HABARLAR

Dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanyljak birnäçe ösümliklere aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Dermanlyk ösümlikleri köpdürlüligi bilen tapawutlanýarlar. Üzärlik, buýan köki, imbir, adaty hoz, atgulak, mekgejöweniň gulpagy, çopantelpegiň güli, käkilik oty, narpyz, ýandagyň güli, almanyň ýapragy halk köpçüliginde giňden ulanylýar.

Deňiz suwunyň saglyga peýdasy

Melhem suwlar barada gürrüň edilende, gojaman Hazar deňziniň müň derdiň dermany hasaplanýan şypaly suwunyň ähmiýetini aýratyn belläp geçmek zerurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda Hazaryň ajaýyp kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginde çuňňur many bar. Häzirki wagtda bu täsin zolakda şypahana-dynç alyş öýleriniň, myhmanhanalaryň onlarçasy işleýär. Zolakda bina edilen şypahana-dynç alyş öýleriniň, myhmanhanalaryň düzüminde saglygy goramak we bejeriş bölümleriniň, melhem suwly howuzlaryň, sport toplumlarynyň, trenažýor zallarynyň, şeýle hem beýleki saglyk desgalarynyň bolmagy olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu günki gün adamlar deňziň hoştap howasyndan dem alyp, düzümi saglyk üçin peýdaly birnäçe maddalara baý bolan suwdan şypa tapýarlar. Dünýä lukmançylygynyň şaýatlyk etmegine görä, dargursaklyk, huşsuzlyk, döredijilik iş öndürijiliginiň peselmegi adamyň beýnisine ýeterlik mukdarda kislorodyň barmaýanlygy bilen baglydyr. Adam bedenine deňiz suwunyň üsti bilen, şeýle-de çygly howa arkaly dem alyş ýollarynyň üsti bilen siňýän ýod köp keselleriň öňüni almakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Hünärmenleriň nygtaýşy ýaly, bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny güýçlendirmekde, bagryň we öt işläp çykar

Peýdaly önümler

Tomus pasly witaminlere baý, ýokumly miwedir gök önümleriň bolluk bilen eçilýän döwri bolup, saglyk üçin olaryň peýdasy uludyr. Bu döwür kadaly iýmitlenilende beden witaminler, minerallar bilen üpjün bolup, adamyň kesellere garşy göreşijilik ukyby artýar, beden agzalarynyň işi sazlaşykly amala aşýar. Gündelik saçakda miwedir gök önümleriň, olardan taýýarlanan tagamlaryň hem-de içgileriň bolmagyny gazanmak, sagdyn bolmagyň esasy şertleriniň biridir.

“Arçman” — melhemli mekan

Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Watanymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanmagy, şeýle-de agtyjaklary hem-de çowlugy bilen şypahananyň çägi boýunça gezelenç etmegi ulus-ilimizde guwanç duýgusyny döretdi. Ildeşlerimiziň buýsançly ýürek sözleri hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Çaryýar ANNASÄHEDOW,“Arçman” şypahanasynyň baş lukmany:

Laýyklyk güwänamalary — ýokary hiliň nyşany

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Ýakynda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hem şeýle güwänama mynasyp bolupdy. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň degişli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Berlen güwänamalar degişli düzümlerdäki işleriň TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. ISO 9001 dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, ähli ölçeglerdäki edaralara, pudaklara işlerini kämilleşdirmäge, bildirilýän talaplary ýerine ýetirmäge, hil boýunça ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär. Bu standartyň işe ornaşdyrylmagy arassaçylyk gulluklarynda işleriň netijeli alnyp barylýandygyny, hünärmenleriň öz işlerini ýokary derejede amala aşyrýandygyny, hyzmatlaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini görkezýär.

Gök ça­ýyň peý­da­sy

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Suw­dan soň gök çaý dün­ýä­de iň köp içil­ýän iç­gi­dir. Ada­ty gök çaý «Camel­lia si­nen­sis» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ösüm­li­giň ýap­rak­la­ryn­dan taý­ýar­la­nyl­ýar. Dü­zü­min­de ug­le­wod­la­ryň, wi­ta­min­le­riň, be­lok­la­ryň, hi­mi­ki ele­ment­le­riň köp­dü­gi se­bäp­li gök çaý adam be­de­ni üçin örän peý­da­ly­dyr. Şeý­le hem bu peý­da­ly iç­gi an­ti­ok­si­dant­la­ra we po­li­fe­no­la örän baý­dyr. Luk­man­la­ryň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, be­den­dä­ki ar­tyk­maç ýag­lar­dan dyn­mak­da, be­de­niň kad­dy-ka­ma­ty­ny sak­la­mak­da, ýa­daw­ly­gy aýyr­mak­da, art­ri­tiň agyr­la­ry­ny pe­selt­mek­de gök ça­ýyň haý­ry kän­dir. Şeý­le hem gök çaý kä­bir be­den ag­za­la­ry­nyň we de­ri­niň so­wuk­la­ma­sy­nyň be­jer­gi­sin­de giň­den ula­nyl­ýar. Be­de­niň ke­se­le gar­şy uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da, çy­dam­ly­ly­gy ber­kit­mek­de hem gök çaý iç­me­giň ar­tyk­maç­lyk­la­ry bar­dyr. Luk­man­lar ýü­rek-da­mar, süý­jü­li dia­bet ke­sel­le­rin­den ejir çek­ýän­le­re-de gök ça­ýy köp­räk iç­me­gi mas­la­hat ber­ýär­

Tomsuň jöwzaly yssysyndan goranyň!

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 To­mus möw­sü­mi­nde ho­wa­nyň aşa gyz­ýan gün­le­rin­de Gü­nüň ýi­ti şöh­le­sin­den go­ran­ma­ly, şeý­le-de şah­sy, jem­gy­ýet­çi­lik aras­sa­çy­lyk ter­tip-düz­gün­le­ri­ni do­ly we dog­ry ber­jaý et­me­li.

Sagdyn jemgyýet — kämil döwlet

Ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibiniň durmuşa geçirilişi baradaky ikinji Meýletin milli synyny dünýä jemgyýetçiligine hödürlemegi geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli Syýasy forumynda tanyşdyrylan bu syn giň goldaw tapdy. Forumyň mowzugy «COVID-19-dan soňky dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi» diýlip atlandyryldy. Türkmenistan BMG tarapyndan öňe sürlen maksatlardan başga-da, ýurduň ileri tutulýan esasy ugurlary bilen baglanyşykly goşmaça maksatlary Meýletin milli syna girizdi. Olar durmuş derejesini ýokarlandyrmak (1-nji maksat); azyk howpsuzlygy (2-nji maksat); sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek (3-nji maksat); ýokary hilli bilim (4-nji maksat); gender deňligi (5-nji maksat); howanyň üýtgemegi (13-nji maksat) ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Arassa suw we sanitariýa (6-njy maksat); elýeterli we arassa energiýa (7-nji maksat); senagatlaşma, innowasiýa we infrastruktura (9-njy maksat); durnukly şäherler we ilatly nokatlar (11-nji maksat); durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk (17-nji maksat) şunda esasy maksatlar hökmünde k

Sagdynlyk we ruhubelentlik — kämilligiň gözbaşy

Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. 14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etmegi şu jähetden möhüm ähmiýetli wakadyr. Ir bilen döwlet Baştutanymyz ýakymly howa gurşawy emele gelen deňiz kenaryna bardy. Çünki Günüň dogýan çaglarynda deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etmek fiziki işjeňligiň netijesinde saglyga oňyn täsir edýär, bedeni berkidýär we oňa güýç berýär. Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

Gymmaty egsilmeýän baýlyk

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda milli lukmançylyk mirasy, şol sanda onuň bilen baglanyşykly türkmen topragynda ösýän endemik we seýrek duş gelýän täsin dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumat berilýär. Bu kitap öz saglygy barada aladalanýan her bir adam üçin peýdaly maglumatlaryň hazynasydyr. Onuň jiltlerinde kerem-keramatly türkmen topragynyň dürli künjeklerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik häsiýetleri, ýaýraýşy, olardan melhem taýýarlanylyşy, ulanylyşy we saklanylyşy bilen bagly baý maglumatlar anyk hem giňişleýin beýan edilýär. Bu kitabyň häzirki wagta çenli 15 jildi çap edilip, halkymyza ýetirildi. Lukman Arkadagymyzyň düýpli ylmy işine daşary ýurtlarda hem gyzyklanma bildirilýär. Sebäbi ol dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösüşine uly goşant bolan eserdir. Kitabyň aýry-aýry jiltleriniň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilmegi onuň ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär. Gymmaty egsilmejek bu kitap ýakynda pars diline hem terjime edilip başlandy.