HABARLAR

Gar­ly päl­wan­

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Türk­men top­ra­gy — päl­wan­la­ryň me­ka­ny. Mer­da­na ger­çek ýi­git­le­ri­miz, ýa­gyr­ny­la­ry ýe­re deg­me­dik päl­wan­la­ry­myz ha­kyn­da­ky gür­rüň­le­rem il ara­syn­da ýyl­lar­dan-ýyl­la­ra, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çip gel­ýär. Şeý­le päl­wan­la­ry­myz ha­kyn­da söh­bet et­mek­li­giň özem kal­byň­da buý­sanç­ly hem ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­red­ýär.

Woeýboluň taryhy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Wo­leý­bol di­ýlen­de, köp­ler üçin gy­zyk­ly sport oý­ny göz öňü­ne gel­ýän bol­sa, kä­bir adam­lar üçin dur­mu­şyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Bu spor­ty şeý­le söý­ýän­le­riň bol­ma­gy onuň meş­hur­ly­gy­ny has-da art­dyr­ýar. Bel­ki-­de kä­bir adam­lar üçin spor­tuň bu gör­nü­şi fut­bol­dan hem meş­hur ha­sap­lan­ýar. Şeý­le muş­dak­la­ry bo­lan spor­tuň bu gör­nü­şi­ni ha­la­ýan­la­ryň kö­pü­si onuň dö­re­ýiş ta­ry­hy­ny bil­ýär­mi­kä?!

Gymmatly tapyndylar — bahasyz hazyna

Medeni miras örän giň manyly düşünje. Ol maddy medeniýeti we däp bolup gelýän şahsy düşünjäni özünde jemleýän halk aýratynlygynyň bir düzüm bölegidir. Medeni miras muzeýlerde has aýdyň şöhlelenip, syýahatçylygy ösdürmekde, Diýarymyzy dünýä tanatmakda esasy ugur bolmagynda galýar. Muzeý işiniň wezipesi ruhy galkynyşy güýçlendirmekden, ata-babalarymyzyň gymmatly mirasyny dikeltmekden, gorap saklamakdan we geljekki nesillere ýetirmekden ybarat. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň taryhy tapyndylara baý bölümine syýahat has-da geň galdyryjy. Gadymdan galan, gaýtalanmajak eserler hakda ýazmak diýseň täsirli. Ýazuw — adamzadyň döreden iň wajyp zatlarynyň biri. Ol dünýä medeniýetini ösdürmekde uly orun tutýar. Diňe ýazuw döredilensoň, siwilizasiýalaryň taryhy soňky bäş müň ýylyň dowamynda takyk ýazuw arkaly bellenilýär. Şonuň üçin ýazuwyň taryhyny öwrenmek geçmişde bolup geçen wakalary takyk bilmek üçin iň wajyp ugurlaryň biridir. Gadymy döwürde we orta asyrlarda dürli ýazuwlaryň ýaýramagynda medeni taýdan ösen käbir halklaryň orny uly bolupdyr. Şumerleriň döreden klinopisini b.e.öňki IV müňýyllykdan başlap, Ýakyn Gündogaryň halklary köp ýyllaryň dowamynda öz dillerine uýgunlaşdyryp, elipbiýli ýazuw ýa-da ýa

Milletiň bitewüligi we kuwwaty

Halk maslahatlarynyň taryhy kökleri hakda kelam Döwlet dolandyryşynyň göwnejaý nusgasy — munuň filosoflaryň, syýasatçylaryň käbiriniň aýdyşy ýaly, taryhyň soňy däl-de, eýsem, onuň täze tapgyrynyň başlangyjy hasaplanmasy dogrudyr. Aristoteliň idealy bolan Spartada apella, ýagny syýasy täsiri bolmadyk deňhukukly raýatlaryň mejlisi häkimiýetiň ýokary edarasy hökmünde hereket edipdir. Rim imperiýasynda imperatoryň häkimiýeti senat tarapyndan, özi-de diňe kanuny ýagdaýda çäklendirilipdir.

Ol Rumustany görsem...

(Üç yklymyň döwleti) (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Gud­rat kän geç­mi­şe zy­ýa­rat kyl­saň...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy, baý medeni mirasyny, şöhratly taryhyny, arheologik ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmek, olary geljek nesiller üçin gorap saklamak döwrüň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Ata-babalarymyzyň şöhratly durmuş ýoluny, asyrlaryň gatlarynda galan edermenliklerini, aň-bilim babatda dünýä siwilizasiýasyna goşant goşan merdana pederlerimiziň bitiren işlerini wagyz etmek olary ruhy taýdan mertebelemekdir. Halkymyzda sopuçylyk ylmynda yz goýan, il arasynda Gözli ata ady bilen tanalýan şahsyýet bilen bagly gyzykly rowaýatlar bar. Türkmen halky beýik şahsyýetleriniň mertebesini hemişe belentde saklaýar. Ruhy pederimiz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda hem Gözli ata barada beýan edilýän setirlere duşmak bolýar:

Dünýäniň täsin gämileri

Global. Nebitçileriň gämisi hökmünde ýasalan 67 metr uzynlygyndaky “Global” gämisi kaşaň kruiz gämisi bolup hyzmat edýär. Saklanmazdan 10,000 deňiz milini geçip bilýän gämi ägirt uly garažynda awtoulaglar we motosikller saklanýar. Ýokarky gatynda dikuçar hem saklanýan gäminiň 6 sany otagy bolup 12 myhman gezelenç edip biler. ***

Änew — şöhratly geçmişiň şaýady

Adamzadyň medeni mirasyny gorap saklamaga, maddy we ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetine içgin düşünmäge ýardam edýän taryh ylmy halkyň geçmişiniň aýnasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary şöhratly taryhymyzy, medeni mirasymyzy öwrenmäge, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüş aýratynlyklaryna düşünmäge ýardam edýän gymmatly çeşmelerdir. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda adamzadyň medeni aňynyň, döredijilik başlangyçlarynyň siwilizasiýany kemala getirýändigi hakynda giňişleýin beýan edilýär. Bu taryhy ähmiýetli kitap ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň dörän ojagy bolan Änewiň müňýyllyklara uzaýan taryhyna ýüzlenýär. Bu ugurda dünýä belli alymlar Rafael Pampelliniň, Lazar Rempeliň, Mihail Massonyň, Galina Pugaçenkowanyň işleri, aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitaby möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz eneolit zamanyndan irki demir asyryna çenli Änew topragynda dörän we dowam eden medeniýetleri ylmy nukdaýnazardan seljerýär. Änew topragynyň taryhy-medeni ösüşini we wakalaryny yzygiderliligi boýunça şu güne çenli getirip,

Ol Rumustany görsem...

(Üç yklymyň döwleti) (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

«Haýbar-u-Hyrat ile...»

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-owgan serhedinde täze desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralary hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gadymy ýollaryny arçady. Taryhdan belli bolşuna görä, türkmenler goňşy halklar bilen agzybirlikde, dost-doganlykda hoşniýetli gatnaşyk saklap ýaşapdyrlar. Şeýle goňşy ýurtlaryň biri hem Owganystandyr. Owganystanyň geografik ýerleşişi türkmenler üçin dürli döwürlerde amatly hasaplanypdyr. Türkmenler owgan halkyna hemişe hormat goýupdyrlar. Türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklary gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklar orta asyrlarda has-da ýygjamlaşyp, Owganystan türkmenler üçin üstaşyr ýurt hasaplanypdyr. Munuň netijesinde türkmenler Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana aşypdyrlar.