HABARLAR

«Bagtyýarlykda» geçen bäsleşik

Golaýda paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda küşt meselelerini çözmek boýunça bäsleşik geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna hem-de Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bäsleşikde ýaş küştçüleriň 70-den gowragy dürli görnüşli küşt göçümleriniň üsti bilen meseleleri çözmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça, oglanlaryň arasynda Muhammetaly Merdanow, Baýram Hommadow, Artýom Kolosow öňdeligi eýelediler. Gyzlaryň arasynda Mariýa Weşýolkina 1-nji, Mährijemal Gurbanmyradowa 2-nji, Tumar Allaberdiýewa 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere «Bagtyýarlyk» sport toplumy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Nesil saglygy ― milletiň sagdynlygy

Ynsany ynsana, goňşyny goňşa, döwleti döwlete ýakynlaşdyrýan sport parahatçylygyň ilçisi diýlip bireýýam ykrar edilendir. Ýaşlaryň sporty köpçülikleýin saýlap almaklarynyň özi hem guwandyryjy hakykatdyr. Sportuň haýsy görnüşini alanyňda hem türgenleriň, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimizden görelde alýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Milli Liderimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki, ony kämilleşdirmekdäki şahsy göreldesi ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli, gujurly, ruhubelent, päk ahlakly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklerine itergi berýär. Biz hem işjeň agzalarymyz hem-de etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda ýetginjekleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary yzygiderli geçirmäge uly ähmiýet berýäris. Ýakynda şeýle sport ýaryşlarynyň birnäçesini geçirdik. Oňa etrabymyzyň Seýdi, Dänew şäherlerindäki we Garaşsyzlyk şäherçesindäki sport mekdeplerine gatnaýan türgenler gatnaşdylar. Dzýu-do, sambo, agyr atletika, futbol we el pökgüsi boýunça geçirilen bu sport ýaryşlarynda ýaşlar öz aralarynda güýç synanyşyp, ukyp-başarnyklaryny aýdyňlyk bilen açyp görkezdiler. Üstünlikli çykyş eden türgenler etrap geňeşimiz tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik

Päl­wan gy­zyň üs­tün­lik­le­ri

Ýaş tür­gen, Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ag­za­sy, Türk­me­na­bat şä­he­ri­ndäki 10-njy sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na özü­niň aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri bi­len sow­gat­ly bar­ýar. Ol ýa­kyn­da Bü­tin­dün­ýä Mil­li sport oýun­la­ry­nyň 4-nji mas­la­ha­tyn­da ýö­ri­te baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de tür­gen­le­re «Mil­li sport baý­rak­la­ry» at­ly baý­rak­la­ryň top­lu­my hem gow­şu­ryl­dy. Türkiýäniň Trab­zon şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä mil­li sport oýun­la­ry kon­fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyň çä­gin­de 55 döw­le­tiň saý­la­ma tür­gen­le­ri­niň dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da, Azi­ýa oýun­la­ryn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne, de­re­je­si­ne gö­rä ba­ha be­ril­di. Ola­ryň ara­syn­da türk­men mil­li gö­re­şi, ku­raş, alyş gö­re­şi, gu­şak­ly gö­re­şiň nus­ga­wy gör­nü­şi bo­ýun­ça ök­de tür­gen Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa­nyň hem ady­nyň tu­tul­ma­gy buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa 1997-nji ýyl­da Türk­me­na­ba

Ýazky at çapyşyk möwsümi tamamlandy

Ýatda galyjy dabara Geçen dynç güni Mary atçylyk sport toplumy baýramçylyk toý dabarasynyň geçýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Sport — saglygyň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýatynyň, esasan-da, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagynda tutumly işler alnyp barylýar. Etrabymyza Arkadag Prezidentimiziň adyndan sowgat berlen täze sport mekdebinde hem sportuň dürli görnüşleri boýunça geçilýän türgenleşikler, döwrebap sport enjamlarynyň hereketde bolmagy tälimçileriň türgenlere uly höwes bilen yhlas etmeklerine ýol açýar. Sport we ýaşlar syýasaty bölümimiziň tälimçileri ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolup, ýetişmeklerini, olaryň ýaşlykdan sagdyn durmuş ýörelgelerini özleriniň ýaşaýyş kadalaryna öwürmeklerini gazanýarlar. Hut şeýle bolansoň, hem türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz ussatlyklaryny artdyrýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly köp işler alnyp barylýar. Yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilip, her bir türgeniň öz saglygyny gorap, ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly wezipelere goşant goşmagynyň şu günki günde jogapkärli iş bolup durýandygy düşündirilýär. Ýokanç kesellerden goranmak üçin, şahsy arassaçylygy berjaý etmelidigi barada lukmanlarymyz geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde yzygiderli maslahat berýärler. Arassaçylyk kadalaryny berk berjaý

Welosiped sporty

Berkarar Watanymyzda sport-sagaldyş hereketleriniň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösüşine uly üns gönükdirilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň bina edilmegi netijesinde ildeşlerimiziň arasynda sport bilen meşgullanýanlaryň sany günsaýyn artýar. Bu gün ýurdumyzda sportuň beýleki birnäçe görnüşi ýaly, welosiped sportunyň meşhurlygy hem ýokarlanýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de, döwlet Baştutanymyzyň özüniň welosiped sporty bilen ýakyndan meşgullanmagydyr we sportuň bu görnüşini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezmegidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmeginiň, şeýle-de paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde «Welosiped» binasynyň gurulmagynyň gözbaşynda hem welosiped sportuna örän uly ähmiýetiň berilýändigi bilen baglanyşykly hakykat durandyr. Şonuň bilen baglanyşykly, indi birnäçe ýyldan bäri Bütindünýä welosiped güni güneşli Diýarymyzda giňden bellenilýär we şol gün köpçülikleýin welosipedli ýörişlerdir gezelençler guralýar.

Ýüwrük aýlawda belli

Türkmen halysynyň baýramy bu ýyl Mary welaýatynyň bagtyýar raýatlary üçin goşa toý, goşa şatlyk bolup geldi. Şol gün Mary atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň ýazky möwsüminiň tamamlaýjy tapgyrynyň geçirilmegi welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň, köp sanly atşynaslaryň hem-de janköýerleriň toý şatlygyny has-da artdyrdy. Bu ýere gelen ildeşlerimizi, ilki, welaýatyň medeniýet, sungat, kitaphana we muzeý işgärleri, amaly-haşamdyr şekillendiriş sungatynyň ussatlary özleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlarydyr sergileri bilen garşyladylar.

Bilegi — zor, zehini — zer

Okamak, öwrenmek we döretmek üçin ajaýyp şertler döredilip berlen eziz Diýarymyzda ähli ugurlar babatynda ukyp-başarnyklaryny we zehinini açmagy başarýan ýaşlar özleriniň köptaraplylygy bilen tapawutlanýarlar. Sportda üstünlik gazanýan ýaş türgenleriň arasynda döredijilik ukyplylary hem az däl. Mekdeplerde hereket edýän dürli ugurly gurnaklar bolsa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Muhammetnur Annamuhammedow ýaly zehinli ýaşlaryň kämilleşmegi üçin goldaw merkezi bolup durýar. Ýedi ýyl bäri sportuň karate-do görnüşinden birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezmegi başaran Muhammetnuruň gazanýan üstünliklerinde onuň tälimçisi «Gara guşak» 1-nji danyň eýesi Amangeldi Bäşimowyň hyzmaty uludyr. Ýaş türgen 2015-nji ýylda welaýat derejesinde 12-13 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda 1-nji orny eýelemegi başardy. 2016-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň açyk çempionatynda «şahsy kata» boýunça 3-nji orna, şol ýylda ýene-de ýetginjekleriň arasynda welaýat derejesinde geçirilen şahsy tutluşykda 2-nji orna eýe boldy. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň açyk çempionatynda görkezen tehniki taýýarlygy, gowy emelleri we ýeňşe bolan erki üçin Kuboga mynasyp boldy. Ýokarda agzalan üstünlikli netijelerde

Küştçi doganlar

Garşydaşyň hüjümini öňünden bilmek, çalt we takyk pikirlenmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýän küşt oýnuna höwesleriniň bardygyny aňan ene-atasy perzentleriniň ýörite hünärmenlerden tälim almaklaryny makul bilýärler. Höweslendiriji ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup başlan doganlar sportuň bu görnüşi bilen içgin gyzyklanyp, türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaýarlar. Ussat tälimçi Aýnur Isaýewadan bu oýnuň inçe usullaryny öwrenip başlaýarlar. Doganlar öýlerine gelenlerinde-de küşt göçümleri barada pikir alşyp, bilýänlerini bir-birine öwredýärler. Şeýdip, başarjaňlyk basgançaklaryny külterleýän doganlar Perwana, Nurana we Ybraýym Serdarowlar dürli ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Arzyly ýaryşyň ýeňijisi

Hepdäniň çarşenbe güni Polşanyň Gdansk şäherinde abraýly futbol ýaryşlarynyň biri bolan Ýewropa Ligasynyň final oýny geçirildi. Aýgytlaýjy ýaryşda Ispaniýanyň «Wilýarreal» topary bilen Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» topary duşuşdy. Gyzykly hem çekeleşikli geçen duşuşykda ispanlaryň topary ilki bolup hasaby açdy. Oýnuň 29-njy minutynda Žerar Moreno tapawutlandy. Duşuşygyň 55-nji minutynda «Mançester Ýunaýted» toparynyň urugwaýly hüjümçisi Edinson Kawani hasaby deňlemegi başardy. Bu deň hasap duşuşygyň esasy wagtyna çenli saklanyp galdy. Goşmaça berlen wagtda hem hasap üýtgemänsoň, emin ýeňijini belli etmek üçin oýundan soňky jerime urgularyny yglan etdi.