HABARLAR

Hal­ka­ra ýa­ryş­yň me­dal­y

Türk­men päl­wa­ny Alp Ars­lan Be­gen­jow Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa şä­he­rin­de ta­mam­la­nan er­kin gö­reş bo­ýun­ça Çem­pi­on­la­ryň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ry­şyn­da 74 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Bäs­le­şi­ge 350 tö­we­re­gi tür­gen gat­naş­dy. 16 ýaş­ly il­de­şi­mi­ziň çy­kyş eden ag­ram de­re­je­sin­de al­tyn me­da­ly eý­ran­ly päl­wan Ali Ab­bas Re­za Eýa­guz­ge­leh, kü­müş me­da­ly tür­ki­ýe­li Me­te­han Ýap­rak eýe­le­di.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda «AFC Women’s day 2024» futbol festiwaly geçirildi. Aşgabatda guralan futbol festiwalynyň esasy maksady ýurdumyzda zenan futbolyny ösdürmekden hem-de ýaşajyk gyzjagazlary futbol bilen meşgullanmaga höweslendirmekden ybarat boldy.

Ta­lyp bäs­le­şik­le­ri

Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp gyz­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da XIII Uni­wer­sia­da­nyň çäk­le­rin­de 3x3 bas­ket­bol bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ril­di. «Türk­me­nis­tan – ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» ady bi­len ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de ne­ti­je­li oýun gör­ke­zen Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň to­pa­ry 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp gyz­la­ry çy­ky­şyny 2-nji orun bi­len ta­mam­la­nan bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň to­pa­ry (Gül­şat Pi­ri­ýe­wa, Mäh­ri­ban Mu­ra­do­wa, Bag­ty­gül Ama­no­wa, Gül­şi­rin Nu­ry­ýe­wa) 3-nji or­ny eýe­le­di.

Ýaş­lar spor­ty saý­la­ýar

Çem­pi­on­lar bel­li bol­dy

Türk­me­nis­ta­nyň küşt bo­ýun­ça çem­pio­na­ty­nyň ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň iki aý­law­da­ky du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. Di­ýa­ry­my­zyň iň güýç­li küşt­çü­le­ri aý­ra­tyn­lyk­da bäs­leş­di­ler. Er­kek­le­riň ara­syn­da Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň dü­zü­min­de ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän Al­la­ýar Şir­li­ýew müm­kin bo­lan 14 utuk­dan 11,5 utuk top­lap, ýe­ňiş ga­zan­dy. Paý­tagt­ly Aman­mu­ham­met Hom­ma­dow 2-nji, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by We­pa­ly Ha­ly­ny­ýa­zow 3-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler. Gyz­la­ryň ara­syn­da 12 utuk top­la­ma­gy ba­şa­ran Mer­ýem Aga­ja­no­wa 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Dä­new et­ra­byn­dan mek­dep okuw­çy­sy La­la Şöh­ra­do­wa 11 utuk bi­len 2-nji or­ny eýe­le­di, onuň do­ga­ny Leý­la öň­dä­ki üç­lü­gi jem­le­di.

Sport mekdeplerinde

Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da­ky eda­ra-kär­ha­na­lar­da iş­le­ýän aýal-gyz­la­ryň ara­syn­da wo­leý­bol bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş çe­ke­le­şik­li hem-de gy­zyk­ly hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Ze­nan­la­ryň sport çä­re­le­ri­ne hem iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rü­len ýa­ry­şyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça et­rap bi­lim bö­lü­mi­niň 1-nji to­pa­ry 1-nji, 2-nji to­pa­ry 2-nji orun­la­ra my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­dy­lar. Et­rap be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi­niň wo­leý­bol­çy­la­ry 3-nji or­ny eýe­le­di­ler. Ýa­ryş­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­län to­par­la­ra TMÝG-niň et­rap ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

Gel­je­gi nu­ra­na ne­sil

Sport — sagdynlygyň girewi

Sportuň görnüşleri bedene edýän täsiri bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, ýeňil atletikany, ýagny, ylgamagy alyp göreliň. Munuň bilen meşgullanylanda, bedeni haýal ylgaw bilen çalt ýöremegi gezekleşdirmek arkaly öwrenişdirmeli. Çünki birden gaty ylgamak daljykdyryp, dem alşy kadadan çykarýar. Her bir ylgawy 1 minut artdyrmak bilen, 10–15 minut ylgamaly. Gan aýlanyşygynyň kadalaşmagyna, nerw dartgynlylygynyň öňüniň alynmagyna, immunitetiň berkemegine, boýuň ösmegine ylgamagyň ýetirýän täsiri uludyr. Welosiped sürlende, beden süňkleriniň 206-sy, myşsalaryň 600-e golaýy işjeň herekete gelýär. Ol ýürek-damar, dem alyş ulgamyny we aýak myşsalaryny berkidýär. Welosipedi ilki bilen haýal tizlikde sürüp, soňra kem-kemden tizligi artdyrmaly. Ir säher we agşamara welosiped sürmek has-da peýdalydyr.

Bedenterbiýe we sport

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da eziz Di­ýa­ry­myz sag­dyn­ly­gyň we ösen spor­tuň ýur­dy hök­mün­de ta­nal­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len sport top­lum­la­ryn­da il­deş­le­ri­miz spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Bu gün jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ryn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­giň hem-de sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin dü­şün­di­ril­ýär. Şeý­le du­şu­şyk­lar ýaş nes­liň be­den we ru­hy taý­dan kä­mil yn­san­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne ýar­dam ed­ýär. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, ýaş­la­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ös­dü­ril­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň sport ýur­dy hökmündäki abraýynyň artmagy ug­run­da uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Göreş sungaty – kämil mekdep

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyz beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemekde göreşe aýratyn ähmiýet beripdirler. Şeýlelikde, toý-baýramlarda göreş tutýan ussat pälwanlary ýetişdirmegiň özboluşly milli göreş mekdebi kemala getirilipdir. Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen milli göreşini çyn ýürekden söýen halkymyz ony asyrlarboýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiripdir» diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň şu aýdanlaryndanam görnüşi ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýedir sport bilen meşgullanmak ata-babalarymyzdan bäri nusga bolup gelýän ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ajaýyp zamanamyzda türkmen milli göreşi sportuň dünýä belli görnüşleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda türkmen milli göreşi boýunça halkara ýaryşlaryň yzygiderli guralmagy, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna türkmen milli göreşiniň hem girizilmegi muny kemsiz subut edýär. Türkmen pälwanlarynyň halkara derejede guralýan şeýle ýaryşlarda, aýratyn-da, geçen ýylyň noýabrynda gözel paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempion