden agzalaryňy tutup durmakdan, sowuk suw içmekden, sowuk suwa düşmekden gaça durmaly. Çalt taýýarlanýan, guraksy önümleri az iýmek maslahat berilýär. Ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli we günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmeli. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek, nahardan soň ýarym sagat töweregi arassa howada gezelenç etmek arkaly kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Şahsy arassaçylygy berk berjaý etmeli, penjiräni açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Öýde we iş ýerlerinde mebelleri çygly desmal bilen yzygiderli süpürmeli. Gezelenje çykylanda, iýmit galyndylaryny, plastik gaplary ýörite niýetlenen gaplara taşlap, daş-töweregiň arassaçylygyny üpjün etmeli. Bu düzgünleri ýaş çagalara hem öwretmeli.

Yssy howada

Howanyň çendenaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirip biler. Elbetde, Gün şöhlesi ynsan saglygy üçin juda derwaýys bolan D witamine baýdyr. Gün şöhlesi çagalar üçin hem, uly adamlar üçin hem zerurdyr. Beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizligiň döremegine, ukynyň bozulmagynyň we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne Gün şöhlesiniň dowamly täsiriniň bedene örän uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldir. Bedene gerek bolan D witaminiň mukdaryny almak üçin ýaş çaga her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, şeýle-de gözleriňe Gün şöhlesinden goraýjy äýnekleri dakynmak we bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen suwuklygyň der üsti bilen köp mukdarda bölünip çykmagy netijesinde suwuň bedendäki deňagramlylygy bozulyp, gan goýulaşyp bilýär. Munuň özi insult we infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna getirip biler. Arassa agyz suwy talabalaýyk içilende, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukyby ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Lukmanlar a

Sag­lygy goraýyş ul­gamy: tä­ze önüm­çi­lik­ler we müm­kin­çi­lik­ler

Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, aýratyn-da, ýurtda raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde esasy ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze derejelere çykarylyp, daşary ýurtlardan getirilýän derman we saglyk maksatly serişdeleriň ýerini tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze, döwrebap derman kärhanalarynyň işi ýola goýulýar. Şol kärhanalar öndürýän önümleri bilen diňe bir öz ýurdumyzyň raýatlaryny üpjün etmän, eýsem, olaryň kesgitli bölegini daşary ýurtlara eksport etmek babatda-da degişli işleri alyp barýarlar. Tebigylyk saglygyň esasy şertleriniň biridir. Ekologik taýdan arassa önümleriň önümçiligi şu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda bu esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, ýerli çig mallardan önümçiligi ýola goýmak işlerine uly üns berilýär. Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki dag çeşmeleriniň ynsan saglygy üçin ýaramlylygy, bu ýerde ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetle

Tomsuň jöwzaly yssysyndan goranyň!

Tomus möwsüminiň howanyň aşa gyzýan günlerinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly, şeýle-de şahsy, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.