Gün urmadan goranalyň!
Gün urma — bu ýagdaý çaganyň kellesine göni Gün şöhlesiniň düşmegi sebäpli saglygyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýär. Ýaş çagalarda bu ýagdaý has ýygy duş gelýär. Gün uranda ýürek bulanma we gusmak bilen birlikde, gowşaklyk, ysgynsyzlyk, kellagyry duýulýar. Uly çagalar gulagyň şaňlamasyndan, gözleriň öňünde uçganaklaryň peýda bolmagyndan arz edýärler. Çaganyň bedeniniň gyzgynlygy ýokarlanýar. Deri, esasan, ýüzde we kellede gyzyl bolýar. Pulsy ýygy, gowşak, dem alşy çalt bolýar. Aşa derleme, burnuň ganamasy ýüze çykýar. Gün uranda berilýän suw gaty sowuk bolmaly däldir, sebäbi bu aşgazanyň gysylmagyna we gusmagyna sebäp bolup biler. Mineral suw ýa-da ýörite duzly erginler bilen içmek has gowudyr. Çaga derlemek bilen duz ýitirýär. Bu tutgaýlaryň emele gelmegine sebäp bolup biler. Duzly erginler suw-elektrolit düzümini çalt dikeldýär. Gün urmada islendik mata bölegini sowuk suw bilen çyglamaly we maňlaýyna, boýnuna ýa-da arkasyna sürtmeli. Çaganyň bedenini bolsa çygly mata bilen süpürmeli. Gyzdyrýan çagany suwa (deňiz, suw howdany) birden salmak bolmaýar. Çaganyň kellesini elmydama açyk reňkli başgap bilen goramaly. Günüň has gyzan wagtlarynda daşarda dynç almakdan gaça durmaly.