HABARLAR

Ilkinji bug gämisini kim gurdy?

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Robert Fulton bug gämisiniň «atasy» hasaplanýar. Bug energiýasyny ulanmak bilen baglanyşykly gämi gurluşygyndaky özgeriş ygtybarly bug hereketlendirijileri gelmezinden has öň taýýarlanyp başlandy. Bu pikiri ilkinji gezek fransuz fizigi Deni Papen öňe sürdi. Ol XVII asyryň ahyrynda, Jeýms Watt tarapyndan döredilen bug hereketlendirijisiniň peýda bolmagyndan, takmynan, 90 ýyl ozal onuň nusgasyny synagdan geçirýär. 1707-nji ýylda Papen bug hereketlendirijisi we pürs tigirleri bolan gämini taslaýar, emma bu hakda hiç hili ygtybarly maglumat ýok diýen ýaly. Käbir maglumatlarda üstünlikli synagdan soň işsiz galmakdan gorkýan gaýykçylaryň ony döwendikleri barada aýdylýar.

Luw ýylynyň Nowruzy

Ýurdumyzda 1991-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde bellenilip gelinýän Nowruz baýramynyň taryhy kökleri yslamdan has irki döwürlere uzalyp gidýär. «Täze gün» diýmegi aňladýan bu baýramyň döränine bäş müň ýyldan köpräk wagt bolandygy hakda ylmy çaklamalar bar. Nowruz baýramyna degişli ilkinji ýazgylar Omar Haýýamyň «Nowruznama» işinde berilýär. Omar Haýýam Mälikşanyň tabşyrygy boýunça Gün senenamasyny düzende, täze ýylyň başlangyjyna 21-nji marty esas edip alýar. Gün hasaby ekerançylara amatly bolýar. Şahyryň «Nowruznama» atly işinde köneden gelýän däp-dessurlar hakynda gürrüň berilýär.

OGUZ HAN TÜRKMEN

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). «Oguz­na­ma­lar­da» Oguz ha­nyň bo­ýun sun­ma­dyk gar­şy­daş­la­ry bi­len agyp-dö­nüp sö­weş edi­şi ba­ra­da bir­nä­çe my­sal­lar ge­ti­ril­ýär. Oguz han Al­ma­lyk şä­he­ri­niň tö­we­re­gi­niň hä­ki­mi Inal­ha­ny sy­lap goý­man­dyr. «...Iki ta­rap­dan hem köp ýit­gä se­ze­war bol­du­lar. Ahyrso­ňy, se­kiz gün ga­ty urşu­p, Oguz han Inal­ha­ny tu­tup öl­dür­di».

Ýag­şy at gal­dy­ran alym

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym­la­ryň dür­li ugur­la­ryn­da yz gal­dy­ran alym­la­ryň mi­ras­la­ry­ny çuň­ňur öw­ren­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Uzyn Hasan döwletiň özygtyýarlylygyny goran hökümdar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halky asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda, dürli sebäplere görä, dünýäniň çar künjegine ýaýrapdyr» diýip belleýşi ýaly, türkmen halky, esasan, orta asyrlarda häzirki Türkmenistanyň çäginiň daşyna ýaýrapdyr. Göçüp baran ýerlerinde beglikleri, döwletleri esaslandyrypdyr. Şeýle döwletleriň biri hem Akgoýunly türkmen döwletidir. Ol häzirki Türkiýe Respublikasynyň gündogaryny, Eýranyň demirgazyk-günbataryny, Yragyň demirgazyk-gündogaryny, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň aglaba bölegini öz içine alypdyr. Akgoýunly döwletiniň ilkinji taryhy şahsyýeti Turaly beg hasaplanýar. Onuň agtygy Gara Ýülük Osman beg döwleti esaslandyryjydyr. Ol 1403-nji ýylda merkezi Diýarbekir şäheri bolan Akgoýunly döwletini gurupdyr. Onuň agtygy Uzyn Hasanyň (1453 — 1478) dolandyran döwründe bolsa, döwlet şadöwlet derejesine ýetip, paýtagt Töwriz şäherine geçirilipdir. Uzyn Hasan Akgoýunly döwletiniň özygtyýarlylygyny goramak üçin tagta geçen hökümdar. Munuň şeýledigine döwletiň taryhyny içgin öwrenenimizde has aýdyň göz ýetirýäris.

Şahyryň şygrynda taryhyň ýady

Magtymguly Pyragynyň döredijilik zehininiň egsilmez gorundan kuwwatlanýan häzirkizaman türkmen medeniýeti, onuň ajaýyp şahyrana dünýäsinden kemal tapýar. Ynsan kalbyny heýjana salýan setirler dilden-dile geçip, gaýtalanmajak ruhy bitewüligi emele getirýär. Magtymgulynyň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty diňe bir Watanyň howalaly ruhuny örän ýokary çeperçilik derejesinde beýan etmeginden däl-de, eýsem, geçip barýan üznüksiz ýyllaryň aňyrsyndan nurlanyp görünýän alysdaky säheri görmegi başarandygyndan hem ybaratdyr. Akyldar şahyryň ynsan ýüregine öçmejek uçgun bolup ornan şygyrlarynyň aglabasyndan geçmişiň syrlaryny açýan örän gymmatly taryhy maglumatlary görmek bolýar. Şolaryň biri-de 1747 — 1773-nji ýyllarda Owganystanda şalyk süren Ahmet şa Dürrana bagyşlanan «Arşy-aglaýa» goşgusydyr. Ahmet şa owgan we türkmen halklaryny daşky süteme garşy bileleşip göreşmäge çagyrypdyr. Goşguda Ahmet şanyň öz halkynyň dagynyk güýçlerini birleşdirmek üçin edýän hereketleri we onuň Horasanyň sebitlerine guran ýörişleri görkezilipdir. Onda öň Nedir şanyň goşun serkerdesi bolup gulluk eden Hanaly hanyň hem ady getirilipdir.

Beýik Seljuk döwletiniň görnükli zenanlary

Halkymyz asyrlarboýy zenan maşgalalaryny ezizläp, olara uly hormat goýup gelýär. Bu hakykata taryhda yz galdyran görnükli türkmen zenanlarynyň mysalynda hem şaýat bolýarys. Biz hem şu makalamyzda taryhy çeşmelere we edebiýatlara salgylanyp, şöhratly taryhymyzyň buýsanjy — Beýik Seljuk türkmen döwletinde ähmiýetli orna eýe bolan meşhur zenanlar baradaky maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik. Türkmenlerde zenan sarpasy nesilbaşymyz Oguz han zamanasyndan gözbaş alýar. Şol döwürlere degişli taryhy çeşmeler seljerilende, zenan mertebesiniň belentde tutulandygyna, türkmen zenanlarynyň maşgala ojagyna wepaly bolandyklaryna, olara jemgyýetde erkekler bilen deň derejede garalandygyna göz ýetirmek bolýar. Oguz dessurlaryny özlerine ýörelge edinen seljuklarda hem zenanlaryň giň hukuklary bolupdyr. Taryhy çeşmelerde seljuk şazenanlarynyň ilçileri kabul etmek, giň mülk ýerlerine eýeçilik etmek, zerur halatynda özlerine degişli gorag maksatly goşuny döretmek, mirasdüşer şazadany bellemek ýaly mümkinçiliklere eýe bolandyklary bellenilýär.

OGUZ HAN TÜRKMEN

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Oguz han Talasy we Saýramy, Mawerannahry, Buharany, Horezmi eýelänsoň, jahan ýörişine ugrapdyr. Reşideddiniň beýan etmegine görä, Oguz han Hind ülkesini, Çyn-Maçyny boýun egdirip, Türküstana dolanýar. Amuýa (Amyderýa) derýasyndan geçip, Garçystana goşun çekip, ilçi iberýär. Garçystan, Gazna Zabul we Kabul söweşmän boýun egip, mal bermekligi kabul edýärler. Şam, Eýran, Müsür, Rum, Pereň ülkelerini boýun egdirip, Beýik Jahangir Watanyna dolanypdyr. Rowaýatlara görä, 116 ýyl hökümdarlyk eden Oguz han Hak rahmetine gowşupdyr.

TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY SÜTÜNLERI

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biri bolmak bilen, halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär. Akyldar  şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ynsanperwer dünýäsiniň, çuň mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly garaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebidir. Beýik şahyryň döredijiligi ynsanda iň gowy häsiýetleri, ruhy-ahlak taýdan päkizeligi, dogruçyllygy, ile-güne, Watana wepalylygy, lebzihalallygy, ylma-bilime ymtylyşy, bilesigelijiligi terbiýeleýär. Gündogaryň beýik akyldarynyň şygryýet mirasy türkmen halkynyň dünýä edebiýatyna goşan ajaýyp we özboluşly  goşandydyr. Bu miras diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň ruhy-ahlak gymmatlygyny emele  getirýär.

Gadymy medeniýetiň ojagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Biziň topragymyzyň her bir daban ýeri ylmy barlaglar üçin gymmatly çeşme bolmak bilen, ýene-de näçe täsinlikleri özünde jemleýändigi doly mälim däl». Dogrudan-da, geçmiş taryhymyzyň açylmadyk syrly sahypalary örän köpdür. Gadymy medeni ojaklaryň biri hasaplanylýan Änew medeniýeti özüniň baý taryhy bilen dünýä alymlarynyň ünsüni çekip gelipdir. XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda sowet hem-de daşary ýurtly alymlar gadymy Änewi öwrenmäge girişýärler. Änew depesinde ilkinji bolup 1886-njy ýylda rus generaly A.Komarow Aşgabat garnizonynyň esgerleri bilen gadymy ýadygärligiň taryhyny öwrenmäge girişýär. Onuň Änewde geçiren gazuw-agtaryş işleri barada 1888-nji ýylda Sankt-Peterburgda Russiýa geografiýa jemgyýetiniň Gündogar bölüminde eden ylmy çykyşynyň beýany gysgaldylan görnüşinde şol ýyl «Nowosti» gazetinde, Türküstan general-gubernatorynyň «Turkestanskiýe wedomosti» gazetinde çap edilýär. A.Komarowyň hasabatyndaky görkezilen taryhy ýadygärlikleri öwrenmek maksady bilen alymlaryň ýörite arheologik gözleg topary döredilýär.