HABARLAR

Taryhdan geljege tarap...

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem ýurdumyzyň ösüşi batly depginde alnyp barylýar. Şol ösüşleriň özeni halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bolup durýar. Tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Beýik Ýüpek ýoly taryhda birnäçe döwletleri medeni we ykdysady taýdan birikdiren ýol bolupdyr. Gadym döwürlerden bäri adamlar dünýäni öwrenmek, täze ýerleri açmak-tanamak, söwda etmek ýaly maksatlar bilen syýahat etmäge başlapdyrlar.

Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda

Adamzadyň durmuşynda maddy taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan pullar taryhda haýsy döwletleriň bolandygyna, haýsy hökümdaryň höküm sürendigine şaýatlyk edýän iň esasy delillerdir. Gadymy pullar belli bir döwletiň ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmegiň çeşmesidir. Dolanyşygyň serişdesi bolan gadymy pullaryň daş görnüşiniň, keşbiniň özüneçekijiligi, şol döwrüň nakgaşlarynyň ussatlygyny, ussahanalaryň tehniki mümkinçiliklerini-de görkezýär. Türki halklaryň durmuşynda pullar baradaky maglumatlar Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde hem öz beýanyny tapýar. Orta asyrlarda dünýä taryhynda uly yz goýan, Türkmenleriň Seljuklylar döwletiniň iň pajarlap ösen döwri bolan Soltan Mälikşanyň döwründe (1072 — 1092) «Türki dilleriň diwany» atly sözlügi bilen tanalan Mahmyt Kaşgarly bu eserini 1077-nji ýylda Apbasy halyfy Abulkasym Abdylla ibn Muhammet Muktady Biemrilla sowgat edýär. Bu eser türki halklaryň diliniň taryhyny öwrenmekde tapylgysyz hazynadyr. Şeýle-de, alym eseriniň başynda: «Türki diline öçmejek şöhrat, tükenmez hazyna bolsun» diýip, bu diwany ýazmagynyň sebäbini aýdyp geçýär.

Aşgabat: taryhdan şu güne

Ýurtlar, döwletler, halklar paýtagty bilen tanalýar. Paýtagt — döwletiň, halkyň ýüzi, beýlekilerden tapawutlandyrýan aýratynlygy. Mähriban Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat ilkibaşda kiçeňräk gala berkitmesi eken. Geçen 140 ýylyň dowamynda Aşgabat, gör, nähili özgerdi! Birwagtky Aşgabat obasynyň ornunda ajaýyp, döwrebap häzirki zaman şäheri kemala geldi.

Fotosuratyň taryhy

Biziň gündelik durmuşymyzda birentek täsin, gyzykly wakalar we pursatlar bolup geçýär. Şolary soňlugy bilen ýatlamakda, olardan käbir pursatlary saklap galmakda bolsa fotosuratlaryň ähmiýeti uludyr. Olar biziň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Çünki janly suratlar özümizi şol wakanyň içinde ýaly duýmagymyza ýardam edýär. Ilkinji fotoapparatlaryň döredilenine, iki ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir. Fotoapparat baradaky maglumatlar XVI asyr bilen senelenýär. Jerolama Kardana atly ugurtapyjy bir ýigit dörtburç gutynyň içine linza ýerleşdirip, ilkinji fotosuraty çykarmagy başarýar. Ýöne şol surat onçakly dury bolmandyr. Bu ugurda edilen gözlegleriň netijesinde 1727-nji ýylda ilkinji synanyşyklar başlanýar. Iogan Şuls atly bir adam duz bilen kümüşden peýdalanyp, has dury görnüşdäki fotosuratlary çykarmagy başarýar. Häzirki döwürde görýän fotosuratlarymyza çalymdaş ilkinji suraty bolsa 1820-nji ýylda Neps atly suratkeş köpçülige görkezýär. Emma fotoapparatyň tehniki enjamyny döredijiler hökmünde ilkinji gezek taryha giren Luiý Žan bilen Monde Dagerdir. Bu enjam döredilenden soň, Germaniýada satuwa çykarylan gabarasy kiçi, ýokary hilli fotosuratlary bermek mümkinçiligine eýe bolan fotoapparatlaryň ýasalmagy, öňe tarap ynamly ädilen ädimleriň biri bolýar. Soňlugy bilen kem-k

Adamzat kalbynyň şahyry

Gadymy hem müdimi türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran nusgawy şahyrlarymyza Arkadagly eýýamymyzda uly sarpa goýulýar. Olar bilen baglanyşykly şanly seneler döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara gol çekmegi ähli türkmen halkymyz üçin buýsançly wakadyr. Bu gün aýratyn bellenilmeli zatlaryň biri-de, dana hem merdana halkymyzyň watançylyk terbiýesiniň many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylyp dowam etdirilýändigidir, mertleriň mertebesiniň barha beýgelýändigidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, mertleriň Watany, Watanyň bolsa mertleri beýgeldýän döwrüdir. Ýurduň goragy, halkyň asuda, abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hemişe we ilkinji nobatda, il-günüň agzybirligine, jemgyýetiň jebisligine, pähim-parasatly, adyl-adalatly döwlet Baştutanyna, Watany goraýan mertlere baglydyr.

Türkmen paýtagtynyň taryhy — fotosuratlarda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mundan bäş ýyl gowrak öň, 2015-nji ýylyň 16-njy maýynda geçiren mejlisinde paýtagt şäherimiz Aşgabadyň gününi bellemek we şol baýram bilen bagly çäreleri dabaraly geçirmek barada tabşyryk beripdi. Ynha, golaýda hem Arkadag Prezidentimiz paýtagtymyza amala aşyran iş saparynda üstümizdäki ýylda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belläp geçmegi teklip etdi.

Muzeýe syýahat

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň guramagynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guraldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli guralan syýahata kärdeşler arkalaşyklarynyň edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdy. «Sahawatly türkmen topragy ak bugdaýyň mekanydyr» atly syýahatyň barşynda muzeýiň hünärmenleri ýaşlara gadymy Änewiň taryhy, bu gadymy toprakdan tapylan gymmatlyklar hakynda täsirli gürrüň berdiler hem-de olary sergi zallarynda saklanýan tapyndylardyr maglumatlar bilen tanyşdyrdylar.

Şöhratly taryhyň sahypalary

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň şöhratly taryhyna uly sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň maddy we medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we wagyz etmek işlerinde nusgalyk göreldesine eýerip, taryhçy alymlar ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, öz döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň wajyp nokatlary bolan taryhy ýadygärlikleriň birnäçesinde arheologik-barlag işlerini geçirýärler. Olaryň içinde Nusaý, Abiwerd, Sarahs, Merw, Köneürgenç ýaly gadymy dünýäniň merjeni hasaplanan ýadygärlikleri bellemek bolar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň taryhçylary we arheologlary tarapyndan gadymy Amul, Paryzdepe, Şährihaýbar, Şähristan arheologiýa ýadygärlikleri bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Isgender obasynyň golaýynda ýerleşýän Isgendergala ýadygärliklerinde-de köptaraplaýyn ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri geçirildi hem-de oba ilatyndan etnografik maglumatlar ýygnaldy. Ýygnalan etnografik maglumatlaryň habar bermegine görä, Isgendergala ady miladydan öňki IV asyrda ýaşap, dünýäniň uly bölegini öz içine alýan döwleti esaslandyran Aleksandr Makedonlynyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Buýsançly mirasymyz

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilde milli medeni mirasymyza, ata-baba gelýän asylly däp-dessurlarymyza, taryhy-medeni ýadygärliklerimize söýgi döretmekde geçirilýän medeni çäreleriň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy Abiwerd galasyna gezelenjiň guralmagy, ol ýerde taryhy öwrenijiler bilen duşuşyklaryň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Taryhy ýadygärlikde bolýan her gezekki duşuşyk täze taryhy tapyndylar bilen tanyşmaga, arheologlar bilen söhbetdeş bolmaga hem-de gymmatly maglumatlary toplamaga uly mümkinçilik berýär. Golaýda bu ýerde guralan duşuşykda ýaş mugallymlar, çagalar baglarynyň usulyýetçi-pedagoglary bolup, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň baş hünärmeni, alym-arheolog, taryh ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Babaýew bilen söhbetdeş bolduk. Şonda taryhçy alym orta asyr Abiwerdiň daşky gala diwarlarynda, şeýle hem galanyň günorta-gündogar çäginde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleri, olaryň netijeleri barada gyzykly gürrüň berdi.

Ak bugdaýyň söhbedi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Goý, edermen babadaýhan pederlerimizden miras galan türkmen topragynda ak bugdaýyň berekedi hiç haçan egsilmesin.