HABARLAR

Sahawatly topragyň tebigy dermanhanasy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň çapdan çykmagy saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda zähmet çekýän işgärleri, hünärmenleri begendiren waka boldy. Bu kitap sahawatly türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň ençemesiniň dermanlyk häsiýetleri, biologiki aýratynlygy, himiki düzümi, dermanlyk çig maly, tebigy gory, derman taýýarlanylyşy we peýdalanylyşy barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Bilşimiz ýaly, sahy topragymyz ösümlik dünýäsine örän baýdyr.  Derde derman ösümlikler asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz tarapyndan gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýan halk lukmançylygynda keselleri bejermekde peýdalanylypdyr. Häzirki zaman lukmançylygynda we derman senagatynda dermanlyk ösümlikler giňden ulanylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpýyllyk tejribesiniň we zähmetiniň miwesi bolan düýpli ylmy işi fitoterapiýany ylmy esasda öwrenmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.

Saglyk — başymyzyň täji

♦ Paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýniň. ♦ Sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý ediň, zyýanly endiklerden daşda duruň.

Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzda täze saglygy goraýyş binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahatyny geçirdik. Onda çykyş edenler: «Adamyň saglygyny goramaga we keselleriň öňüni almaga, halkymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler giň gerime eýe bolýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň halkyň hyzmatyna berilmegi mähriban halkymyzyň saglygyny goramak baradaky ýadawsyz aladanyň kepilidir» diýip nygtadylar. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, bu ugurda halka edilýän hyzmatyň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirilmeginde hemme şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Sagdynlygyň hem bagtyýarlygyň güwäsi

Halkymyzyň sagdyn hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Şu jähetden hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap ösüşler amala aşyrylýar. dünýäde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimiz halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça nusgalyk tejribe gazanyp, ony ýylyň-ýylyna täze üstünlikler arkaly ösdürip we kämilleşdirip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygnda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler bu işleriň esasy gözbaşy bolup durýar. Her ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu şanly sene mynasybetli birnäçe iri çäreler geçirildi we döwrebap desgalar açylyp ulanylmaga berildi. Beýik ösüşleriň dürdäneleri bilen şöhratlanýan ak şäherimiz Aşgabatda hem şol gün döwrebap desgalaryň ikisiniň — 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziň açylyş dabaralary boldy. Olara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

Ynsan saglygy — ösüşleriň sakasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurtda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga, lukmançylyk ulgamyna häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär, şeýle hem döwletimiz tarapyndan lukmançylyk ulgamyna köp serişdeler goýberilýär. Ulgam «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ösdürilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman desgalary gurulýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen möhüm Kararlaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny, Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak, Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky Kararlar bar. Olar Türkmenistanda il saglygynyň ýurt baýlygyna deňelýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan

Peýdaly dermanlyk ösümlikler

Halk lukmançylygynda melhemlik serişdeleri hökmünde dermanlyk ösümlikleri giňden peýdalanylypdyr we häzirki döwürde alym lukmanlarymyz tarapyndan ylmy esasda bu ugur düýpli öwrenilip, önümçilige ornaşdyrylýar. Tebigatymyzda bar bolan dermanlyk ösümlikleriň her birini dogry ulanmagy bilmek zerurdyr. Zenanlara göwrelilik döwründe, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirýän döwründe we beýleki ýagdaýlarda haýsy ösümlikler maslahat berilýär?! Göwrelilik döwründe we çaga doglandan soň maslahat berilýän ösümlikleriň biri erik şiresi bolup, ony günde 3 / 4-1 bulgur içmek peýdalydyr. Günde erik kakynyň 100-150 gramyny iýmek ganazlykda gowy kömek edýär. Garpyz hem ganazlyk üçin peýdalydyr. Göwreli aýallara ýürek bulanmasyny aýyrmak üçin limon iýmek maslahat berilýär. Bu ýagdaýda kädi hem-de onuň şiresi hem peýdalydyr. Käşir islendik görnüşde peýdalydyr, ol düwünçegiň kadaly ösmegine kömek edýär. Bu döwürde hoz — ganyň düzümini kadalaşdyrmak üçin gündelik iýmite goşulmalydyr.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

Ýylyň islendik paslynda ulularyň we çagalaryň arasynda ýiti respirator kesellerine duş gelmek bolýar. Güýz paslynda dem alyş ýollarynyň sowuklamasy has-da ýygjamlaşýar. Kähalatlarda bedeniň aşa sowamagy sebäpli, immunitet peselip, ýiti respirator keseline ýolugmak derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Adaty wiruslardan elmydama goranmak mümkin däl. Ýiti respirator keselini, köplenç, wiruslar döredýär. Maglumatlara görä, ýiti respirator keseli ululara garanyňda çagalaryň arasynda 2-3 esse köp duş gelýär. Bu bolsa, çagalarda immun ulgamynyň kämilleşmändigi bilen düşündirilýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň  öňüni almak maksady bilen, özüňi bu paslyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak zerur bolup durýar. Onuň üçin: *Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli;

Täze eseriň tanyşdyrylyş dabarasy

Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň ХVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler kitapda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy hem-de halk lukmançylygynda ulanmagyň düzgünleri barada gürrüň etdiler. Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan melhem çaýlaryň bejerijilik häsiýeti baradaky gürrüňler çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ylmy-ensiklopedik eserde beýan edilýän, türkmen topragynda bitýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermekde ulanylýan ösümlikleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Maslahatda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.

Aşgabatda «Kalbyň şypasy» atly binanyň açylyş dabarasy geçirildi

10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen toýlarynyň goşa-goşadan gelýändigini, şu günler şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu gün ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň hem giňden baýram edilýändigini aýdyp, hemmeleri bu şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlady.