0,005 sekunt öňürti geldi
Jemi 48 altyn medalyň gowşuryljak sport ugry ýeňil atletikada ilkinji 7 günde 25 görnüşiň ýeňijileri belli boldy. Erkekleriň arasynda 100 metr ylgawda amerikaly Noa Laýlz ýeňiji bolup, altyn medal 20 ýyldan soň ABŞ-ly türgenlere gaýdyp geldi. 0,005 sekuntlyk aratapawut bilen 2-nji ýeri eýelän ýamaýkaly Kişane Tompson kümüş, başga bir amerikaly Fred Kerli bürünç medala mynasyp boldy. 400 metr ylgawda-da amerikaly Kuinsi Holl altyn, britaniýaly Mattýuw Hadson-Smit kümüş, zambiýaly Muzala Samukongo bürünç medaly eýeledi. 1500 metr ylgawda garaşylmadyk ýagdaýda amerikaly Koul Hoker Olimpiýa rekordyny täzeläp, altyn medala mynasyp boldy (3:27,65 minut). Britaniýaly Joş Kerr kümüş, amerikaly Ýared Nuguse bürünç medal aldy. Soňky çempion, rekordyň ozalky eýesi Ýakob Ingebrigtsen 4-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. 10000 metr ylgawda ugandaly Joşua Çeptegei 26 minut 43,14 sekuntda ýaryşy tamamlap, Olimpiýa rekordyny goýdy we altyn medaly gazandy. Päsgelçi