HABARLAR

Türkmen sportunyň şöhraty

Günsaýyn özgerýän we kuwwatlanýan berkarar Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde dünýäde sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegine uly ähmiýet berýär. Muny halkara derejesinde bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmäge, onuň hatarlaryna dürli ýaşdaky adamlary çekmäge gönükdirilen çäreler hem aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Soňky sanlyja ýyllaryň içinde eziz Diýarymyzda häzirki zaman stadionlary, sport toplumlary we mekdepleri, beýleki köp sanly sport desgalary gurlup, ulanmaga berildi. Ak mermerli paýtagtymyzda bolsa, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi guruldy. Sport, ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň onlarçasyny hem-de üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýan Olimpiýa şäherçesi 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň merkezine öwrüldi. Şonda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenler, sport žurnalistleridir hünärmenleri, beýleki myhmanlar Olimpiýa şäherçesiniň giň mümkinçiliklerine haýran galdylar. Mundan başga-da, bu şäherçede halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlaryň başga-da birnäçesi geçirildi. Bu bolsa

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy

Saglygy başynyň täjine deňeýän halkymyzyň hiç haçan gadyr-gymmatyny ýitirmedik ýol-ýörelgesiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlyklara beslenýändiginiň şaýady bolmak buýsanjymyzy artdyrýar. Munuň şeýle bolmagynyň gözbaşynda «Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. ªoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirýäris» diýmek bilen, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýedir sportuň halkymyzyň gündelik durmuş kadasyna öwrülmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň durýandygy guwandyryjy hakykatdyr. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň baş saglygyny gorap saklamaga, bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlanýandygy, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge, türgenleşikleri ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berýän sport desgalarynyň hatarynyň artýandygy ýurdumyzda geljekde-de bu ugurda üstünlikleriň gazanyljakdygyny görkezýär.

Gadamy batly bedewler

Düýn, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygynyň şanyna bezenip-beslenen elwan ýazyň toýly güni Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda nobatdaky at çapyşygy geçirildi. Welaýat merkeziniň etegindäki gözel künjege görk berip oturan döwrebap atçylyk toplumynda geçirilen ýazky at çapyşygy bäş tapgyrdan ybarat bolup, oňa üç, dört we ulyýaşar atlaryň 50-si gatnaşdy. Daşoguzyň döwlet athanasyna, welaýatyň edara-kärhanalaryna hem-de hususy hojalyklara degişli atlaryň ählisi-de aýlawda özleriniň ýyndamlyklaryny görkezdiler. Pellehana ilkinji gelen behişdi bedewlere serpaýlar ýapylyp, ezber çapyksuwarlara sylaglar gowşuryldy. Tebigy gözellige, egsilmez şatlyk-şowhuna beslenen at çapyşygy köp sanly tomaşaçylar üçin ýatda galyjy pursatlara baý boldy.

Atçylyk we atly sportuň hukuk esaslary

Döwletimizde atçylygy we atly sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döretmek bilen bir hatarda, onuň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga degişli kanunlar kabul edilýär. Ýurdumyzda 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny atçylyk sportunyň kanunçylyk binýadyny kepillendirýär. Bu Kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem atlar köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan ýagdaýlary düzgünleşdirýär. Şu ýylyň 13-nji martynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Türkmen sporty jahana ýaň salýar

Parahatçylygy we ynanyşmagy, belent maksatly ösüşleri üpjün etmekde ajaýyp işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmeklige, ýokary derejeli Halkara sport çäreleriniň geçirilmegine giň gerim berilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny munuň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar. Ýurdumyzyň sport diplomatiýasy uly ösüşlere beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyzda Welotrek boýunça dünýä çempionaty we tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň saýlama tapgyry geçiriler. Geljek ýylda bolsa ýurdumyzda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Üstünliklere beslenýän ýylymyzyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesine baryp, geçirilmegi bellenilen iri halkara ýaryşlaryna görülýän taýýarlyk işleri we türgenleşi

Sport

Kämillik ugrunda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda sportuň ýurt derejesinde ösüp, ýaş nesliň sporta bolan höwesiniň artýandygynyň şaýady bolýarys. Ösüşiň aýdyň ýoluna düşen gözel Diýarymyzda sport we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak boýunça alnyp barylýan işler öz miwesini berýär. Bu günki gün biz — ýaşlaryň saglygymyzy berkitmegimiz we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagymyz üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi türgenlerimiziň öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa ornaşdyrmagyna ýardam edýär.

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ MÖHÜM ŞERTI

Bedenterbiýe we sport Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Watanymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurduna öwren hormatly Prezidentimiziň: «Men adam hakyndaky aladalary bedenterbiýe we sport babatda döredilen esasy şertleriň, şolar esasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegi bilen bitewülikde görýärin» diýen sözleri hem munuň aýdyň tassyklanmasydyr. Mähriban Arkadagymyzyň döwet-galamyndan dörän «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly gymmatly kitaplaryň her birinde hem ynsanyň baş baýlygy bolan saglygy goramakda sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýetiniň örän ýokarydygy nygtalyp geçilýär. Müdirligimiziň işgärleriniň arasynda geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde şular dogrusynda giňişleýin söhbet edilýär. Zyýanly endiklerden daşda durmak, sport bilen meşgullanmak ündelýär. Şol çärelerde edilýän çykyşlaryň özenini döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleriniň düzýändigini nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Sport — ruhubelentligiň gözbaşy

Ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Raýatlaryň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Esasan hem, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary, saýlap alan sport görnüşi boýunça kämilleşmekleri üçin ähli oňaýly şertler döredilýär. Şol maksat bilen, dynç güni Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň bilim ministrliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişi guraldy. «Bedenterbiýe we sportda Arkadagyň ýoly bilen!» ady bilen geçirilen çäräniň sport bäsleşikleri bilen utgaşmagy bolsa ýaşlaryň ruhubelentlik duýgusyny artdyrdy. Olaryň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Sport syýasatynyň gadamlary

Üstünligiň gözbaşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň öňe süren sport syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çar künjeginde hereket edýän döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sany artýar.