Ussat halypany ýatlap
Gündogaryň akyldar şahyry, şygryýet äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda magtymgulyşynas alym, akademik Baýmuhammet Garryýewiň hem doglan gününe 110 ýyl dolýar. Magtymgulynyň adynyň dünýä dolmagynda bu alymyň uly hyzmaty bar. Onuň 600-e golaý ylmy işiniň 100-den gowragynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegine bagyşlanandygy hem munuň aýdyň mysalydyr. Alym ýaşan 67 ýaşynyň elli ýylyna golaýyny akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmäge bagyşlady. Ol belli magtymgulyşynas, folklorşynas, göroglyşynas hökmünde tanalyp, bu ugurlarda önjeýli iş alyp baran alym. Yssy diýmän, sowuk diýmän, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň döreden mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan folklor eserlerini toplap, ýazga geçiren, nusgawy edebiýatymyzyň ajaýyp eserlerini hem halkdan ýazyp alyp, kätipleriň, hatdatlaryň ýazan golýazmalaryndan göçürip, halka düşnükli bolan täze ýazuwa geçirip, halka ýetirenleriň biridir. Onuň işleýiş usulyna döwürdeş alymlarynyň köpüsi beletdir. Şu setirleriň awtory hem, alymyň şägirdi hökmünde ýanyna gatnan ýyllarynda onuň çekýän uly zähmetiniň şaýady bolupdy. Görnükli alym hakyndaky ýatlamalar onuň erjelligi, maksada okgunlylygy, köp ugurdan iş aly